
29/03/2025
729
TÜRKMEN BITARAPLYGY — DÜNÝÄ NUSGALYK ÝÖRELGE
Gadymy pähimleri dünýä beren millet hökmünde halkymyz «Goňşyň rahat bolsa, günüň parahat», «Bagtyňy paýlaş, artar!» diýen paýhasy umumadamzat bähbitlerini aramak bilen durmuşa geçirýär. Bu paýhas türkmen Bitaraplygynyň hem özenini düzýär. Bitaraplyk — türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik, türkmen üçin ömrüniň aýdymyna, bagtly gelejege gönezlik boljak her bir günleriň öýdümine deňelýän gymmatlyk, türkmeniň Watan içre Watany hasaplaýan, halkymyzy müdimilik juwan eýlän baýlyk, agzybirligiň nyşany. Şoňa görä-de, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň toýly günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habar berkarar döwletimiziň at-owazasyny ýene bir gezek belende göterdi.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde «Bitarap — hiç tarapa goşulmaýan» we «Bitaraplyk — bitarap syýasaty ýöretmeklik, hiç bir tarapa goşulmazlyk, gatyşmazlyk» diýlip düşündiriş berilýär. Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan şu ýörelgelerden ugur alyp, diňe bir öz ýurdumyzda asudalygyň hem parahatçylygyň dabaralanmagyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, şonuň bilen birlikde, öz ýerleşýän sebitinde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygyň, syýasy durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar.
Hemişelik Bitaraplyk ýörelgämiz şanly taryhymyzyň dürli döwürlerinde şöhratly pederlerimiz tarapyndan dünýä ýaýylyp gelindi. Mälim bolşy ýaly, Oguz han atamyzyň hökmürowanlygy, yklymlara ýeten döwri güýç bilen däl-de, akyl- paýhas, ynsanperwerlik, mahlasy, türkmen taglymaty bilen dünýä aralaşypdyr. Ynsanperwerlige, adyllyga ýugrulan ýörelgeler nesilden-nesle geçip, taryhyň ähli döwürlerinde güýjüni ýitirmän gelipdir. Munuň şeýledigine dünýäniň ýüzünde dörän ýetmişden gowrak türkmen döwletleriniň alyp baran içerki we daşarky syýasy diplomatiýasy güwä geçýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy mejlisinde Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzalygyna saýlanmak bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşdyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky ilkinji Kararnamanyň kabul edilen döwründen bäri Türkmenistan sebit we ählumumy derejede öňüni alyş diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy guraly hökmünde Bitaraplygyň netijelidigini yzygiderli görkezip gelýär. Şunda 2007-nji ýylda sebitiň ähli döwletleriniň goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi aýratyn bellärliklidir.
Bitaraplygyň türkmen nusgasy hakda durup geçmek bilen, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek kabul edilendigini buýsançly nygtamalydyrys. 2017-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan etdi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk derejämiziň üçünji gezek degişli Kararnama esasynda ykrar edilmegi ata Watanymyzyň halkara abraýyny ýene bir mertebe belende göterdi.
Milletler Bileleşiginiň belent münberinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly resminamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi dünýä bileleşiginiň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy goramagyň zerurdygyny tassyklap, bu maksada ýetmek üçin tagallalary birleşdirmäge çalyşýandygyny aýdyň görkezýär. Kararnamanyň şeýle giň goldawa eýe bolmagy Bitarap Türkmenistanyň strategik maksatlarynyň umumy bähbitlere we meýillere laýyk gelýändiginiň, ýurdumyzyň BMG-niň Tertipnamasyna, ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygynyň ýene-de bir güwäsi boldy. Ýeri gelende bellesek, täze Kararnama BMG-niň «Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy goramak» gün tertibiniň 61-nji bendine laýyklykda kabul edildi. Bu şöhratly waka Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ähmiýetini ýene bir gezek dabaralandyryp, türkmen diplomatiýasynyň ajaýyp ýeňşi hökmünde taryha altyn harplar bilen möhürlener.
Görnüşi ýaly, bu şöhratly wakalar hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistanyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjyna yzygiderli eýermeli we ony tutanýerli öňe sürmeli. Wagt munuň dogrudygyny we esaslydygyny görkezdi» diýen parasatly sözleriniň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň, şol sanda milli diplomatiýamyzyň baş maksatlarynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň hem aýdyň beýanydyr.
Her ýyl bolşy ýaly, 2025-nji ýylymyzda hem halkara derejede iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigini ynamly aýdyp bolar. Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň taýýarlanmagy şeýle diýmegimize anyk esas berýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny döwletli tutumlar, beýik işler bilen dabaralandyrýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.