27/03/2026
50
ŞANLY ÝYLYŇ ŞYGARY — BEÝIK MENZILLERE BADALGA
Halkymyzda «Bal süýji, baldan-da bala» diýilýär. Her bir maşgalada täze perzendiň dünýä inmegi bilen, şol ojagyň bagtyýarlygy goşalanýar. «Buşluk» sözüni eşiden dost-ýarlaryň, dogan-garyndaşlaryň göwün guşy ganatlanýar. Şol begençli pursatlar «Perzendiňiziň adyna näme goýduňyz?!» diýen sözlere, «Adyna eýe bolsun!» diýen ýagşy arzuw-niýetlere sapyp gidýär. Halkymyz şöhratly taryhynyň islendik döwründe hem a:t goýmak meselesine aýratyn ähmiýet beripdir. Ene-atanyň perzendiň öňündäki iň esasy borçlarynyň biri, oňa mynasyp at bermegi hasap edilipdir. Munuň şeýledigine gadymy «Oguznama», «Gorkut ata» ýaly şadessanlarymyzy okanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Häzirki döwrümizde bu biri-birinden zyýada gelýän ýyllarymyz babatda-da şeýle. Şu ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy hem halkymyzyň ýakyn dostuna, wepaly gardaşyna deňeýän behişdi bedewleriniň bady bilen ýurdumyzyň ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýandygyny alamatlandyrýar.
Behişdi bedewlerimiz — taryhy gymmatlygymyz
Dünýäde her millet özüniň maddy we medeni gymmatlyklary, taryhy, edebiýaty, sungaty, beýik şahsyýetleri... bilen tanalýar. «Hytaý» diýeniňde Beýik Hytaý diwary, «Hindistan» diýeniňde meşhur hindi filmleri, «Müsür» diýeniňde taryhy piramidalar göz öňüne gelýän bolsa, «türkmen» diýeniňde hem beýik akyldar, pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy, arşyň nepisligi türkmen halylary, wepaly alabaý itleri, jadyly senet — dutar bilen birlikde ady äleme dolan ahalteke bedewleri hakydaňda janlanýar.
Asyrlarboýy türkmen halky ady rowaýata öwrülen atyny öz ýakyn dosty, syrdaşy hasaplapdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Älem içre at gezer» atly kitabynda: «Aba: Bedewe «mal», «haýwan» diýseň halamaz, düşünýändir. Sebäbi olaryň arasynda hem edil adamlaryňky ýaly gatnaşyk bardyr, bir-birine sözsüz düşünerler. Olar garaýyş hem hereket bilen düşünişýärler. Bu ýerde hem, esasan, söýgi we mähir gerekdir» diýerdi» diýen jümleler bilen örän jaýdar belläp geçýär. Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynyň islendik döwründe hem ony behişdi bedewleri bolmazdan asla göz öňüne getirmek mümkin däl. Söz äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň: «At gazanar goç ýigidiň // Owal bedew aty gerek» diýip belleýşi ýaly, her bir goç ýigidiň bedew aty onuň at-abraýy, buýsanjy bolupdyr. Sözümiz gury bolmaz ýaly, taryhdan mysala ýüzlensek, Gadymy Marguşyň paýtagty bolan Goňurdepedäki gadymy aramgähden biziň eýýamymyzdan öňki III-II müňýyllyklara degişli bolan taýçanagyň mazary ýüze çykaryldy. Bu bolsa halkymyzyň gadymy döwürlerde hem bedewlerini edil öz maşgala agzasy ýaly hormatlap ýerländiklerini aýdyň görkezýär.
«Bedew atyň badynda ýol uzasyn dowama!»
Milletimiz asyrlaryň dowamynda behişdi bedewlerine atlanyp, 70-den gowrak döwleti döredipdir. Dünýäniň dürli künjeklerinde ylmyň, bilimiň, medeniýetiň, umumadamzat siwilizasiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşupdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Bedew atlaryny döretmek bilen, türkmen halky adamzadyň ösüşlerine tizlik beripdir, adamzada ýene bir siwilizasiýa beripdir» diýip jaýdar belleýär.
Taryhda Beýik Seljuk döwletiniň eýelik eden ýerlerinde atyň nalynyň asylyp goýulmagynyň däbe öwrülendigi mälimdir. Halkymyzda «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem gadymy däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza uly sarpa goýulýar we mynasyp dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde gurlan sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň gözel künjeginde bina edilen Akhan atynyň çarpaýa galyp duran heýkelini, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň kaşaň binalaryndaky atyň nalynyň şekilini synlanyňda, ata-babalarymyzdan gelýän türkmenleriň döwletlilik ýörelgeleriniň häzirki ajaýyp döwrümizde hem dowamat-dowam bolýandygyna magat göz ýetirýärsiň.
«At agynan ýerde toý bolar»
Häzirki wagtda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, dürli ulgamlarynda dünýäni haýrana goýýan netijeler gazanylýar. Hususan-da, atşynaslyk sungatynyň ösdürilmegine, ahalteke bedewleriniň tohum arassalygynyň goralyp saklanylmagyna, olaryň şan-şöhratynyň has-da belende galdyrylmagyna döwlet derejesinde aýratyn uly ähmiýet berilýär. Türkmenleriň uçar ganaty — ahalteke bedewlerine dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan umumadamzat gymmatlygy hökmünde garalýar. Munuň şeýledigini «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilmegi hem doly aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Bilşimiz ýaly, şu ýylyň başynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň çäklerinde guralan dabaraly çärede «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryna mynasyp boldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylymyzyň ilkinji günlerinde, ýurdumyzyň milli buýsanjy — «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan şeýle ýokary bahanyň berilmegi, «At agynan ýerde toý bolar» diýlişi ýaly, behişdi bedewleriň jenneti mekany bolan eziz Diýarymyzyň her bir gününiň şanly wakalara, toýdur baýramlara beslenýändigini görkezýär.
Goý, bizi baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan, döwletimizi bedew bady bilen täze sepgitlere, belent ösüşlere, beýik menzillere tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, döwletli ýollary dowamat-dowam bolsun!
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby,
«Esger».
Çeşme: «Esger» gazeti, 26.03.2026ý.// https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/10/articles/230482