Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi / T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (J-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (J-II) surady
    18/07/2023

    1298

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (J-II)

    Daýym-a käni-saha bolan Muhammet Mustapa,

    „Ymmatym” diýdi, eda bolan Muhammet Mustapa (Muhammet Mustapa).

    Jebir görmek – horlanmak, zulum, sütem edilmek, gynalmak.

    Magtymguly, jebir gören,

    Jebir bilen yrak ýören,

    Ýaradana sözün beren

    Ölinçä ony unutmaz (Gulagyn tutmaz).

    Jebir köýünde ýörmek – ser. Jebir görmek.

    Ýördüm jebir köýünde,

    Ýandym yşkyň öýünde,

    Galdy zemin teýinde,

    Daýym berilen pälim (Hindistanda hyýalym).

    Jebri-jepa çekmek – görgüde, sütemde, zorlukda, zulumda, azapda ýaşamak.

    Köp çekip men jebri-jepaň,

    Roýun görmemişem sapaň,

    Destin tutdum ajap turpaň,

    Nadan pelek, aman-aman (Aman-aman).

    Jebri-jepa görmek – ser. Jebri-jepa çekmek.

    Üstümizden duşman höküm sürendir,

    Mömin bary jebri-jepa görendir,

    Ogul-gyzy har öňüne berendir,

    Hemmeler ol jaýdan çykylsyn indi (Görülsin indi).

    Jepa bermek – görgi görkezmek, sütem, zulum etmek, azaba duçar etmek.

    Ne sebäpdir, düşdüm dile,

    Jepa berdim egri bile,

    Meniň deý guraýan çöle,

    Bahry-Jeýhun nazar salmaz (Nazar salmaz).

    Jepa çekmek – horluk görmek, agyr durmuşy başdan geçirmek.

    Gam çekip ahyrýet öýün gazanlar,

    Hakykaty, şerigaty düzenler,

    Jepa çekip Hak ýolunda gezenler,

    Säher turup tagatlaryn ir çeker (Ýar çeker).

    Jepa görmek – ser. Jebir görmek.

    Bagty gara patyşahy men, dilimi köwleme,

    Kaddy ham bolan, jepa görgen, özüm manendi-dal (Derýaýy-hal).

    Jiger daglamak – ezýet çekmek, ynjalykdan aýrylmak, gynanmak.

    Men Pyragy zar bilen, takatym ýok aglaram,

    Yşk ataşy möwç urupdyr, perwana – jiger daglaram... (Haýranydyr).

    Jiger dogramak – örän gynanmak, ýiti täsir etmek, agyr degmek.

    Diýdim jigerim dograýyp,

    Çoh sözleýip, galdym aryp,

    Görogly dek sen segreýip,

    Gyzyban, her dem gopmaz sen (Aşy tapmaz sen).

    Jiger-bagry gan bolmak – sütem edilip kösenen, bagry ýanan, zulum gören.

    Jiger-bagrym gan bolupdyr, gülgün dek,

    Ýakalarym ýüp kesipdir Zanun dek,

    Ezel günden ýaradalym Mejnun dek,

    Asa bilmez Mansur kimin dar bizi (Mar bizi).

    Jiger-bagry ýanmak – ser. Jiger-bagry gan bolmak.

    Soňun aňman, jiger-bagrym ýandyrdym,

    Özüm içmeý, yşk meýinden gandyrdym,

    Gözel ýarym, saňa salam gönderdim,

    Hak sylaýan remezan aýyndan (Çyka bilmez öýünden).

    Jiger-bagryny daglamak – ser. Jiger daglamak.

    Onda galan bende aglar,

    Otda jiger-bagryn daglar,

    Ejiz galyp ýanan çaglar,

    Üýni sema çykmak hakdyr (Bolmak hakdyr).

    Jigeri telwas urmak – galagop bolmak, ynjalmazlyk,  janyňa ýer tapmazlyk.

