Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ YKDYSADYÝETI
    TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ YKDYSADYÝETI
    TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ YKDYSADYÝETI
    TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ YKDYSADYÝETI
    07/05/2024

    823

    TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ YKDYSADYÝETI

    Tatarystan Respublikasy — Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri.
    Golaýda Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanowyň ýurdumyzda saparda bolup, Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşmagy hem Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejededigine şaýatlyk edýär. Şulary nazarda tutmak bilen, gazetimiziň şu sanynda Tatarystan Respublikasynyň ykdysadyýeti bilen okyjylary tanyşdyrmagy makul gördük.
    Umumy maglumatlar we ykdysady görkezijiler
    Tatarystan Russiýanyň ykdysady taýdan ösen sebitlerinden biridir. Ol Russiýa Federasiýasynyň iri senagat sebitiniň merkezinde, ýurduň gündogary bilen günbataryny, demirgazygy bilen günortasyny birleşdirýän iň möhüm awtoulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär.
    Tatarystan Respublikasy möhüm ykdysady potensiala we ösen adam kapitalyna eýe. Tatarystan Respublikasynyň häsiýetli aýratynlyklary onuň amatly geografiki ýerleşişi, tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýeligi, kuwwatly senagat toplumy we ösen ulag infrastrukturasydyr.
    Tatarystan Respublikasy Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda jemi sebitleýin önümi we esasy serişdelerden özleşdirilýän maýa goýumlary babatda 6-njy, gurluşyk babatda 2-nji, senagat önümçiligi we oba hojalygy boýunça 5-nji, bölek söwda dolanyşygy boýunça bolsa 7-nji ýerde durýar.
    2023-nji ýylyň jemleri boýunça Tatarystanyň jemi sebitleýin önümi 4 trillion 320 milliard rubla deň boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 103,6 göterim köpdür.
    Tatarystanyň ykdysadyýetiniň esasy bölegini ýa-da 45,8 göterimini senagat (şol sanda, magdanlary gazyp almak 24,6, gaýtadan işleýän önümçilik 19,1 göterim), 10,6 göterimini lomaý we bölek söwda, 7,3 göterimini gurluşyk, 4,6 göterimini ulag pudagy hem-de 3,9 göterimini oba hojalygy emele getirýär.
    Geçen 2023-nji ýyl tatar ykdysadyýeti üçin şowly ýyllaryň biri boldy. Muňa sebit ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda gazanylan öňegidişlikler hem güwä geçýär. Aşakda şolaryň esasylaryny siziň dykgatyňyza hödürleýäris:
    resmi maglumatlara görä, senagat önümçiligi 2023-nji ýylda 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 103,3 göterim ýokarlanyp, geçen ýyl umumy bahasy 4 trillion 742,3 milliard rubla deň bolan senagat önümleri öndürilipdir.
    2023-nji ýylda sebitde öndürilen oba hojalyk önümleriniň jemi möçberi bolsa 289,2 milliard rubla deň boldy.
    2023-nji ýylda Tatarystan Respublikasynda ýerine ýetirilen gurluşyk işleriniň umumy bahasy 708,1 milliard rubla barabar bolup, bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 115,1 göterim ýokarydyr. Şol bir wagtyň özünde geçen ýyl sebitde umumy meýdany 3 million 436,5 müň kwadrat metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmaga berlendigini bellemek gerek.
    2023-nji ýylda esasy serişdeleriň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi hem 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 122 göterim artdy hem-de 1 trillion 180,4 milliard rubla deň boldy.
    Geçen ýylda sebitiň bölek söwda dolanyşygy hem 2022-nji ýyldakydan 111,3 göterim ýokarlanyp, 1 trillion 400,1 milliard rubla deň boldy.
    Geçen ýylda hasaba alnan şeýle ykdysady ösüşler sebitde zähmet haklarynyň hem artmagyna getirdi. Has takygy, ortaça aýlyk zähmet haky 2023-nji ýylda 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 18 göterim köpelip, 61 müň 840 rubla deň boldy.
    Biznesiň goldanylyşy. Kiçi we orta telekeçilik
    Tatarystan Respublikasynda soňky ýyllarda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga hem aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde häzirki wagtda sebitde zähmete ukyply ilatyň 40 göterimden gowragy kiçi we orta telekeçilik kärhanalarynda zähmet çekýär. 2023-nji ýylyň jemleri boýunça Tatarystandaky kiçi we orta telekeçilik subýektleriniň sany 172,5 müňe barabar bolup, bu 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 4,3 göterim ýa-da 7,1 müň sany köpdür. Şeýle-de geçen ýylyň jemleri boýunça kiçi we orta telekeçilik kärhanalarynda zähmet çekýän adamlaryň sany hem 14 göterim ýokarlandy we 875,4 müňe deň boldy. Umumy ilaty 4 milliona barabar bolan Tatarystan üçin bu, dogrudan hem, örän oňyn görkezijidir.
    Ýeri gelende bellesek, sebitde hereket edýän kiçi we orta telekeçilik subýektleriniň 38 göterimi söwda, 10 göterimi gurluşyk we şonça göterimi logistika, 7 göterimi gaýtadan işleýän önümçilik we şonça göterimi ylmy-tehniki iş bilen meşgullanýar.
    Tatarystan Respublikasynyň iri kompaniýalary
    Tatarystan Respublikasy birnäçe iri kompaniýalary bilen hem bellidir. Olaryň arasynda «Tatneft» AGPJ, «KAMAZ» AGPJ, «Nižnekamskneftehim» AGPJ, «Taneko», «Kazanorgsintez» AGPJ, «Tatenergosbyt» AGPJ, «Gazprom Mejregiongaz Kazan», «Transtehserwis», «Artsnab» «Transneft – Prikamýe» ýaly kompaniýalar bar. Olaryň arasynda «Tatneft» AGPJ we «KAMAZ» AGPJ ýurduň daşyndaky taslamalara hem işjeň gatnaşýan kompaniýalar hökmünde tanalýarlar. Şol bir wagtyň özünde bu kompaniýalar Türkmenistan bilen hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler.
    «Tatneft» AGPJ
    1994-nji ýylda esaslandyrylan «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti diňe sebitiň däl, eýsem, tutuş Russiýanyň iň iri nebit kompaniýalarynyň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda kompaniýada 21,5 müňe golaý adam zähmet çekýär. 2023-nji ýylda kompaniýanyň arassa peýdasy 238,11 milliard rubla deň boldy. Şol bir wagtyň özünde geçen ýyl kompaniýanyň umumy girdejisi 2022-nji ýyldakydan 2,6 göterim ýokarlanyp, 1 trillion 314 milliard rubla ýetdi. «Tatneft» girdejisi boýunça Tatarystan Respublikasynyň iň öňdebaryjy kompaniýasy bolup durýar.
    «KAMAZ» AGPJ
    Ýük awtoulaglarynyň önümçiliginde Russiýanyň iň belli kompaniýasy bolan «KAMAZ» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 1969-njy ýylda esaslandyrylyp, häzirki wagtda bu kompaniýada 21 müňden gowrak adam zähmet çekýär. Esasan, ýük awtoulaglaryny, awtobuslary we agramy 14 tonnadan 40 tonna çenli bolan beýleki maksatly awtotehnikalary öndürýän kompaniýa diňe içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda, şol sanda türkmen bazarynda hem uly islegden peýdalanýar. «KAMAZ» AGPJ-niň 2023-nji ýyldaky umumy girdejisi 370,3 milliard rubla deň bolup, şonuň 16,9 milliard rubly arassa peýdadyr.
    Türkmen-tatar hyzmatdaşlygy
    Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ýylsaýyn öz gerimini giňeldýär. Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary bolup durýar. Tatarystanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň köp ýyllardan bäri Türkmenistanda üstünlikli işleýändigi hem özara bähitli hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini tassyklaýar. Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 13 göterim ýokarlandy we 52 million amerikan dollara deň boldy. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda tebigy gazy daşamak, nebiti gazyp almak, awtoulag, uçar we gämi gurluşygy, şeýle hem oba hojalygy we energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar. Däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklar bolsa, geljekde şol uly mümkinçilikleriň hakykata öwrülip, türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň has-da ösdüriljekdigine pugta ynam döredýär.

    Mätgurban MÄTGURBANOW,
    TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň
    halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby,
    «Biznes reklama».

    Çeşme: "Biznes reklama" gazeti - 6.05.2024ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/147331

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI