424
SANLY ULGAM ARKALY YLMY-AMALY MASLAHATA GATNAŞYLDY
2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Beýik Seljukly döwleti: taryh, taryhnama, çeşmeşynaslyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler Beýik Seljukly döwletiniň taryhy onuň öwrenilişi we geljek nesillere ýetirmek ugrunda häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda gürrüň berdiler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň aspirantura bölüminiň baş hünärmeni Maýa Meläýewa “Soltan Sanjaryň kümmeti – orta asyr Gündogarynyň gadymy yadygärligi” şeýle hem Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymlary Suraý Akmyradowa “Mesut Gaznalynyň döwründe Gaznaly döwletiniň gowşap başlamagy”, Dilber Hekimowa “Seljuklylar döwründe häzirki Türkmenistanyň ýerlerinde ylmyň, bilimiň we medeniýetiň ösüşi”, dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy Aýgözel Öwezowa “Beýik Seljuklylar imperiýasynda lukmançylyk ylmynyň ösüşi” atly ylmy makalalary bilen çykyş etdiler.
Şeýle maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi milli taryhymyzy içgin öwrenmäge, ony dünýä ýüzüne ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Güldäne AHMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.