    Aklym gysga erdi, käsäm gaýnady,

    Jiger telwas urdy, göwün oýnady,

    Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy (Şirgazy).

    Jimli çykmak – aýyply, kemçilikli bolmak, haram.

    Haktagala, bu ne-niçik ahwaldyr, Dury diýp içdigim gumly çykypdyr.

    Ne ýeser, bihuda, şum-keç ykbaldyr,

    Halal diýp iýdigim jimli çykypdyr (Gumly çykypdyr).

    Jismini kebap etmek – gynamak, jebir bermek, azap çekdirmek.

    Ömrümiň galmady bir zerre şady,

    Hiç kimse eşitmez ahy-perýady,

    Jismim kebap etmiş aýralyk ody,

    Ýürekler gan bolup, gözde ýaş galdy (Daş galdy).

    Jort atmak – göwnüýetmezçilik etmek, äsgermezlik.

    Ýol üstünde ölsem, ýola atsalar,

    Razy men üstümden basyp ötseler,

    «Magtymguly» diýip adym tutsalar,

    Gören göz jort atar eşden gulaga (Berme pelege).

    Joş bermek – möwjemek, joşmak, joşguna düşmek, ruhlandyrmak.

    Wagt olar ki, bir ýel düşer serime, Hyýal hüjüm eýläp, joşy ýandyrar.

    Ýüregim joş berse, aklym jem bolar,

    Pikir basar, gaýgy huşy ýandyrar (Joşy ýandyrar).

    Joşa gelmek – 1. Möwjemek, daşmak. 2. Ylham gelmek, joşmak.

    Kysmatyn hak bilen ryzkyn azlamaz,

    Söz bilenler bilen sözün gizlemez,

    Köňül joşa gelmez, dil hem sözlemez,

    Her ýürekde yşkdan köz hem bolmasa (Duz hem bolmasa).

    Joşa ýetmek – möwjemek, daşmak.

    Bir gün ataň yşk etdi, Sulbundan joşa ýetdiň.

    Owwal suwduň, gan bolduň,

    Gandan soň läşe ýetdiň (Joşa ýetdiň).

    Jöwlan urmak – heläk bolmak, örtenmek, urunmak, kösenmek.

    Dergähiňden derman dileneý niçe,

    Uzyn ömrüm sagýyn sarp etdim hije,

    Ýük agyr, ýol yrak, garaňky gije,

    Jan hem jöwlan urar çykmaga tenden (Çykardym çenden).

    9*

    Juwanlyk ody ýanmak – ýaşlyk, jahyllyk, ýigitlik ýagdaýynda bolmak.

    Juwanlyk ody ýanar,

    Oglanlykdan nyrh döner,

    Her gün bir yşka müner,

    Ol ýigrimi ýaşynda (Many bilmez ýaşynda).

    Jür bolmak – hakyna kaýyl, tabşyrylan işi wagtynda ýerine ýetirýän, sak, hüşgär, işine, zadyna gaýym.  

    Ýüregim sabyrdan, gider karardan,

    Ýaman işdir buguz bolmak är ärden,

    Bizara gelip men beýle diýardan,

    Jür bolup men başym alyp gitmäge (Aý-günüňiz batmaga).

    Jyda düşmek – aýrylmak, aýra düşmek.

    Akylly az gürlär, gorkar dilinden,

    Namart aýyp gözlär dogan ilinden,

    Bilbil jyda düşse nowça gülünden,

    Gülün arzuw eýlär, asala gonmaz (Märekä barmaz).

    Jylawyndan tutmak – saklamak, duýduryş bermek, öňüni almak, öz ugruna goýbermezlik, tertibe salmak.

    Dört müň dört ýüz ýaşan Lukman hekimiň, Başy gara guma batdy, ýaranlar.

    Kerk bedewli, agyr gürzli Rüstemiň,

    Ajal jylawyndan tutdy, ýaranlar (Batdy, ýaranlar).

    Soňky täzelikler

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L) surady

    20/01/2024

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I)
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI