Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
        • TÜRKMEN WE IŇLIS DILLERINDE HABARYŇ GÖRNÜŞLERINIŇ, AŇLADYŞ AÝRATYNLYKLARYNYŇ DEGŞIRME DERŇEWI
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • 12-NJI APREL – KOSMONAWTIKA GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Ближний Восток должен быть зоной мира и согласия
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • “Merkezi Aziýa + Russiýa sammitleriniň daşary ykdysady ähmiýeti” atly okuw seminary geçirildi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Bildirişler / “Bilelikde okalyň!”
    “Bilelikde okalyň!” surady
    10/03/2026

    2418

    “Bilelikde okalyň!”

    “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni mynasybetli geçiriljek “Bilelikde okalyň!” atly bäsleşigiň
    DÜZGÜNNAMASY
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym we bilim ugurlaryny kämilleşdirmek, ýaşlaryň okamaga bolan höwesini artdyrmak, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO klubynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Berkararlyk etrap geňeşiniň guramagynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we magistrleriniň arasynda “Bilelikde okalyň!” atly bäsleşik geçiriler.
    1. Umumy düzgünler:
    Şu Düzgünnama ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we magistrleriniň arasynda geçiriljek “Bilelikde okalyň!” atly bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
    Bäsleşigiň maksady aşakdakylardan ybaratdyr:
    1. ýaşlary watansöýüjilik ruhynda terbiýelemek, kitap okamaga we bilim almaga höweslendirmek;
    2. talyp ýaşlaryň ylym-bilimini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, dünýagaraýyşlaryny artdyrmak;
    3. ýaşlaryň suhangöýlik ukyplaryny kämilleşdirmek;
    4. ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilim ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek.
    2. Bäsleşigiň geçiş tertibi:
    2.1. Bäsleşigiň guramaçylary: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy.
    2.2. Bäsleşik 2026-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda gurnalýar.
    2.3. Bäsleşik iňlis dilinde geçiriler.
    2.4. Bu bäsleşige ýokary okuw mekdepleriniň hersinden jemi 3 (üç) sany gatnaşyjy (talyp/magistr) gatnaşyp bilýärler.
    2.5. Gatnaşmak üçin her talyp/magistr dünýä edebiýatyndan saýlanan eseri boýunça çykyş tekstini ugratmaly.
    2.6. Bäsleşikde talyplaryň hersi dünýä edebiýatyndan saýlap alan 1 (bir) eseri barada prezentasiýa taýýarlap (15 slaýddan köp bolmaly däl) çykyş etmeli. Her talyba çykyş etmek üçin 5 (bäş) minut wagt beriler.
    3. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi:
    3.1. Bäsleşigiň ýeňijileri Garaşsyz eminler topary tarapyndan kesgitlener.
    3.2. Her bir talybyň prezentasiýasy aşakdaky görkezijiler boýunça bahalandyrylar:
    prezentasiýanyň mazmuny – 5 bala çenli;
    sözleýiş başarnygy – 5 bala çenli;
    grammatik taýdan dürs sözleýişi – 5 bala çenli;
    çykyş etmek ussatlygy – 5 bala çenli.
    Jemi: 20 bala çenli.
    3.3. Ýeňijiler “Baş baýrak”, I, II we III orunlar boýunça yglan ediler.
    3.4. Ýeňijiler degişli Diplomlar we sowgatlar bilen sylaglanarlar.

    Habarlaşmak üçin:
    +99312266160
    tdimddk@gmail.com

    Soňky täzelikler

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriljek “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň ýarym final oýnunlaryna gatnaşjak mekdep okuwçylarynyň  SANAWY surady

    15/04/2026

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriljek “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň ýarym final oýnunlaryna gatnaşjak mekdep okuwçylarynyň SANAWY
    “Watanyň daýanjy – bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly IV OLIMPIADASYNYŇ I TAPGYRYNYŇ NETIJELERI surady

    14/04/2026

    “Watanyň daýanjy – bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly IV OLIMPIADASYNYŇ I TAPGYRYNYŇ NETIJELERI
    “PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY” AKYL-PAÝHAS BÄSLEŞIGINIŇ V MÖWSÜMINIŇ I WE II ÝARYM FINAL OÝUNLARYNYŇ “GARAŞSYZ WE BITARAP TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYK SYÝASATYNYŇ HEM-DE ÖZARA YNANYŞMAK DIALOGYNYŇ MERKEZI”  TEMASY surady

    10/04/2026

    “PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY” AKYL-PAÝHAS BÄSLEŞIGINIŇ V MÖWSÜMINIŇ I WE II ÝARYM FINAL OÝUNLARYNYŇ “GARAŞSYZ WE BITARAP TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYK SYÝASATYNYŇ HEM-DE ÖZARA YNANYŞMAK DIALOGYNYŇ MERKEZI” TEMASY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI