Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi / T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (G-III)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (G-III) surady
    11/07/2023

    1326

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (G-III)

    Gögüň diregi – esasy, ýeke-täk, ähli zat şoňa bagly.

    Mahlaryň täji sen, gözler çyragy,

    Gökde melek, ýerde beşer ýegrägi,

    Zeminiň rafygy, gögüň diregi,

    Lowhy-mahfuzda hem semada belli (Lewada belli).

    Göwni açyk – bahyl bolmadyk, içigara däl, niýeti gowy, hoşgylaw.

    Mert ýigidiň bolsa bir açyk göwni, Ýagşylardan refti-amat gerekdir.

    Eger bolsaň bir ülkäniň patşahy,

    Owwal başdan bir sagadat gerekdir (Gerekdir).

    Göwni bitmek – razy bolmak, kanagatlanmak, dogry tapmak,

    Dag başyndan gary gitmez,

    Namart iliň ýumşun etmez,

    Är ýigidiň göwni bitmez,

    Seçip jenan almagynça (Söz manysyn bilmeginçä).

    Göwni galmak – keýpi kökelmek, razy, hoşal bolmak. („Göwni ga:lmak” görnüşinde gelende – ynjamak, kemsinmek manylaryny berýär).

    Agalar, dünýäniň peýany bolmaz, Iş başa düşende, dogany gelmez.

    Märekede oýnap, hiç göwni galmaz,

    Arman bilen geçer saly ýekäniň (Ýekäniň).

    Göwni gara – içigara, niýeti, päli erbet, bahyl.

    At alaňda sürüp alsaň çamany,

    Göwnüňde goýmaz ol zerre gümany,

    Hemra kylma göwni gara, ýamany,

    Syryňy paş eýläp, diwana geler (Amana geler).

    Göwni aşna bolmak – söýmek, sulhuň almak, halamak.

    Göwün aşna bolar boldy,

    Zagpyran dek solar boldy,

    Magşugyndan galar boldy

    Narly tütün zar biläni (Diýseň gitmez ýör biläni).

    Göwnüňi beslemek – öz edýän işiňden razy bolmak, öz-özüňden kanagatlanmak.

    Her kim öz-özünden göwnüni beslär,

    Niçeler hak diýer, niçeler toslar,

    Dag serinden baksaň göwün höweslär,

    Deşt içinde galyp, bikarar bolduň (Hary-zar bolduň).

    Göwni howalanmak – joşmak, hoşal bolmak, ruhlanmak, keýpi kökelmek.

    Göwün howalanar ata çykanda, Daglar lagla döner gyýa bakanda,

    Bal getirer, joşup derýa akanda,

    Bent tutdurmaz, gelse sili türkmeniň (Türkmeniň).

    Göwni oýnamak – göwni joşmak, ruhlanmak,

    Aklym gysga erdi, käsäm gaýnady,

    Jiger telwas urdy, göwün oýnady... (Şirgazy).

    Göwni tagýyr kylmak – göwnüni üýtgetmek, göwnüni başga bermek, başgany halamak.

    Göwnümi tagýyr kylyp yşk, lukmadan hums eýledi,

    Güwş tutmaý ol zaryma, sardy hijran çarhyna (Yşk dowzahyna).

    Göwnünde güman goýmazlyk – şübhelenere esas goýmazlyk, müňkürlige bahana bolmazlygy, ähli zadyň aç-açan edilmegi.

    At alaňda sürüp alsaň çamany,

    Göwnüňde goýmaz ol zerre gümany,

    Hemra kylma göwni gara, ýamany,

    Syryňy paş eýläp, diwana geler (Amana geler).

    Göwnünden dumany gitmek – şübheleriň, nämälimlikleriň, müňkürligiň aýrylmagy, hemme zadyň anyk, açyk bolmagy.

    Pelekden çekdim amany,

    Göwnümden gitdi dumany,

    Daýym hijran bu watany,

    Özi üçin mekan eýlär (Pynhan eýlär).

    Göwnüni şat etmek – begendirmek, şatlandyrmak, razy etmek, kanagatlandyrmak.

    Magtymguly, haýrat etseň,

    Garyplar göwnün şat etseň,

    Pul-Syratdan ötenden soň,

    Munda beren gurban geler (Ahyrzaman geler).

    Göwsüni çäk etmek – ýaka ýyrtyp perýat etmek, nalamak, nalyş etmek.

    Dähr era ryswa bolup, göwsüňi çäk etmek nedir,

    Meni yşk söwdasyga giriftar kyldy, dostlarym (Dostlarym).

    Göwün açmak – gaýgy-gamy, aladany unutmak, şatlanmak, begendirýän işler bilen meşgullanmak.

    Ulag bardyr uzak ýollar geçmäge,

    Şerap gözel meý-mest bolup içmäge,

    Rahat seredip, göwün açmaga,

    Daň säherde bir görülen düýş ýagşy (Baş ýagşy).

    Göwün almak – göwnünden turmak, begendirmek, şatlandyrmak, hoşal etmek.

    Ger, Pyragy, hemra bolsaň,

    Naçar galan göwün alsaň,

    Ýagşy bilen oýnap-gülseň,

    Aýyrmaz huşdan, dogrusy (Başdan, dogrusy).

    Göwün bermek – söýmek, halamak.

    Bu pany jahana göwün berenler, Işin telek eýläp, ötüp baradyr.

    Gurhan açyp, görüň, täleý garanlar,

    Ykbaly bir pula satyp baradyr (Ötüp baradyr).

    Göwün diregi – ýakyn hossar, syrdaş, dost.

    Çowdur han, görejim, göwün diregim, Sen wepat bolup sen zarlar içinde.

    Gökleňde pälwanym, ile geregim,

    Halky goýup gitdiň narlar içinde (Zarlar içinde).

    Göwün eglenmek – halamak, söýmek, ýakyn saýmak.

    Serhoş bolup çykar, jiger daglanmaz,

    Daşlary syndyrar, ýoly baglanmaz,

    Gözüm gaýra düşmez, göwün eglenmez,

    Magtymguly, sözlär tili türkmeniň (Türkmeniň).

    Göwün goşunyn jem eýlemek – göwnüni bire baglamak, anyk netijä gelmek, pikirini jemlemek.

    Göwün goşunyn jem eýläp,

    Ol pelek bilen jeň eýläp,

    Ary aňsa, hüjüm eýläp,

    Gaýryga gonmaz, bal istär (Mal istär).

    Göwün hapasyny taşlamak – niýetiňi, päliňi, kalbyňy arassalamak, pikiriňi gowa tutmak.

    Magtymguly taşlap göwün hapasyn,

    Sylady pirini, molla-sopusyn,

    Daýym unutmaz men tylla gapysyn,

    Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy (Şirgazy).

    Göwün hilesi – aldaw, mekirlik, al salmak.

    Aryplary dem-dem geler, toýy bardyr her zaman,

    Merdi-merdan sözlüdir ol, ýokdur göwün hilesi (Türkmen binasy).

    Göwün içre nagş etmek – ezizlemek, göwnüňe jaý etmek, kanagatlanmak.

    Ýyglap, gözüm ýaş etdim,

    Göwün içre nagş etdim, Il-günüme bagş etdim,

    Zyban içre asalym (Owazym).

    Göwün istemek – küýsemek, halamak, haýsydyr bir zadyň, kimdir biriniň bolmagyny islemek.

    Ylym-alym, baryp soraň arapdan,

    Hywa hany suw ýuwudar Lebapdan,

    Tagamsyz lukmadan, arak-şerapdan,

    Göwün isteýip bir iýilen aş ýagşy (Baş ýagşy).

    Göwün şährini ýykmak – nägile etmek, ynjatmak, öýkeletmek.

    Magtymguly, ýykdyň göwün şährini,

    Tolgunyp ol şamar sokdy zährini,

    Täleýiňe pelek tutmaz mährini,

    Erse gaýgy-gamdan dolsa neýlesin (Galsa neýlesin).

    Göwünde  gara bolmazlyk – ak ýürek, niýeti, päli gowy.

    Aýdadyr Magtymguly, bolmaz göwünde bir gara,

    Hak sylaýyp, kylmyş nazar, bardyr onuň saýasy (Türkmen binasy).

    Göz aýlamak – 1. Daş-töwerege seretmek, göz gezdirmek, garamak, bakmak. 2. Esewan etmek, kömek berip durmak, garaşyk edip durmak.

    Gelen derdini men alyp, hüwler çekiban gezerem,

    Lukman gelip, göz aýlaýyp, çäre kylmaz azaryma (Yşk bazaryma).

    Göz dikmek – 1. Bir nokada, zada gözüňi aýyrman seredip durmak. 2. Kimdir biriniň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşmak. 3. Haýsydyr bir zady almagyň kastynda gezmek. 4. Bir zatdan tamakin, hantama bolmak.

    Azypdyr gökleň hanlary,

    Kän görer bize hallary,

    Goýman sürdi bar mallary,

    Göz dikip durmaly boldy (Ýörmeli boldy).

    Göz etmek – 1. Güjeňlemek, öwünmek, magtanmak niýeti bilen görkezmek. 2. Beýlekileri gorkuzmak üçin köpçüligiň öňünde birini jezalandyrmak.

    Geýipdir gyzyl-ýaşyly,

    Bilmen nedir ýar hyýaly,

    Göz edip ýomut, ahaly,

    Bizden ki uýat eýliýir (Uýat eýleýir).

    Göz güldürmek – gözde şatlyk, begenç alamatyny döretmek, ýylgyrmak, göz oýnatmak.

    Göz güldürip, jeset bijan eýlediň,

    Pälim urduň, alnym mizan eýlediň,

    Içdigim asaldy, sen hun eýlediň,

    Ne nadan men, alyp içdim goluňdan (Gutulmadym zulmuňdan).

    Göz gyzdyrmak – haýsydyr bir zady almaga höwes etmek, meýil bildirmek, bir zady edinmegiň arzuwynda bolmak.

    Adam ogly, terhosym bar, almaz sen, Göz gyzdyryp, pelek beren döwrana.

    Toba eýläp ol päliňden galmaz sen,

    Bolşuň ogşar gördüm öten Karuna (Pelek beren döwrana).

    Göz ildirmek – görmek, üns bermek.

    Ýamany goý, ýagşylyga göz ildir,

    Kelhemeç hem: «Öz oglanym gözel diýr».

    Gargyş gurduň zürýadyny azaldyr,

    Goýun kimin çar tarapa il bolgul (Gul bolgul).

    Göz salmak – seretmek, esewan etmek, gözlemek.

    Ýarsyzlykdan ýaman iş ýok,

    Göz salyp gezsem her ýana,

    Ýa, Ýaradan, bir ýar bergil,

    Köp muşakgat degdi jana (Her ýana).

    Göz tutmak – diňe şony görmek, bir zada ünsüňi gönükdirmek.

    Kimseler baş goşar ajap jenana,

    Kimseler zen istäp, azap biýr jana,

    Kimseler göz tutup ol genji-käne,

    Dini-imanyny undup baradyr (Ötüp baradyr).

    Göz ýummak – 1. Görmezlige salmak, biperwaýlyk etmek, owarram etmek. 2. Wepat bolmak, aradan çykmak.

    Jepasy köp pany bu ýalan jahan,

    Mert göwnünde tutar boldy ol mekan,

    Isa aňyp, Lukman kylmaz dert yhsan,

    Göz ýumup, duşundan ötüp baradyr (Ötüp baradyr).

    Göz ýumup açgynça – tiz wagtda, örän çalt, sähelçe wagtyň içinde.

    Zarp uruban Jenädiliň şährine, Kapyrlara gazap salan Alydyr.

    Göz ýumup açgynça kyrk günlük ýoly, Düldüle bir parsah kylan Alydyr (Alydyr).

    Gözden düşmek – halka, köpçülige, özüňi ýigrendirmek, halanmazlyk, masgara bolmak.

    Magtymguly diýer iliň gözünden

    Düşübän, hor bolsaň, görgül özüňden,

    Diliňi çekmeseň haram sözüňden,

    Belli, bibat bolar diniň, gybatkeş (Gybatkeş).

    Gözden gizlemek – beýleki adamlara görkezmezlik, kesekileriň görmegini islemezlik.

    Diýdim: «Tende ýaram bar». Diýdi: «Gizläp gez gözden».

    Diýdim: «Yşka diwana». Diýdi: «Ýüz tut permana».

    Soňky täzelikler

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L) surady

    20/01/2024

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I)
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI