
18/03/2025
106
TSTB-niň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli halkara forum we sergi öz işine başlady
Türkmenistan döwletimizde ýurt Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda, hususy eýeçiligi ösdürmegiň düýbi tutulyp başlandy. Munuň üçin, ilki bilen eýeçiligiň hukuk binýady işlenip düzüldi we degişli guramaçylyk düzümleri döredildi. Şol bir wagtyň özünde-de, ýurduň milli ykdysadyýetinde, ýangyç-energerika toplumynyň we önümçilik infrastrukturasynyň uly orun tutýandygyny nazara alyp, döwletimizde hususylaşdyrmak işleri tapgyrlaýyn amala aşyryldy. Telekeçiligiň kiçi we orta görnüşleri halkyň sarp edýän harytlaryny, azyk önümlerini öndürmekde, söwdada we hyzmat ediş ulgamynda giň gerimde ösdürildi.
2025-nji ýylyň 17-nji martynda paýtagymyzda ýerleşýän Söwda- senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum dabaraly ýagdaýda öz işine başlady. Sergide Türkmenistanyň oba senagat toplumynda, senagat ulgamynda, himiýa önümçiliginde, söwda hem-de hyzmatlar pudagynda, milli senetçilikde, haly önümçiliginde iş alyp barýan kärhanalaryň önümleri görkezilýär.
Serginiň we maslahatyň açylyş dabarasy aýdym-sazly medeni çykyşlara beslendi. Onuň barşynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň öz işine başlamagy mynasybetli Gutlag haty okaldy.
Ýeri gelende bellesek, TSTB-niň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi bilen ugurdaşlykda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum hem geçirilmegine garaşylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hususy eýeçilige daýanyp ösýän edara görnüşli taraplaryň müňlerçesi, şahsy taraplaryň on müňlerçesi işleýär. Türkmenistanyň Mejlisi we Hökümeti tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi durnukly we ýokary depginler bilen ösdürmegiň kanunçylyk esaslary hem-de höweslendirmegiň mehanizmi işlenilip düzüldi. Bu bolsa öz gezeginde, ýurdumyzda ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösdürmegiň wajyp düzüm bölegi hökmümde, hususy telekeçiligiň ykrar edilmegine getirdi.
Milli ykdysadyýetimiziň geljekki ösüşinde telekeçileriň işi uly orun tutýar. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykmakda, halkymyzyň mynasyp ýaşamagyny gazanmak üçin döwletli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Eziz MÄTIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň I ýyl talyby.