14/03/2024
1061
Sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk boýunça onlaýn maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça 2024-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň guramagynda onlaýn maslahat geçirildi.
Maslahatda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Maglumatlar we okatmagyň tehniki serişdeleri bölüminiň başlygy Wepa Kowsyýew tarapyndan “Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk boýunça ýöredilmeli resminamalar” diýen tema boýunça okuw sapagy geçirildi.
Bu onlaýn maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk (IT) ugry boýunça jogäpkär mugallymlary, hünärmenleri hem-de talyp ýaşlary gatnaşyp, olar W.Kowsyýew bilen özara sorag-jogap alyşmak arkaly öz bilimlerini kämilleşdirdiler.
Şular ýaly onlaýn maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da artdyrar.
Meýlis GYLYŞAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň öwreniji mugallymy.