458
“TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
a2025-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramaklarynda, Hormatly Prezidentimiziň asylly ýörelgelerinden ugur alyp, çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň belent ösüşlerini joşgunly wasp etmek, halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny ýaş nesle öwretmek, talyp ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungatynda zehin başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen “Talyp joşguny – 2025” atly döredijilik festiwaly dabaraly ýagdaýda geçirildi. Döredijilik festiwalyna institutyň bagtyýar talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.
Festiwal edebi-sazly kompozisiýa, goşgylary çeper okamak, institutyň talyp gyzlarynyň taýýarlan tanslary, degişme sahnasy, halk döredijiliginden bir parça şeýle-de, institutymyzyň höwesjeň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän aýdym bilen utgaşyp, şatlyk-şowhuna beslendi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda giň möçberli maksatnamalar, döwrebap taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, döwrebap, kämil eserleri döretmek ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gadymy taryhyny we medeni mirasyny içgin öwrenmeklige uly ähmiýet berýär. Bularyň ählisiniň ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak uly ähmiýeti bardyr.
Dabara gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Begenç MAKSADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.