03/06/2026
109
TALYPLARYMYZYŇ HALKARA BÄSLEŞIGINDÄKI ÝEŇŞI
2026-njy ýylyň 15-nji maýynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ‹‹Dünýä ykdysadyýeti›› dersi boýunça IV Açyk Halkara Internet olimpiadasy geçirildi.
Bu olimpiadada talyplar ‹‹Dünýä ykdysadyýeti›› dersi boýunça bilimini we başarnygyny synadylar. IV Açyk Halkara Internet olimpiada daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň birnäçesinden ýagny, Türkmenistanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň 39 sany ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň 142-si gatnaşdy. ‹‹Dünýä ykdysadyýeti›› dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiadasyna her ýyl yzygiderli gatnaşýan talyplaryň sanlarynyň artýandygy, onuň çekeleşikli geçýändigi, şeýle hem ýaşlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, talyplaryň dünýägaraýşyny we bilimlerini giňeltmekde ähmiýetli çäre bolup durýandygy bellärliklidir. Bu halkara internet olimpiadasy 1 gün dowam edip, toparlaýyn bäsleşikde ýeňiji bolan talyplar degişli Diplomlar we Minnetdarlyk hatlary bilen sylaglandy.
Bäsleşigiň netijelerine görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Begmyrat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky talyplar görkezen ýokary netijeleri üçin Minnetdarlyk haty bilen sylaglandy. Şeýlelikde, institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary Aýlar Jumaýewa II orna, Gülaýym Bakyýewa III orna, Dawut Gezerow we Şanazar Öwliýagulyýew bolsa Minnetdarlyk hatyna mynasyp boldular. Bu üstünlik talyplaryň ylym-bilime bolan höwesiniň ýokarydygyny, şeýle hem olaryň geljekde öz hünär ugurlary boýunça uly üstünlikleri gazanmaga ukyplydygyny aýdyň görkezýär.
Goý, beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, umumadamzat bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Myrat MAKSADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
30/05/2026
FILOSOFIÝA – DÜNÝÄ AKYL ÝETIRMEGIŇ ÇEŞMESI
02/05/2026
TALYBYMYZYŇ NOBATDAKY ÜSTÜNLIGI