Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi / T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (I)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (I) surady
    17/07/2023

    1302

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (I)

    Iç bermek – aýtmasyz, gizlin syrlaryňy ynanmak, ýüregiňi açmak.

    Uzak ýola bidöwleti baş etme,

    Allanyň emrinden köňlüň daş etme,

    Akmaga iç berip, syryň paş etme,

    Galbirde suw durmaz gözemek bilen (Gezemek bilen).

    Iki ýüzli – ýalançy, ynanyp bolmajak, ynamdan gaçan.

    Eý-ä, dostlar, däli dünýä Ýagşy günlerim har kyldy.

    Iki ýüzli, loly dünýä,

    Şady-horramym zar kyldy (Har kyldy).

    Ile desterhan ýaýmak – adamlara haýyr etmek, aş-nan bermek, garynlaryny doýurmak, sahy, jomart bolmak.

    Mert ogludyr, ile ýaýar desterhan,

    Dogry söz üstünde berer şirin jan,

    Ömrüni ötgerip diýmesdir ýalan,

    Jäht eýläp, ýalan söz aýdyjy bolma (Gidiji bolma).

    Iş başa düşmek – kynçylyga, betbagtçylyga sezewar bolmak.

    Agalar, dünýäniň peýany bolmaz,

    Iş başa düşende, dogany gelmez.

    Märekede oýnap, hiç göwni galmaz,

    Arman bilen geçer saly ýekäniň (Ýekäniň).

    Iş bitirmek – tabşyrygy, işi üstünlikli ýerine ýetirmek, hötdesinden gelmek, amal etmek.

    Magtymguly oturdyň,

    Ömrüň gapyl ötürdiň,

    Hak çün ne iş bitirdiň,

    Eger ýüz ýaşa ýetdiň (Joşa ýetdiň).

    Işi boýnuna dakmak – ser. Boýnuna dakmak.

    Hakykat ýolundan habarly ärler,

    Bu sözüm eşitgeç, çyn gulak biýrler,

    On iki är bardyr, Rukaba diýrler,

    Onki işi boýnuna dakyp oturmyş (Çykyp otyrmyş).

    Işi ýol almak – edeniň ugruna bolmak, maksadyň amala aşmak, işiň şowly bolmak.

    Duçar bolup alym bile ýörene,

    Nesihat sözlere gulak berene,

    Uzyn boý, hoş sakal, ýüzi nurana,

    Şoňa duçar bolsaň, işiň ýol alar (Ýol alar).

    Işiň başyny tutmak – haýsydyr bir iş bilen meşgullanmak, bir işe güýmenmek, meşgul bolmak, gümra bolmak.

    Rüstem Zal ne işiň başyny tutdy, Gerdişe ser saldy, ol pelek utdy,

    Jan matasyn baryp topraga satdy,

    Yzynda ýygladan tagat dünýädir (Pisat dünýädir).

    Işiňi görmek – 1. Gamyny iýmek, aladasyny etmek, aladalanmak.

    2. Erbet ýagdaýa salmak, heläk etmek, zaýalamak.

    Çalyndykça, jahan çyrçygy artar, Haçan köňül karar tapar jem bolup?

    Ahyrýet işiň gör, mundan baş gutar,

    Dünýäni kim tutdy? – Öter güm bolup (Jem bolup).

    Işi rowaç tapmak – ser. Işi ýol almak.

    Işi rowaç tapar bet iş tutanyň,

    Dilegi duş gelmez Hak diýp ýatanyň,

    Ýer ýüzünde bolar güýç-güýç ýeteniň,

    Jahany zulm ile zor harap eýlär (Harap eýlär).

    Iýen aşyna degmezlik – eliňden iş gelmezlik, iş başarmazlyk, iýeniňi haklamazlyk, ödemezlik.

    Magtymguly, gerçe işim namazdyr,

    Köňlüm perişandyr, sähwim derazdyr,

    Ärler bar – müň tümen iýdirseň azdyr,

    Adam bardyr – iýen aşyna degmez (Düýşüne degmez).

    Iýen nanyna degmezlik – ser. Iýen aşyna degmezlik.

    Baýlar bardyr, garyplara rehm eýlär, Bardyr baýlar, dünýä malyna degmez.

    Gözel bardyr, dünýä malyn harç etseň,

    Bardyr gözel, iýen nanyna degmez (Malyna degmez).

     

    Soňky täzelikler

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L) surady

    20/01/2024

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I)
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI