Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi / T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (D-I)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (D-I) surady
    04/07/2023

    898

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (D-I)

    Dadyňa ýetmek – goldamak, halas etmek, howandarlyk etmek.

    Biwepada bäş gün bolan şadyňa,

    Aldanmagyn, ol gün düşer ýadyňa,

    Taňla onda hiç kim ýetmez dadyňa,

    Gabyr-lahat diýen darlar alnyňda (Alnyňda).

    Dahan doldurmak – öwünmek, magtanmak.

    Çöl ýerde göwre galdyrma,

    Ol-da hoşdur, syr bildirme,

    Lap edip dahan doldurma,

    Jeň nan degil diş üstünde (Baş üstüne).

    Damak ýyrtmak – sesiňe bat bermek, gaty ses bilen gürlemek.

    Murtun towlap, herýan tartar,

    Haýbaty peleňden artar,

    Gök dek gürlär, damak ýyrtar,

    Häzir bolan aş üstünde (Baş üstüne).

    Daň atmak – Günüň dogmagy, täze günüň başlanmagy.

    Bezirgenler yrak ýolun unutdy,

    Söwdagärler malyn yza uzatdy,

    Aýlar-günler batdy, zarlap daň atdy,

    Yns-jyns tartyp arman, Çowdur han (Çowdur han).

    Dan bolmak – meşhur bolmak, ýaýramak, äleme jar bolmak.

    Hem han bolsa, hem dünýäsi taý bolsa,

    Hem ölmese, hem esbaby şaý bolsa,

    Hem bermese, hem çüýrimez baý bolsa,

    Ýagşy ady hem dünýäde dan bolsa (Don bolsa).

    Degimsize degim degmek – öň zat görmedik adama birden köp zadyň, baýlygyň, döwletiň gelmegi, derejä ýetmek, wezipä eýe bolmak.

    Degimsize degim degse bir sapar,

    Ýüregi jaýlaşmaz gozgalaň tapar,

    Eşek, semrän güni eýesin gapar,

    Ýagşy yzzat bedasyla ýaraşmaz (Ile ýaraşmaz).

    Dep bolmak – bes etmek, gutarmak, tamamlanmak.

    Dert zyýat bolmasa, dertli samramaz,

    Ýetse akly biakyllar ýaňramaz,

    Misgin düşen Magtymguly eňremez,

    Ýüreginden gam-gussalar dep bolsa (Köp bolsa).

    Depesine täç etmek – gadyryny bilmek, eý görmek.

    Sam-sam adam bilen oturma, turma,

    Zynhar, namart bilen sen söhbet gurma,

    Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme,

    Barsaň, depesine täç eder seni (Paş eder seni).

    Derde goýmak – alada goýmak, gussa çekdirmek, gaýgylandyrmak.

    Niçeleri urýan etdiň

    Gara bagryn birýan etdiň

    Didesini girýan etdiň

    Şeýle derde goýan dünýä (Ýalan dünýä).

    Derde salmak – ser. Derde goýmak.

    Yşk duş bolsa bir merde,

    Toz bolar, döner gerde,

    Meniň deý özün derde,

    Salan barmy, ýaranlar? (Barmy, ýaranlar).

    Derde ýakyn bolmak – kesele, alada golaý bolmak, tiz-tiz syrkawlamak.

    Magtymguly derde ýakyn, bu gojalan eziz jan,

    Gorkaram, alar eken dil senasyn isteýip (Jan matasyn isteýip).

    Derdiňe derman kylmak – kynçylygyna, aladasyna kömek, goldaw etmek.

    Haktagala zaty-pägiňni ýaratmyşdyr habyp,

    Magsyýet derdige derman kyl gujy hazyk tebip... (Ýa Muhammet Mustapa).

    Dert atyna atlanmak – kesellemek, alada galmak, biynjalyk bolmak.

    Yşkyň ody hyruç alyp batlanar, Hiç sönmeýir, ýarym, söýmek biläni.

    Gaýta başdan dert atyna atlanar,

    Hiç gitmez gapymdan kowmak biläni (Söýmek biläni).

