Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar) / Şahyryň sözi gysga, şerhi köp
    Şahyryň sözi gysga, şerhi köp surady
    05/06/2023

    1001

    Şahyryň sözi gysga, şerhi köp

    Şahyryň sözi gysga, şerhi köp


    Ol — ylahy nur bilen şereplenen, il-güne ýagşy sözler aýdan, ýagşy göz bilen garan, Gündogaryň nusgawy edebiýatynyň şirleriniň biri, türkmen milletiniň gözüniň nury, ata Watany, öz milletiňi söýmegi, lebzihalallygy, pespälligi halka wagyz eden beýik welileriň biri, türkmeniň geçmiş edebiýatynyň parlak ýyldyzy — hezreti Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanyndaky syrly setirlere, sözlere düşündiriş — tefsir taýýarlamagyň öz paýyma düşendigine buýsanýaryn.


    Aryf-danamyzyň doglan senesiniň 300 ýyllygy mynasybetli onuň diwanyndaky syrly sözlere, setirlere jogap taýýarlamak, neşirçiler we taýýarlaýjylar tarapyndan goýberlen tekstologik säwlikleri düzetmek bilen, türkmen edebiýatynyň ösmegine goşant goşdugymyz bolar diýen umydymyz bar.


    1. «Şährin düzmäge»

    Şahyryň «Özi behişdiň» atly şygrynda:

    Gije-gündiz bolsam şährin düzmäge,

    Müňde bir aýdylmaz sözi behişdiň — diýen setirler berlipdir (Magtymguly, 1994, 2 tom, 148 sah.). Birinji setirdäki «şährin» diýlip berlen sözüň ýerine, biziň pikirimizçe, «şerhin» diýen söz bolmaly. «Şerh» sözüniň türkmenlerde «beýan etmek», «düşündirmek», «tefsirlemek» diýen ýaly manylary bar. Setirlerdäki many yzygiderliligine ser salyp, akyldar behişdiň waspyny etmäge müňde bir düşündiriş hem ýetmez diýmek isläpdir diýen pikire gelýäris.


    2. «Tylla eger»

    Akyldaryň «Artsa gerekdir» atly şygrynyň iki setiri (görkezilen neşir, 212 sah.) şeýle nusgada berlipdir:

    Bir Pyraga tylla eger goýular,

    Muhammede engam bolsa gerekdir.

    Bu ýerdäki «Bir Pyraga tylla eger goýular» diýen setir «Bir Byraga tylla eýer goýular» diýip okalsa, dogry bolsa gerek. Neşirdäki görnüşinde ol hiç bir manyny aňlatmaýar. Emma:

    Bir Byraga tylla eýer goýular —

    diýip okalsa welin, ol ikinji setiriň manysy bilen sazlaşyp gelýär. Byrag pygamberimiziň magraç mugjizesi gijesi Mekge şäherinden Kudusa çenli münen jenneti jandarydyr.


    3. «Taňrynyň duşmany towuk saklagan…»

    Aryf-danamyzyň şygyr diwanynda «Tekiz bolar ýaranlar» atly şygyr ýerleşdirilip (görkezilen neşir, 222 sah.), onuň şu iki setiri aşakdaky nusgada taýýarlanan:

    Taňrynyň duşmany towuk saklagan,

    Anyň jaýy jähennemdir, ýaranlar.

    Halkymyzda dowam edip gelýän ynanja görä, towuk — ýedi hazynanyň biri. Şonuň üçin hem, towuk saklanyň Taňrynyň duşmany hasaplanylmajakdygy düşnüklidir. Emma aýdylyşy, ýazylyşy boýunça «towuk» sözüne golaý bolan towkyny (towky) saklaýan Taňrynyň duşmanydyr. Touk (touki, köplük sanda «etwak») arap dilinde «halka», «boýuntyryk» diýen manylary berýär. Bu ýerde ol rowaýatlarda aýdylyşyna görä, beýik Taňrynyň nälet aýdyp, şeýtanyň boýnuna salan, otly boýun halkasyny aňladýar. Boýny otdan halkaly şeýtan Taňrynyň duşmany hasaplanýar.

    Şahyryň «Nury-iman eýledi» atly şygrynda (görkezilen neşir, 224 sah.) biziň şu aýdýanlarymyza delil bolup hyzmat edip biljek şeýle setirler bar:

    Saldy towky boýnuga lagnaty-şeýtan eýledi.

    (Dowamy gazetiň indiki sanynda).


    Juma ATAÝEW,

    terjimeçi žurnalist.

    Soňky täzelikler

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    26/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    25/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    23/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI