Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Türkmen – Hytaý ykdysady gatnaşyklary täze sepgitlerde
    Türkmen – Hytaý ykdysady gatnaşyklary täze sepgitlerde surady
    03/12/2023

    1339

    Türkmen – Hytaý ykdysady gatnaşyklary täze sepgitlerde

    Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyna daýanýan, daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýän binýatlyk ýörelgelerden ugur alýar. Bu ýörelgeler ýurdumyzyň uzak möhletli milli bähbitlerini goramakdan, döwletimiziň dünýä bileleşigine has ysnyşykly goşulmagyny üpjün etmekden, ählumumy derejede ähmiýetli meseleleriň çözülmegine ýardam bermekden hem-de durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga goşant goşmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň daşary syýasaty iki ugurda, ýagny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk görnüşinde alnyp barylýar. Şundan ugur alyp, dünýäniň dürli ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde degişli işler geçirilýär. Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň ygtybarly we strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup, ikitaraplaýyn gatnaşyklar Garaşsyzlyk ýyllarynda anyk taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde belent sepgitlere çykdy.
    Hytaý Halk Respublikasy ýurdumyzyň iri söwda hyzmatdaşy bolup, nebitgaz ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda eýýäm birnäçe iri taslamalar amala aşyryldy.
    2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan – Hytaý strategik gaz geçirijisi ulanmaga berildi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi deňhukuklylyga, özara artykmaçlyklara düşünmäge, gaz geçirijiniň işe başlamagy bilen açylan geljegi we mümkinçilikleri giňden görmäge esaslanan hakyky hyzmatdaşlygyň nyşany boldy. Häzirki wagtda bu gaz geçiriji HHR-e türkmen mawy ýangyjynyň uzak möhletleýin esasda iberilmegini üpjün edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň gaz importynda ilkinji orny eýeleýär. Şeýle hem Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň täze şahamçasyny gurmak meýilleşdirilýär.
    Hytaý Halk Respublikasynyň işewürleri Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda pagta, ýod, brom, nebit önümlerini we beýleki harytlary satyn alýarlar. Ulag, logistika, aragatnaşyk, sanly tehnologiýa ulgamlarynda hem gatnaşyklar giňeldilýär. Şeýle-de ýurdumyz söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegi, hususan-da, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hem-de has ýakyndan hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň işi ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam berýär. Türkmenistan Hytaý bilen diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, köptaraplaýyn esasda – iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça «Merkezi Aziýa – Hytaý» görnüşinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.
    Ulag-üstaşyr geçelgeleri: bu ugurda Gazagystan—Türkmenistan—Eýran häzirki zaman demir ýoly Türkmenistanyň çägi arkaly Ýewropa ýurtlary üçin Baltika deňzindäki portlardan Pars aýlagynyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt we çig mal bazarlaryna, Hindi ummanynyň kenaryndaky döwletlere göni çykalgany açdy. Bu demir ýol indi diňe Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda däl, eýsem, Hytaý Halk Respublikasy Pars aýlygyna çykarýan ýüklerini 2016-njy ýyldan başlap häzirki wagta çenli «Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran» ugry boýunça dowamly otly ýük gatnawy amala aşyrýar. Bu demir ýolunyň umumy uzynlygy 10 müň kilometra golaý bolup, ony geçmek üçin gerek bolan wagt iki hepdä golaý boldy. Türkmenistan TRACECA taslamasyna hem işjeň gatnaşýar.
    2023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň netijeleri boýunça şu aşakdaky resminamalara:
    -Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň Teswirnamasyna;
    -Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
    -Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

    Aýmyrat MUHAMOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklar fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI