Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi / T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (B-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (B-II) surady
    03/07/2023

    1046

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (B-II)

    Baş gatmak – goşulmak, arasynda bolmak.

    Dana men diýp, misginleri unutma,

    Afzal men diýp, namartlara baş gatma,

    Erk isteýip, ajap dessanyň satma,

    Iliňe bagş eýläp ötgül, Pyragy (Ötgül, Pyragy).

    Baş goşmak – 1. Biri bilen goş birikdirmek, durmuş gurmak, birikmek. 2. Biri ýa-da bir zat bilen iş salyşmak, bir işe girişmek, bir iş bilen meşgullanyp başlamak.

    Her bir işe baş goşup, alma iliň käýişin,

    Tä ömür ahyr gidermiş, her gadamda zyýandyr (Al gandyr).

    Baş goýmak – 1. Janyňdan geçmek, gurban bolmak, ölmek.

    2. Yzyna eýermek, hyzmatynda bolmak, yzyna düşmek.

    Kämil aýagna baş goý, ýalançydan el göter,

    Toba kylyp, bir piriň topragna bulan, köňlüm (Köňlüm).

    Baş gutarmak – howpdan, agyr ýagdaýdan halas bolmak, gutulmak, dynmak.

    Çalyndykça, jahan çyrçygy artar, Haçan köňül karar tapar jem bolup?

    Ahyret işiň gör, mundan baş gutar,

    Dünýäni kim tutdy? – Öter güm bolup (Jem bolup).

    Baş urmak – bir işi edip başlamak, bir käre hünäre ulaşmak, meşgullanyp başlamak.

    Magtymguly, hamu ýola baş urduň,

    Çohlar bilen gezdiň, oturdyň, turduň,

    Ýalançyda ne hezl etdiň, ne gördüň,

    Imdi sen otuz dört ýaşa düşüp sen (Joşa düşüp sen).

    Başa bela bolmak – şowsuzlyga uçramak, başyňdan betbagtçylyk bolup inmek.

    Ajal amanat kastynda,

    Magtymguly, paý astynda,

    Bu ýalan jahan üstünde,

    Pelek başa bela boldy (Bela boldy).

    Başa bela gelmek – betbagtçylyga uçramak, başa iş düşmek.

    Anthoryň işigne barma,

    Betpäliň ýüzüni görme,

    Duşmanyňa syryň berme,

    Başa bela dilden geler (Ýelden geler).

    Başa bela tapmak – ser. Başa bela gelmek.

    Başa bela tapylar,

    Ýüwrük atlar çapylar,

    Gurhan görmän sopular, Meňzäpdir uly pire (Biçäre).

    Başa düşmek – haýsydyr bir ýagdaýa duçar bolmak, bir ýagdaýa sezewar bolmak, bir waka uçramak.

    Kelle pygamberiň jemalyn görüp,

    Syryn beýan etdi ýyglaýyp durup,

    Başa düşen işiň habaryn berip,

    Uzur bilen sözün aýtdy, dostlar heý (Çakyr kelle).

    Başa mähnet – duçar bolnan agyr iş, başyňa düşen kynçylyk.

    Pis hatyn başa mähnetdir,

    Dünýäniň maly nobatdyr,

    Ýigide ogul döwletdir,

    Mal galynça, zürýat galsyn (Abat galsyn).

    Başa salmak – ser. Başa düşmek.

    Pelek ne gün başa saldy,

    Ýürek ýagym, nurum aldy,

    Ilat ähli «alym» boldy,

    Bizde nesihat galmady (At galmady).

    Başdan aşan dert – köp sanly kynçylyga duçar bolup aljyramak, agyr derde sezewar bolmak.

    Yşk meni ýandyrdy, janym keseldir,

    Dert başdan aşadyr, işim osaldyr,

    Bu gadymdan bolup gelen meseldir,

    Kirpi ýolar gider gawun ýagşysyn (Aýyň ýagşysyn).

    Başdan döwlet aýrylmak – işiň gaýtmak, mal-mülkden jyda düşmek, ähli zadyňy ýitirmek.

    Gül roýum zagpyran boldy, Başym çykmaýan zulumdan.

    Başymdan döwlet aýryldy,

    Başym çykmaýan zulumdan (Çykmaýan zulumdan).

    Başy belaga düşmek – ser. Başa bela gelmek.

    Bir belaga düşdi başym, ýokdur eý dost ygtyýar,

    Ençeler gapyl ýöredir, ençeler bar lälezar... (Haýranydyr).

    Başy bilen gulluk eýlemek – tüýs ýürekden gulluk etmek, wepaly hyzmat etmek.

    Ýoldaş bolsaň kişi bilen,

    Gulluk eýlär başy bilen,

    Iş salyşsaň naşy bilen,

    Daga-daşa atar gider (Öter gider).

    Başy boş galmak – ýanýoldaşyndan aýrylmak, söýgülisini ýitirmek

    Başy boş galypdyr bolan juwanlar,

    Tagtyn unudyp şa, ötüpdir hanlar,

    Titreşip gara gan olup pälwanlar,

    Gül ýüzi sargaryp soldy diýdiler (Saldy diýdiler).

    Başy çykmaz derde düşmek – gutulmajak, bejerip bolmajak kesele, derde duçar bolmak, çykgynsyz, çäresiz ýagdaýa uçramak.

    Başym düşdi çykmaz derde,

    Ne akyl-huş galdy serde,

    Ýatsa kerwen ýaman ýerde,

    Serdar muhteberlik eýlär (Tekepbirlik eýlär).

    Başy göge, göwsüň ýele götermek – hondan bäri bolmak, gomparmak, beýlekilere göwnüýetmezçilik etmek.

    Başyň göge, göwsüň ýele göterme,

    Köňlüňe gorkyny çala getirme,

    Ýürekde ýok sözi dile getirme,

    Yhlas gulagyna çalgyn bu işi (Bu işi).

    Başyňy gurban etmek – bir zat ýa-da kimdir biri üçin  janyňdan geçmek, gurban bolmak, özüňi bagyşlamak.

    Byradarlar, başym gurban etseler,

    Jomartlar aç bolup, gözden ýitseler,

    Malsyz-halsyz gury ady tutsalar,

    Ýigidiň şol ady ýagydyr-ýagy (Ýagydyr-ýagy).

    Başy gurban bolmak – ser. Başyňy gurban etmek.

    Tapsam, bolsun başym gurban mertlere,

    Lukman çäre tapsyn gelen dertlere,

    Magtymguly aýdar, merdan mertlere

    Ýaradandan iman-hümmet gerekdir (Gerekdir).

    Başy ýassyga ýetmek – ýarawsyzlyk tapynmak, kesellemek, syrkawlamak, mejalsyz bolmak, garrap ýeriňden galyp bilmezlik.

    Başyň ýassyga ýetende,

    Sabr-u karar bolmaz sende,

    Güýjüň-kuwwatyň gidende,

    Ogul-gyzyň ýatça bolmaz (Atça bolmaz).

    Başyna ýetmek – biriniň ýogalmagyna, bir zadyň ýok bolmagyna sebäp bolmak.

    Hoş gal indi, ýary-dostlar, ýaranlar,

    Guwanma, hemmeden öter bu dünýä.

    Çäre tapmadylar öten weliler,

    Barçanyň başyga ýeter bu dünýä (Öter bu dünýä).

    Başyň gama batyrmak – gynanmak, gamlanmak, gamgynlykda gezmek.

    Altmyşa ýaş ýetirdiň,

    Başyň gama batyrdyň,

    Hoş günleriň ötürdiň,

    Ýazyň ýok, gyşa ýetdiň (Joşa ýetdiň).

    Baş götermek – 1. Kelläňi ýokary galdyrmak. 2. Närazyçylyk bildirip aýaga galmak, gozgalaň turuzmak, aýaga galmak.

    Ýüz gam-u hasrat bile reňňim meniň solmuş durur,

    Akybet haý-waý ile destgirsiz olmuş durur,

    Nebsimiz baş göterip, köňlüm dagy ölmüş durur,

    Kibr ile, hasat ile dolmuş iç-u daşym meniň (Ýaşym meniň).

    Başyňa bela götermek – kynçylykda, kösençde ýaşamak.

    Iman bilen jan getirdiň,

    Gamda galyp gün ötürdiň,

    Başyňa bela göterdiň,

    Jansyz zemine girdiň (Tutmaý bardyň).

    Başyna belany satyn almak – öz günäň bilen özüň kösenmek.

    Kim belany satyn alsa başyna,

    Reşk edip, rakyplar geçer daşyna,

    Tokuş etse kim başarmaz işine,

    Söwdasyndan gele bilse, är bolar (Zor bolar).

    Başyna gelmek – bir ýagdaýa sezewar bolmak, bir waka uçramak.

    Daglar bardyr, daşlar bardyr,

    Ýazlar bardyr, gyşlar bardyr, Ýaman-ýowuz işler bardyr,

    Başa gelen duýasydyr (Höwesidir).

    Soňky täzelikler

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L) surady

    20/01/2024

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I)
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI