
29/03/2025
728
TÜRKMEN BITARAPLYGY — DÜNÝÄ NUSGALYK ÝÖRELGE
Gadymy pähimleri dünýä beren millet hökmünde halkymyz «Goňşyň rahat
bolsa, günüň parahat», «Bagtyňy paýlaş, artar!» diýen paýhasy umumadamzat
bähbitlerini aramak bilen durmuşa geçirýär. Bu paýhas türkmen Bitaraplygynyň
hem özenini düzýär. Bitaraplyk — türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş
eýlän mukaddeslik, türkmen üçin ömrüniň aýdymyna, bagtly gelejege gönezlik
boljak her bir günleriň öýdümine deňelýän gymmatlyk, türkmeniň Watan içre
Watany hasaplaýan, halkymyzy müdimilik juwan eýlän baýlyk, agzybirligiň
nyşany. Şoňa görä-de, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň toýly
günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy
sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul
edilendigi baradaky hoş habar berkarar döwletimiziň at-owazasyny ýene bir gezek
belende göterdi.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde «Bitarap — hiç tarapa
goşulmaýan» we «Bitaraplyk — bitarap syýasaty ýöretmeklik, hiç bir tarapa
goşulmazlyk, gatyşmazlyk» diýlip düşündiriş berilýär. Bitarap döwlet hökmünde
Türkmenistan şu ýörelgelerden ugur alyp, diňe bir öz ýurdumyzda asudalygyň hem
parahatçylygyň dabaralanmagyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, şonuň
bilen birlikde, öz ýerleşýän sebitinde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygyň,
syýasy durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar.
Hemişelik Bitaraplyk ýörelgämiz şanly taryhymyzyň dürli döwürlerinde
şöhratly pederlerimiz tarapyndan dünýä ýaýylyp gelindi. Mälim bolşy ýaly, Oguz
han atamyzyň hökmürowanlygy, yklymlara ýeten döwri güýç bilen däl-de, akyl-
paýhas, ynsanperwerlik, mahlasy, türkmen taglymaty bilen dünýä aralaşypdyr.
Ynsanperwerlige, adyllyga ýugrulan ýörelgeler nesilden-nesle geçip, taryhyň ähli
döwürlerinde güýjüni ýitirmän gelipdir. Munuň şeýledigine dünýäniň ýüzünde
dörän ýetmişden gowrak türkmen döwletleriniň alyp baran içerki we daşarky
syýasy diplomatiýasy güwä geçýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 46-njy mejlisinde Milletler Bileleşiginiň doly hukukly
agzalygyna saýlanmak bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly
ösüşi üpjün etmek boýunça bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşdyr. 1995-nji ýylyň
12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygy hakyndaky ilkinji Kararnamanyň kabul edilen döwründen
bäri Türkmenistan sebit we ählumumy derejede öňüni alyş diplomatiýasyny
durmuşa geçirmegiň esasy guraly hökmünde Bitaraplygyň netijelidigini yzygiderli
görkezip gelýär. Şunda 2007-nji ýylda sebitiň ähli döwletleriniň goldamagynda
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy
boýunça sebit merkeziniň döredilmegi aýratyn bellärliklidir.
Bitaraplygyň türkmen nusgasy hakda durup geçmek bilen, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň 193 döwletiň goldamagynda ikinji
gezek kabul edilendigini buýsançly nygtamalydyrys. 2017-nji ýylda bolsa
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan etdi.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji
ýylymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda
hemişelik Bitaraplyk derejämiziň üçünji gezek degişli Kararnama esasynda ykrar
edilmegi ata Watanymyzyň halkara abraýyny ýene bir mertebe belende göterdi.
Milletler Bileleşiginiň belent münberinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly resminamanyň üçünji gezek
biragyzdan kabul edilmegi dünýä bileleşiginiň halkara parahatçylygy we
ynanyşmagy goramagyň zerurdygyny tassyklap, bu maksada ýetmek üçin
tagallalary birleşdirmäge çalyşýandygyny aýdyň görkezýär. Kararnamanyň şeýle
giň goldawa eýe bolmagy Bitarap Türkmenistanyň strategik maksatlarynyň
umumy bähbitlere we meýillere laýyk gelýändiginiň, ýurdumyzyň BMG-niň
Tertipnamasyna, ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna esaslanýan döwletara
hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygynyň ýene-de bir güwäsi boldy. Ýeri gelende
bellesek, täze Kararnama BMG-niň «Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy
goramak» gün tertibiniň 61-nji bendine laýyklykda kabul edildi. Bu şöhratly waka
Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ähmiýetini ýene bir gezek dabaralandyryp,
türkmen diplomatiýasynyň ajaýyp ýeňşi hökmünde taryha altyn harplar bilen
möhürlener.
Görnüşi ýaly, bu şöhratly wakalar hormatly Prezidentimiziň:
«Türkmenistanyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy
başlangyjyna yzygiderli eýermeli we ony tutanýerli öňe sürmeli. Wagt munuň
dogrudygyny we esaslydygyny görkezdi» diýen parasatly sözleriniň iş ýüzünde
amala aşyrylýandygynyň, şol sanda milli diplomatiýamyzyň baş maksatlarynyň
halkara derejede ykrar edilýändiginiň hem aýdyň beýanydyr.
Her ýyl bolşy ýaly, 2025-nji ýylymyzda hem halkara derejede iri möçberli
taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigini ynamly aýdyp bolar. Türkmenistanyň
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri
tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň taýýarlanmagy şeýle diýmegimize anyk esas
berýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň
şanly 30 ýyllygyny döwletli tutumlar, beýik işler bilen dabaralandyrýan Milli
Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent
başlary aman bolsun!
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary
institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.