
18/03/2025
113
TSTB-niň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli halkara forum we sergi öz işine başlady
Türkmenistan döwletimizde ýurt Garaşsyzlygynyň ilkinji
ýyllarynda, hususy eýeçiligi ösdürmegiň düýbi tutulyp başlandy. Munuň
üçin, ilki bilen eýeçiligiň hukuk binýady işlenip düzüldi we degişli
guramaçylyk düzümleri döredildi. Şol bir wagtyň özünde-de, ýurduň milli
ykdysadyýetinde, ýangyç-energerika toplumynyň we önümçilik
infrastrukturasynyň uly orun tutýandygyny nazara alyp, döwletimizde
hususylaşdyrmak işleri tapgyrlaýyn amala aşyryldy. Telekeçiligiň kiçi we
orta görnüşleri halkyň sarp edýän harytlaryny, azyk önümlerini
öndürmekde, söwdada we hyzmat ediş ulgamynda giň gerimde ösdürildi.
2025-nji ýylyň 17-nji martynda paýtagymyzda ýerleşýän Söwda-
senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de
«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum dabaraly
ýagdaýda öz işine başlady. Sergide Türkmenistanyň oba senagat
toplumynda, senagat ulgamynda, himiýa önümçiliginde, söwda hem-de
hyzmatlar pudagynda, milli senetçilikde, haly önümçiliginde iş alyp barýan
kärhanalaryň önümleri görkezilýär.
Serginiň we maslahatyň açylyş dabarasy aýdym-sazly medeni
çykyşlara beslendi. Onuň barşynda Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň
senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň hem-de birleşmäniň
agzalarynyň maslahatynyň öz işine başlamagy mynasybetli Gutlag haty
okaldy.
Ýeri gelende bellesek, TSTB-niň döredilmeginiň 17 ýyllygy
mynasybetli sergi bilen ugurdaşlykda «Türkmenistanyň geljegine maýa
goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara
forum hem geçirilmegine garaşylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
ýurdumyzda hususy eýeçilige daýanyp ösýän edara görnüşli taraplaryň
müňlerçesi, şahsy taraplaryň on müňlerçesi işleýär. Türkmenistanyň
Mejlisi we Hökümeti tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi durnukly we
ýokary depginler bilen ösdürmegiň kanunçylyk esaslary hem-de
höweslendirmegiň mehanizmi işlenilip düzüldi. Bu bolsa öz gezeginde,
ýurdumyzda ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösdürmegiň wajyp
düzüm bölegi hökmümde, hususy telekeçiligiň ykrar edilmegine getirdi.
Milli ykdysadyýetimiziň geljekki ösüşinde telekeçileriň işi uly orun
tutýar. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykmakda, halkymyzyň
mynasyp ýaşamagyny gazanmak üçin döwletli işleri durmuşa geçirýän
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary
sag, belent başlary aman bolsun!
Eziz MÄTIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň I ýyl talyby.