06/12/2025
228
Talybymyz birinji ornuň eýesi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Selimgeldi Amangeldiýew 2025-nji ýylyň 3-4-nji dekabry aralygynda geçirilen erkin göreş boýunça Aşgabat şäheriniň açyk çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 61 kilogram agram derejesinde 1-nji orna mynasyp boldy.
Şeýle hem Selimgeldi Amangeldiýew mundan ozal Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen XV Uniwersiadanyň çäklerindäki erkin göreş ýaryşynda şol agram derejesinde 3-nji orny eýeläpdi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp geçirilen bu gezekki ýaryşda ýurdumyzdaky dürli sport mekdeplerinden gatnaşan pälwanlaryň arasynda Selimgeldi öz taýýarlygyny, türgenleşik ussatlygyny hem-de maksadokgunlylygyny görkezip, çempionlyk derejesine eýe boldy.
Ýaryşyň netijelerine laýyklykda, oňa Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi tarapyndan degişlilikde Hormat haty gowşuryldy.
Biz hem öz gezegimizde, talyp deň-duşumyz Selimgeldi Amangeldiýewi gazanan ýeňşi bilen gutlap, oňa geljekde hem täze üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
Yhlas AGÖÝLIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.