    Dert çekmek – keseli, syrkawçylygy başdan geçirmek, haýsydyr bir zadyň aladasyny etmek.

    Dert çekenler dert biler,

    Namart özün mert biler,

    Tilki özün gurt biler,

    Garsak özün seg saýar (Dag saýar).

    Dert goýmak – kesel, alada, ünji, azar. 

    Gelen geçdi, gelejege ýurt goýdy, Aşnalygy namart açdy, mert goýdy.

    Ýar synamda dag üstünde dert goýdy,

    Dert üstüne burç goýupdyr duz bile (Köz bile).

    Dertden dynmak – keselden gutulmak, aladadan, ünjüden, azardan dynmak, saplanmak.

    Ataňyň bilinden önüp,

    Dokuz aýda dertden dynyp,

    Bu ýalançy dünýä inip,

    Ençe jepalary gördüň (Tutmaý bardyň).

    Dest bermek – kömek, ýardam, goldaw bermek.

    Ýa, Ýaradan, myradyma ýetirgil, Ýa, jemaly Jelililla haky çün.

    Keremiňden ykbalyma dest bergil,

    Owwal Adam Safyulla haky çün (Haky çün).

    Dil açmak – gürrüň etmek, çekinmän geplemek.

    Dürli dil açyldy dürden,

    Perwaýyň ýok haýr-u şerden,

    Bäş-alty ýaşyňda zerden,

    Geýip, hup erkana geldiň (Sana geldiň).

    Dil başlamak – ser. Dil açmak.

    Magtymguly, beg ýanynda dil başlar,

    Gylyjy, gaýraty bolan il başlar,

    Mertden dogan ýygyn görse, ýol başlar,

    Namart ogly deňin-duşun aňlamaz (Salar guşun aňlamaz).

    Dil bermek – gepläp bilmek, gürlemek başarnygyň bolmagy.

    Fasyh dil berdi Rahmanym kelimeýi-iman gördüm,

    Gelip, yklymy ýörip, alym bolup müň dessan gördüm (Jahan gördüm).

    Dil bilmek – akylly-parasatly gepläp bilýän, makul gürrüň tapýan.

    Dil bilenler güň bolupdyr,

    Altyn, kümüş zeň bolupdyr,

    Peşe haçan deň bolupdyr

    Ugraşanda pil biläni? (Sil biläni).

    Dil bolmak – ile gürrüň bolmak, bir waka barada il içine gürrüň ýaýramak.

    Oturmasyn kempir, ýaşlar dul bolup,

    Galmaňlar, türkmenler, ile dil bolup,

    Rakyp ähli musulmana gul bolup,

    Ilersi Soňudaga sürülsin indi (Görülsin indi).

    Dil uzatmak – kimdir birine bir zat aýtmak, ýüzlenip geplemek. Häzirki zaman türkmen dilinde bu söz düzümi gowy manyda ulanylmaýar. Ol „kimdir biri hakynda gybat etmek, ýaramaz söz aýtmak” manysynda gelýär.

    Gel, göwün, men saňa öwüt bereýin, Yrak kylma görer gözüň ― iliňi.

    Gymmatyn gaçyrma, ýerinde sözle,

    Uzatmagyl her näkese diliňi (Görer gözüň-iliňi).

    Dile düşmek – halkyň arasynda ýaýramak, köpçüligiň arasynda gürrüň edilmek.

    Men düşmenem köp dillere,

    Sezewar boldum illere,

    Bag içinde bilbillere

    Bagyş eýläp, reýhan berer (Perman berer).

    Dile düşmez – düşünmeýän, aýdan gepiň manysyny bilmeýän, aňlamaýan.

    Ýoldaş bolsaň dile düşmez mur bile,

    Ferş tapmaýyn, bile ýatsaň mar bile,

    Ýigrim alty keret, ýüz müň är bile,

    Karun hazynasyn gola aldym tut (Ýeldim tut).

    Dile gelmek – aýtmak diýmek, beýan etmek.

    Magtymguly, waspy gelmez dillere,

    Dile gelse, beýan etsem illere,

    Ejiz bendelere, asy gullara,

    Ýa Rep, Özüň eýle rozy behişdiň (Özi behişdiň).

