Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi / T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (B-III)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (B-III) surady
    03/07/2023

    1079

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (B-III)

    Başyna gowga almak – ser. Başyna belany satyn almak.

    Kapyrlar dözmeýen gözde ýaşyma, Dine girip, Haka toba eýledi.

    Öz dilimden gowga aldym başyma,

    Il-ulus halyma toba eýledi (Toba eýledi).

    Başyna iş düşmek – kynçylyga sezewar bolmak.

    Ýagşy ýigit gadryn öz ili bilmez,

    Başyna iş düşse, ýanyna gelmez,

    Ol mert ýigit zarlar, derdi egsilmez,

    Dat eýläp, ýa ilim, diýmek biläni (Söýmek biläni).

    Başyna salmak – ser. Başyna gelmek.

    Çarhy-pelek aýlanyp, ters güni saldy başyma,

    Ýagmyry-barany bilen gyş bolupdyr ýazlarym (Sözlerim).

    Başyna toprak urmak – ejizlemek, peselmek.

    Namart ähli merdi görse, urar toprak başyna,

    Beýle ki namartlary panyda zenan eýledim (Aman eýledim).

    Başyny gama salmak – gynanmak, gamlanmak, gussaly gezmek.

    Zulmuňdan ýygladym, naryňa ýandym,

    Jemala wabeste kyldyň ― guwandym,

    Başym gama salyp, pana daýandym,

    Etrapym gözlesem galmyş läş bilen (Akyl-huş bilen).

    Başyňy gowgaýa salmak – biderek aladalar bilen öz-özüňi kösemek, gerekmejek işlere goşulmak.

    Başyňy gowgaýa salma maly-dünýälik bile,

    Tur, säher ýat eýle Haky, ýygla tenhalyk bile (Şalyk bile).

    Bazar tutmak – söwda etmek, haryt satmak.

    Kimse bazar tutup girdi dükana,

    Kimsäni getirmez pany jahana,

    Bag içinde kimi goýduň erkana?

    Dag içinde men misgine ýurt kyldyň (Mert kyldyň).

    Bazary gyzmak – hyrydary köpelmek, rowaçlanmak, üstünlik gazanmak.

    Bahyl adam myhman alsa, Bar zadyny pynhan eýlär.

    Bir ýurduň bazary gyzsa,

    Her bir adam dükan eýlär (Pynhan eýlär).

    Bazary weýran bolmak – işiň gaýtmak, betbagtçylyga uçramak.

    Eý, ýaranlar, neýleýin men, köýen janym bar meniň, Bazary weýran bolupdyr, ol dükanym bar meniň.

    Behişt atyna münmek – jennete düşmek, behişte barmak.

    Geçip men dowzah, Syratyn,

    Münüp men behiştiň atyn,

    Magtymguly, ýar suratyn,

    Kätip eýläp ýazar boldum (Tapar boldum).

    Bendi kylmak – gul etmek, gul edip saklamak.

    Ähli beýtin ýyglaşar, nalasy arşa ýetip,

    Bendi kyldy men pakyry, görgül ol pelek tutup... (Aýrylyp).

    Bent bolmak – daňylmak, baglanmak.

    Bent bolupdyr gören gözler,

    Syýa bolmuş gözel ýüzler,

    Ajap asal-şeker sözler,

    Ýesir bolmuş bu zybana (Bu dahana).

    Bent eýlemek – daňmak, baglamak, beklemek.

    Hak sylaýyp bermiş, bize bu dili,

    Gül üstünde bent eýlemiş bilbili,

    Meňli hanyň gül roýunda sünbüli,

    Handan kylyp, bezenmişdir bir şamar (Namys bilen ar).

    Bent olmak – ser. Bent bolmak.

    Bent olup gözýaşyma, neýleý ki, akmaz sillerim,

    Goýnuň içre bitmiş bossan, men lämeka istemen (Istemen).

    Bet iş yzlamak – erbet işleri etmegi niýetiňe düwmek, gowulykda görünmezlik.

    Haýr işin terk edip, bet iş yzlandan,

    Dost bolup, dostundan syryn gizländen,

    Hudany unudyp, ýalan sözländen –

    Segsen, togsan ýaşan arwat ýagşydyr (Gymmat ýagşydyr).

    Bähre almak – peýda, nep görmek, gazanç etmek, peýdalanmak.

    Geldi diýdi: “Ýa, Zähra”,

    Köňlüň uýdurma gahra,

    Berip, alaýyn bähre,

    Ger teňňe bolsa taýýar» (Wagyz).

    Bähre tapmak – ser. Bähre almak.

    Gözläp köňül berme biwepalara, Bak, kim wepa görmüş biwepalardan.

    Goýma özüň ýersiz bu jepalara,

    Kim bähre tapypdyr bu jepalardan (Biwepalardan).

    Bäş gün döwran sürmek – wagtlaýyn hezil etmek, wagtlaýyn oňat ýaşamak.

    Ykbalym çapyp, ýörmedim,

    Ýagşy-ýamany görmedim,

    Bäş gün döwrany sürmedim

    Ajap türpe ýar biläni (Diýseň gitmez ýör biläni).

    Bäş gün eşret sürmek – ser. Bäş gün döwran sürmek.

    Magtymguly, bäş gün eşret sürmäge,

    Jaý imesdir eglenmäge, durmaga,

    Kararym ýok oturmaga, turmaga,

    Agzyn açyp durmuş ýer bizim sary (Ýar bizim sary).

    Bäş gün ömür sürmek – bu dünýäde ýaşamak, adam ömrüniň dowamy, ynsan ömri.

    Bäş gün ömür sürmeýen,

    Ýortup her ýan ýörmeýen,

    Bil gadyryn görmeýen,

    Gussa bilen maýyrdyň (Tutmaý bardyň).

    Bäş günlük demi hoş tutmak – ömrüňi manyly, şadyýan, ruhubelent geçirmek.

    Bu dünýä goýupdyr kimi,

    Hoş tutuň bäş günlük demi,

    Aşyk Garyp Şasenemi

    Söýen dek söýmüşem seni (Söýmüşem seni).

    Bil baglamak – birine ýa-da bir zada ynam etmek, ynanmak, daýanmak, arkaýyn bolmak.

    Ýalançynyň wepasy ýokdur diýsem, ýalan ýok,

    Dünýäge bil baglagan, galdy zyýan içinde (Ýüregiň gan içinde ).

    Bili bükülmek – kuwwatyň bolmazlygy, güýçden galmak, tapdan düşmek, garramak.

    Üstümize hijran ody sepildi,

    Kuwwatym gidipdir, dyzym epildi, Gan ýyglap, atamyň bili büküldi,

    Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla? (Abdylla).

    Bilini mäkäm baglamak – gaýrata galmak, her bir zadyň garşysynda ykjam durmak, tijenmek.

    Magtymguly, sakla uzyn diliňi,

    Ýerin tana, mäkäm bagla biliňi,

    Bahar pasly öwüsdirme ýeliňi,

    Ýel mekany bolar gyşlar içinde (Ýaşlar içinde).

    Bina bolmak – emele gelmek, gurulmak, esaslanmak, salynmak.

    Terki-dünýä eýleýir ol, gelse rakyp gaşyna,

    Bil, polatdan bina bolan, budur türkmen galasy (Türkmen binasy).

    Bir agza bakmak – agzybir bolmak, bir adamy diňlemek, bir patyşa tabyn bolmak.

    Eglenmez, eýýam öwrüler,

    Zaman öter, nyrh çöwrüler,

    Agyr döwletler aýrylar,

    Bir agza bakmaýan ärden (Ýykmaýan ärden).

    Soňky täzelikler

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L) surady

    20/01/2024

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I)
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI