23/12/2023
4347
Sylaglanyş dabarasy
2023-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Malaýziýa tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasy (Malayasian Technical Cooperation Programme -MTCP) boýunça geçirilen onlaýn okuwa gatnaşanlaryň sylaglanma dabarasy geçirildi. Dabara Malaýziýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymlary gatnaşdylar. Taraplar bir-birlerine hoşalyk sözlerini aýtdylar. Duşuşyk hoşniýetli ýagdaýda geçirildi. Bu bolsa Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen dostluk-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da berkedilýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr.
Selbi NAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler
23/02/2026
“Ynsan syrdaşy” atly çeper filmi görkezildi
23/02/2026
TALYBYMYZ TÜRKMENISTANYŇ ÇEMPIONY BOLDY
16/02/2026
Talybymyzyň üstünligi