2084
“PEDERLERIMIZIŇ GAHRYMANÇYLYGY ÝAŞLAR ÜÇIN WATANÇYLYK MEKDEBI” ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Pederlerimiziň gahrymançylygy ýaşlar üçin watançylyk mekdebi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratik institutynyň ylmy işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlary, şeýle hem “Ýaş diplomatlaryň” mekdebiniň işjeň agzalary bolan mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Maslahatyň umumy mejlisinde çykyş edenler Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen halkynyň ýowuz kynçylyklary özleriniň gaýduwsyz we tutanýerli zähmeti bilen ýeňip geçişleri, pederlerimiziň gahrymançylygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahat soňra öz işini bölümçelerde dowam etdi.
Uzukjemal ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.