    Dile getirmek – ser. Dile gelmek.

    Başyň göge, göwsüň ýele göterme,

    Köňlüňe gorkyny çala getirme, Ýürekde ýok sözi dile getirme,

    Yhlas gulagyna çalgyn bu işi (Bu işi).

    Dili açylmak – söz açmak, gürrüň etmek, çekinmän gürlemek.

    Dergähden dilener nalyşly gullar,

    Mynajat eýleýip, açylar diller,

    Ýamanlyk göterlip, ýaýylsyn iller,

    Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr, Soltanym (Ýagmyr ýagdyr, Soltanym).

    Dili baglanmak – gepläp bilmezlik, gürlemäge erki bolmazlyk.

    Ýatyr erdim bisterde, nägäh Ezraýyl geldi,

    Bilbil dilim baglanyp, gyzyl ýüzlerim soldy... (Gana geldim).

    Dili dogada bolmak – doga okaýan, mydama doga okap ýören.

    Oturypdyk, geldi iki pirzada,

    Gözünden ýaş akar, dili dogada,

    «Hüw, Hak!» diýip çykdy alty pyýada,

    «Adam indi geler, görgül!» diýdiler (“Turgul” diýdiler).

    Dili gysga – müýnli, kimdir biriniň öňünde günäkär, edilen hormatyň hötdesinden gelip bilmezlik.

    Hamdyňa dil gysgadyr arş-u ferşler aglady,

    Bidahan-u bizyban otlar, agaçlar aglady... (Görgeç, Resul).

    Dili uzyn – öwünmäge hakly, müýnli däl, agyz dolduryp gürlemäge mümkinçiligi bolan.

    Dilim uzyn, galdym derde,

    Ne akyl-huş galdy serde,

    Howatyry bolan ýerde,

    Ýürek edip, namart ýatmaz (Duman gitmez).

    Dilinden gorkmak – aýdýan sözlerine jogapkär çemeleşmek, pikirlenip geplemek.

    Akylly az gürlär, gorkar dilinden,

    Namart aýyp gözlär dogan ilinden,

    Bilbil jyda düşse nowça gülünden,

    Gülün arzuw eýlär, asala gonmaz (Märekä barmaz).

    Diliňi çekmek – ser. Dilini gysgaltmak.

    Magtymguly diýer iliň gözünden

    Düşübän, hor bolsaň, görgül özüňden,

    Diliňi çekmeseň haram sözüňden,

    Belli, bibat bolar diniň, gybatkeş (Gybatkeş).

    Diliňi gysgaltmak – aýtmagy bes etmek, geplemezlik, gürrüň etmezlik.

    Magtymguly, unutmagyl iliňi,

    Uzyn ýaly, gysgaldawer diliňi,

    Ýol ýörir men diýseň, bagla biliňi,

    Bezirgenler gider Mazanderana (Bizge rowana).

    Diliňi saklamak – geplemezlik, dymmak, söz aýtmazlyk.

    Ýamandan saklagyl daýym diliňi,

    Ýagşa tarap uzadawer eliňi,

    Dünýä maly diýip çapma päliňi,

    Şeýtan was-was, bil, imana ýagydyr (Jana ýagydyr).

    Diliňi ýygmak – geplemezlik, gürlemezlik.

    Magtymguly, derdiň aýan,

    Baryn ajap kyldyň beýan,

    Diliň ýyg sen, bardyr zyýan,

    Akyl onuň haýranydyr (Zamanydyr).

    Dilleri öwrülmezlik – aýtjak zadyny aýdyp bilmezlik, gürlemegi başarmazlyk.

    Paş eýlärem, bir sözüm bar diýmäge,

    Dillerim öwrülmez ony aýmaga,

    Jahan guryp, närse galmaz iýmäge,

    Bir-biriniň ganyn sorsa gerekdir (Barsa gerekdir).

    Din gylyjyn çalmak – din üçin söweşmek.

    Abu Bekr geçdi ryýazat bilen,

    Soňky täzelikler

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L) surady

    20/01/2024

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II)
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI