02/05/2026
57
TALYBYMYZYŇ NOBATDAKY ÜSTÜNLIGI
2026-njy ýylyň 2-nji maýynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen biologiýa boýunça onlaýn ders bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Ýeri gelende bellesek, bäsleşik şu ýylyň 18-nji martynda “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna hem-de “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026-2030-njy ýyllar üçin Meýilnamasyna laýyklykda geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň 15 sany ýokary okuw mekdebinden zehinli talyplar gatnaşdylar.
Bu abraýly ders bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby Taňryguly Geldimämmedow baýrakly III orna mynasyp bolmagy başardy. Oňa Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Sülgün Nepesowa ýolbaşçylyk etdi. Bu üstünlik talyplaryň ylym-bilime bolan höwesiniň ýokarydygyny, şeýle hem olaryň geljekde diňe bir öz ugurlary boýunça däl-de, eýsem beýleki ugurlarda hem uly üstünlikleri gazanmaga ukyplydygyny aýdyň görkezýär.
Myrat AMANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.