Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi / T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (G-IV)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (G-IV) surady
    11/07/2023

    1213

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (G-IV)

    Gözden sypmak – ünsden düşürmek, alada, garaşyk etmezlik, görmezlik, üns bermezlik.

    Adamzat gözden sypynça,

    Ýatdan çykar gan kepinçä,

    Müňde bir rabat ýapynça,

    Hakdan dile, öwlat galsyn (Abat galsyn).

    Göze almak – pitiwa etmek, hasaba almak, diňlemek, ykrar etmek.

    Her kimse şerigat ýolun bilmese,

    Alymlaryň sözün göze almasa,

    Kyrk ýaşynda kişi toba kylmasa,

    Onuň işi hile, mekir, al olar (Elip kaddyň dal olar).

    Göze almazlyk – ser. Göze almak.

    Bäşinde begdir, bilmez,

    Dünýäni göze almaz,

    Zerre gaýgysy bolmaz,

    Gezer oýun daşynda (Many bilmez ýaşynda).

    Göze çöp atmak – aldamak, aldawa salmak, mekirlik etmek.

    Näzli ýar erkin ýatandyr,

    Oýarmaga gyýmaz gözüm.

    Gözlerime çöp atandyr,

    Laldyr dilim, çykmaz sözüm (Gyýmaz gözüm).

    Göze ilmek – görmek, göze kaklyşmak, görüp galmak.

    Azaşyp men baga girip, sataşyp men bir güle,

    Urdy bir zaryn owaz, owsun atyp men bilbile,

    Tirdim eý gül ýapragyn, gözüm ildi sünbüle... (Haýranydyr).

    Gözi dolmak – örän köp möçberde mal-mülk, baýlyk ýygnap, şondan köp islemezlik, boldum etmek. 

    Dünýä malyn tamam ýygyp, Karun gözi dolan ýokdy.

    Günde pent eýläbän, Musa,

    Gulagyna ilen ýokdy (Dolan ýokdy).

    Gözi doýmazlyk – nebsewür, açgöz bolmak, mährinden ganyp bilmezlik, kanagatlanmazlyk.

    Malyny küýseme berimsiz baýyň,

    Il gezdikçe, gözi doýmaz gedaýyň,

    7*

    Mömin bolsaň, kyl gullugyn Hudaýyň,

    Bäş wagt ýada sala-sala gider sen (Bola-bola gider sen).

    Gözi düşmezlik – görmezlik, gözüne ilmezlik.

    Dag başyndan gaçar daşy,

    Her kimiň bar öz syrdaşy,

    Kimse ýalňyz ― ýok gardaşy,

    Gözi düşmez bir dogana (Bu dahana).

    Gözi gyýmazlyk – dözmezlik, gaýgyrmak, aýamak.

    Bir pakyry bendi kylyp, maksat-myrada ýetilen,

    Gözüm gyýmaz diwanaýam, Meşrebiň dessanydyr (Haýranydyr).

    Gözi bagly – 1. Görmeýän, daş-töweregindäki zatlara akyl ýetirip bilmeýän. 2. Nadan, sowatsyz. 3. Ygtyýarsyz, erksiz.

    Adam ogly, gözüň bagly, Ne üçin sen jana geldiň?

    Ýortup jahany ulagly,

    Gol münüp, zemine geldiň (Jana geldiň).

    Gözi doýmak – başga islemezlik, doly kanagatlanmak.

    Diş dökülip, çonak bolar dyzlaryň,

    Ogul-gyza ýokmaz aýdan sözleriň,

    Dünýä höwesinden doýmaz gözleriň,

    Gözüň doýar aýyň-günüň batansoň (Ötensoň).

    Gözi dört olmak – 1. Öýli-işikli bolmak, öýlenmek. 2. Juda geň galmak, biçak haýran galmak. 

    Köňül berdim bir biwepa mahbuba, Çykdy elden, dagy jana dert oldy.

    Aşyk diýr: «Bakmanam indi ol huba»,

    Ýol üstünde duşdy, gözüm dört oldy (Dert oldy).

    Gözi ganmak – ser. Gözi doýmak.

    Pelegiň çarhynda golum syndyrdym,

    Gan içinde galyp, gözüm gandyrdym,

    Janym, ykbal imanymy ýandyrdym,

    Bu jahanda nar içinde telmuryp (Zariçinde telmuryp).

    Gözi yzynda galmak – garaşmak, intizar bolmak.

    Mesgen tutmuş gençhananyň agzynda, Genje girer olsam goýmaz mar bizi.

    Gözüm galdy ýaryň giden yzynda,

    Neçün beýle terk eýledi ýar bizi (Mar bizi).

    Gözi ýetmek – bilmek, akylyň çatmak, paýhasyň ýetmek, belet bolmak, gümürtik bolmazlyk, berk ynanmak.

    Gözüm ýetýär, bilseň, başym alar sen,

    Ýa kündeläp, meni çaýa salar sen,

    Men hak diýdim, sen çoh günä galar sen,

    Bu alyşyň bilen jany sen, Fetdah (Fetdah).

    Gözleri ýetmezlik – görüp bilmezlik, görmezlik, saýgarmazlyk.

    Hiç tagam iýmäge dişleri batmaz, Uzakdan gözlese gözleri ýetmez,

    Ogul gyz sözüne hiç gulak asmaz,

    Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar (Garrylykdyr, ýaranlar).

    Gözleri ýolda bolmak – garaşmak, intizar bolmak, ýoluna garamak.

    Ýolukdy bir doly, degdi bir baran,

    Birin ýurdy bile eýledi weýran,

    Birisiniň ýary yzynda haýran,

    Gözleri ýoldadyr, bular gelmedi (Bular gelmedi).

    Gözlerini girýan etmek – aglatmak, eňretmek, gözlerini ýaşly etmek.

    Mustapany köýdürip hem bagryny birýan edip,

    Ol Abu Bekr-u Omaryň gözlerin girýan edip... (Hasan birle Hüseýin).

    Gözüni baglamak – 1. Nadan, sowatsyz goýmak. 2. Al salmak, aldamak. 3. Görkezmezlik, görmezlik.

    Simap jana pelek haýran,

    Dert ählini kyldy zyban,

    Pelegiň golunda keman,

    Gözün baglap, atyp barmyş (Gidip barmyş).

    Gözüne dürtülmek – mese-mälim bolmak, aç-açan görünmek.

    Mollalar galat diýr aýdan sözüme,

    Syýa alyp, gara tartar ýüzüme,

    Kylan käri dürtülip dur gözüme,

    Gurhana hadyslar ýazyp başlady (Gezip başlady).

    Gözüne gül basmak – bir işe aňryýany bilen hötde gelmek, birkemsiz başarmak.

    Niçeleriň gül basandyr gözüne,

    Niçeleriň syýa tartmyş ýüzüne,

    Niçeleriň perwa bermez sözüne,

    Niçäniň ýaman söz janyna batmaz (Gulagyn tutmaz).

    Gulagyna ilmek – eşitmek, diňlemek, habarly bolmak.

    Dünýä malyn tamam ýygyp, Karun gözi dolan ýokdy.

    Günde pent eýläbän, Musa,

    Gulagyna ilen ýokdy (Dolan ýokdy).

    Gulagyna pent bermek – öwüt-nesihat bermek, maslahat bermek.

    Eger sen hem bolsaň nerm-u mylaýym,

    Sen mylaýym bolsaň, guluň bolaýym,

    Gulagyma bergen pendiň alaýym,

    Kişige gaty söz aýdyjy bolma (Gidiji bolma).

    Gulak asmak – 1. Diňlemek, diň salmak. 2. Aýdylan, diýlen zady ýerine ýetirmek.

    Ýigitler, sözüme bir gulak asyň,

    Dünýä dostlugynyň tamasyn kesiň,

    Haýsy ýan köp bolsa yşkyň, höwesiň,

    Ýatsaň-tursaň hyýalyňdan gitmez hiç (Köňül ýatmaz hiç).

    Gulak bermek – ser. Gulak asmak.

    Duçar bolup alym bile ýörene,

    Nesihat sözlere gulak berene,

    Uzyn boý, hoş sakal, ýüzi nurana,

    Şoňa duçar bolsaň, işiň ýol alar (Ýol alar ).

    Gulak goýmak – ser. Gulak asmak.

    Otuz dört ýaşa geldiň, bu jahanda ne gördüň,

    Gurhana gulak goýup, permana nazar eýle (Nazar eýle).

    Gulak güýtmek – ser. Gulak asmak.

    Ýaman hiç nesihat tutmaz,

    Ýagşy söze gulak güýtmez,

    Hiç bir sözüň örä gitmez,

    Näkes suhanşor biläni (Ýör biläni).

    Gulak salmak – ser. Gulak asmak.

    Gulak salyň, gardaşlar, Bir ajaýyp sözüm bar.

    Ne ezmaýyş eýleýir,

    Dostlarna Perwerdigär (Wagyz).

    Gulak tutmak – ser. Gulak asmak.

    Halal işle − ahyretden wehmiň bar,

    Pakyry ynjytma − köňül rehmiň bar,

    Aşyk aýdar, azda-köpde pähmiň bar,

    Akyl bolsaň, söze gulak tut ýagşy (Ýat ýagşy).

    Gulaklary gapylmak – eşitmezlik, ker bolmak.

    Ýetmişe bardy ömrüm, aglar idim zary-zar,

    Gözümden ýaş giderdi misli ebri-nowbahar,

    Gulaklarym gapylyp, gözlerim tutdy gubar... (Gana geldim).

    Gulgula düşmek – galmagala, başagaýlyga düşmek, goh-galmagal bolmak.

    Gulgula düşdi gopuz hem düşdi çeňi çeňe,

    Çeň şowkundan ol nigär ne nalaga düşdi naý (Gaşy ýaý).

    Guma garylmak – gömülmek, gömlüp galmak.

    Eý, ýaranlar, adam ogly, Boz toprakdan bolmak hakdyr.

    Asly häkden önen adam,

    Guma garlyp galmak hakdyr (Bolmak hakdyr).

    Gurban eýlemek – jandan geçmek, öldürmek.

    Bu ne nälet jaýydyr, bes, ne külpet oldy zaman,

    Gaýyp olan ol erenler özün gurban eýledi (Jan eýledi).

    Gurby gitmek – garrylyk, kesel zerarly ysgyndan gaçmak, nähoşlamak.

    Gurby giden dyzlarma bigadyr bar etdiň meni,

    Kuýaşymy bent kylyp, dünýäge zar etdiň meni, Biwatan namartlara bagşy-diýar etdiň meni (Meni).

    Gurby ýetmek – güýçli, kuwwatly, mally-mülkli bolmak, baý bolmak.

    Eý ýaranlar, musulmanlar, Gelip-geçmeli dünýä sen.

    Gurby ýeten ýigitlere,

    Döküp-saçmaly dünýä sen (Dünýä sen).

    Gurdy dowara çopan eýlemek – güýçlini ejizleriň üstünden ýolbaşçy etmek, ejizlere sütem etmek.

    Çaý bile nan üstünde haýsy pygamber durdy?

    Ol kim idi, dowara çopan eýledi gurdy? (Eýwany dört).

    Soňky täzelikler

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L) surady

    20/01/2024

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I)
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI