Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Bildirişler / “Rus dili - milletara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dili” atly rus dili boýunça zehin bäsleşigi
    “Rus dili - milletara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dili” atly rus dili boýunça zehin bäsleşigi surady
    29/10/2021

    1017

    “Rus dili - milletara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dili” atly rus dili boýunça zehin bäsleşigi

    Ýurdumyzyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde halkara gatnaşyklary ugrundan okaýan talyplarynyň arasynda
    Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli
    “Rus dili - milletara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dili” atly rus dili boýunça
    zehin bäsleşigini guramak we geçirmek hakyndaky
    DÜZGÜNNAMA
    Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny hem-de Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, talyp ýaşlarda BMG-niň resmi dilleriniň biri hökmünde rus diline bolan höwesini artdyrmak maksady bilen GDA döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň halkara gatnaşyklary ugrundan bilim alýan talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Rus dili - milletara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dili” atly rus dili boýunça zehin bäsleşigini geçirmek üçin Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.

    Umumy düzgünler

    Şu Düzgünnama ýurdumyzyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň halkara gatnaşyklary ugrundan bilim alýan talyplarynyň arasynda rus dili dersi boýunça bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
    Watana, halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ýiti zehinli we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmak Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde orta çykýar. Ýurdumyzyň dil syýasatynda döwlet dili bolan türkmen dili bilen bir hatarda ýörgünli daşary ýurt dilleri bolan iňlis hem-de rus dillerine uly ähmiýet berilýär.
    Daşary ýurt dillerini bilmegiň özi maglumat tehnologiýalaryndan erkin peýdalanmaga, şahsyýetiň intellektual derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ösüş depgini, ozaly bilen, ýurdumyzyň sebit we dünýä möçberindäki taslamalara işjeň gatnaşmagy bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Şonuň ýaly-da, durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleri, gazanylýan üstünlikleri we sepgitleri, milli mirasy, maddy we ruhy gymmatlyklary wagyz etmekde hem daşary ýurt dillerini bilmegiň ähmiýeti uludyr. Şundan ugur alnyp, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek üçin zerur şertler döredilýär.
    Şeýlelikde, ýurdumyzyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda dil bäsleşigini geçirmek Türkmenistanyň sanly bilim ulgamyna doly geçendigini we ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalaryny ulanmakda ukyplydygyny görkezer.
    Bäsleşikleriň geçirilmegi, Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnologiýalary ulanmakda we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda ýardam eder.

    Bäsleşigiň maksady

    Talyplaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak, ukyplaryny artdyrmak;
    BMG-niň resmi dilleriniň biri hem-de diplomatiýanyň ýörgünli dilleriniň biri hökmünde rus dilini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak;
    Rus diliniň leksiki we grammatiki ulgamlaryny özleşdirmek;
    Talyplaryň arasynda rus dilinde ýazuw endiklerini ösdürmek.

    Bäsleşigiň wezipesi

    a) talyplarda dil endiklerini ösdürmek;
    b) häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly döredijilige bolan gyzyklanmany döretmek;
    ç) zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň intellektual derejelerini ýokarlandyrmak;
    d) sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriniň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak.

    Bäsleşigiň şertleri

    1. Bäsleşige ýurdumyzyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde halkara gatnaşyklary ugrundan okaýan talyplary gatnaşyp biler;
    2. Bäsleşige gatnaşmak isleýän ýaşlara:
    3. Rus dilinde “Öňüni alyş diplomatiýasy” temasy boýunça düzme ýazmak (2.5-3 sahypa ölçeginde, Times New Roman, 1.5 interwalda, 14 şriftli bolmaly);
    4. Rus dilinde öz ýurduň belli bir gözel ýeri/ýerleri barada
    5. wideoýazgy taýýarlamak. Olary hgiddkafedra429@gmail.com elektron salgysyna ibermek teklip edilýär.

    Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi

    Bäsleşige gatnaşmak isleýän talyplar berlen ýumuşlar bilen özleri barada gysgaça maglumatlaryny – adyny we familiýasyny, ýurduny, okaýan ýokary okuw mekdebini, telefon belgisini, e-mail salgysyny, terjimehalyny, şeýle hem resminamalar üçin 3x4 ölçegli suratyny hgiddkafedra429@gmail.com elektron salgysyna elektron tekst görnüşine ibermeli.
    Her bir gatnaşýan talyp institutyň hgiddkafedra429@gmail.com elektron salgysy arkaly hasaba alynmalydyr. Gatnaşyjy bellenen salga adyny, familýasyny, ýokary okuw mekdebiniň adyny, hünärini ýazyp ýollamaly.
    Bäsleşige hödürlenjek işler şu bildirişiň yglan edilen senesinden başlap, 2022-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli kabul ediler.

    Ýeňijileri kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi

    1. Bäsleşigiň netijesi 2022-nji ýylyň fewral aýynyň birinji ýarymynda eminler tarapyndan toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlener.
    2. Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanar.
    3. Bäsleşigiň ýeňijileri: I, II, III ýerler boýunça Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçiriljek dabarada sylaglanarlar.

    Habarlaşmak üçin:
    Tel: +993 12 226876,
    E-mail: hgiddkafedra429@gmail.com

    Soňky täzelikler

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY surady

    06/05/2025

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY
    II halkara bäsleşik surady

    28/04/2025

    II halkara bäsleşik
    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK! surady

    22/04/2025

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI