Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • Ylmy-amaly maslahat geçirildi
        • HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇI BILEN GEÇEN DUŞUŞYK
      • Halkara günler
        • HALKARA ÝAGTYLYK GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Ясмин Гуэдар в гостях у экспертов Центра стратегических исследований ИМО МИД Туркменистана
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Wakalar / TALYPLARYMYZYŇ HALKARA BÄSLEŞIGINDÄKI ÝEŇŞI
    TALYPLARYMYZYŇ HALKARA BÄSLEŞIGINDÄKI ÝEŇŞI surady
    29/04/2026

    1247

    TALYPLARYMYZYŇ HALKARA BÄSLEŞIGINDÄKI ÝEŇŞI

    2026-njy ýylyň 24 — 27-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Nazary mehanika” dersi boýunça internet olimpiadasy geçirildi.
    Bu olimpiadada 760-dan gowrak talyp “Nazary mehanika” dersi boýunça bilimini we başarnygyny synadylar. Halkara açyk internet olimpiada daşary ýurtlaryň birnäçesinden ýagny, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Azarbeýjan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Rumyniýa Respublikasynyň, Saud Arabystanyň, Kamboja Patyşalygynyň, Hindistan Respublikasynyň, Günorta Sudanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Wýetnam Respublikasynyň, Malaýziýanyň 97 sany ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň 570-e golaýy gatnaşdy. “Nazary mehanika” dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiadasyna her ýyl yzygiderli gatnaşýan daşary ýurtly talyplaryň sanlarynyň artmagy, onuň çekeleşikli geçendigini, şeýle hem onuň ýaşlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, talyplaryň dünýägaraýşyny we bilimlerini giňeltmekde ähmiýetli çäre bolup durýandygy bellärliklidir. Halkara internet olimpiadasy 5 gün dowam edip, jemleýji gününde şahsy we toparlaýyn bäsleşikde ýeňiji bolan talyplar degişli diplomlar we höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandy.
    Olimpiadanyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Hallymämmet Baýramow III orna mynasyp bolup, diplom bilen sylaglandy, toparlaýyn dereje-de bolsa şol fakultetiň III ýyl talyby Dawut Gezerow, I ýyl talyby Ysmaýyl Çaryberdiýew III derejeli diplom bilen sylaglandylar. Bu üstünlik talyplaryň ylym-bilime bolan höwesiniň ýokarydygyny, şeýle hem olaryň geljekde öz hünär ugurlary boýunça uly üstünlikleri gazanmaga ukyplydygyny aýdyň görkezýär.

    Batyr KAKAJANOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    TALYBYMYZYŇ NOBATDAKY ÜSTÜNLIGI surady

    02/05/2026

    TALYBYMYZYŇ NOBATDAKY ÜSTÜNLIGI
    INSTITUTYMYZYŇ BAGTYÝAR ÝAŞLARYNYŇ BELENT ÝEŇŞI surady

    01/05/2026

    INSTITUTYMYZYŇ BAGTYÝAR ÝAŞLARYNYŇ BELENT ÝEŇŞI
    IŇLIS DILI DERSI BOÝUNÇA V HALKARA INTERNET OLIMPIADASYNYŇ ÝEŇIJILERINI GUTLAÝARYS surady

    24/04/2026

    IŇLIS DILI DERSI BOÝUNÇA V HALKARA INTERNET OLIMPIADASYNYŇ ÝEŇIJILERINI GUTLAÝARYS
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI