Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Türkmen-Amerikan gatnaşyklarynyň belent tapgyry
    Türkmen-Amerikan gatnaşyklarynyň belent tapgyry surady
    30/11/-0001

    665

    Türkmen-Amerikan gatnaşyklarynyň belent tapgyry

    1992-nji ýylyň aprel aýynyň 10-na Amerikanyň Bireleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gataşyklary ýola goýuldy. Şu ýyl hem diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulanyna 30 ýyl boldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary daşary syýasatynda Merkezi Aziýada Garaşsyz Bitarap Türkmenistana aýratyn üns berýär.
    Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçihanasy 1994-nji ýylda Waşington şäherinde açyldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihansy bolsa 1992-nji ýylyň 17-nji martynda açyldy. 2009-njy ýyldan bäri “Türkmenistan-ABŞ” işewür geňeşiniň mejlisleri, 2010-njy ýyldan bäri türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri yzygider geçirilip gelinýär. Ýangyç-energetika toplumy, dokma senagaty, oba hojalygy, aragatnaşyk we telekommunikasiýa, ylym-bilim ulgamy iki ýurduň hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlar hasaplanylýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmensitan bilen söwda gatnaşyklaryny hem giňeldýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistandan esasan, dokma senagat önümlerini satyn alýar. Iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine Ýewropa we Ýewraziýa ýurtlary bilen söwda we ösüş baradaky Amerikanyň Birleşen Ştatlarynynyň agentligine (USTDA) uly orun degişlidir.
    Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk has hem giňeýär. Gahryman Arkadagymyzyň 2007-nji ýylda Nýu-Ýorkda sapary mahalynda ABŞ-nyň meşhur Kolumbiýa uniwersitetinde çykyş edip, bu ugurda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny aýdyňlaşdyrypdy. Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň has-da ýygjamlaşmagynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkara ösüşi boýunça agentliginiň (USAID) mynasyp paýy bar. 1961-nji ýylda döredilen bu agentlik dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda işleýär. Türkmenistanda 1993-nji ýyldan bäri hereket edýän bu agentlik bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ykdysady ösüş, bilim, saglygy goraýyş, kanunçylyk-hukuk, durmuş ulgamlarynda bilelikdäki taslamalaryň tutuş tapgyry amala aşyryldy.
    Türkmenistan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen ylmy hyzmatdaşlygy hem alyp barýar. Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň binýadynda ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň “Ykdysady reformalar arkaly bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrmak boýunça taslamanyň goldawynda” atly okuwlar geçirilýär.
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň gatnaşklarynda hil taýdan täze döwür başlandy.

    Beggeldi GUTLYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministirliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI