13/03/2025
117
SUW DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm
ugurlary boýunça okuw merkeziniň guramagynda Suw diplomatiýasy ugry
boýunça okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny Mejlisiň deputaty,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we
agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, Oba hojalyk ylymlarynyň
kandidaty A.Seýdibaýew alyp baryp, oňa Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ähli hünärlerinden düzülen 1-nji
ýyl talyplary gatnaşdylar.
Okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty hormatly
Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak
boýunça milli kanunçylygyň halkara ekologiýa kadalary bilen sazlaşykda
yzygiderli kämilleşdirilýändigi hem-de daşky gurşawy goramagyň we tebigy
serişdeleri rejeli peýdalanmagyň, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almagyň, azyk
önümleriniň we howa gurşawynyň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün etmegiň
häzirki zaman şertlerinde derwaýys wezipeleriň hatarynda durýandygy,
ýurdumyzda suw ýetmezçiligine garşy hereket etmegiň kanunçylyk esaslaryny
berkitmek, ygtybarly suw üpjünçiligini ýola goýmakda parlament
hyzmatdaşlygyny berkitmek, suw babatda ählumumy howpsuzlygy we
abadançylygy üpjün etmekde halkara tagallalary birleşdirmek boýunça alnyp
barylýar işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi.
Sapagyň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallar dogrusynda
hünärmen bilen pikir alyşdylar.
Begli TIRKEŞOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler
