1454
“Parlament Diplomatiýasynyň Daşary Syýasaty Durmuşa Geçirmekdäki Orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
2023-nji ýylyň 12-nji maýynda Tütkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli professor-mugallymlaryň we talyplaryň, şeýle-de, “Ýaş Diplomatlar” mekdebiniň işjeň agzalary bolan mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Parlament Diplomatiýasynyň Daşary Syýasaty Durmuşa Geçirmekdäki Orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe konstitusion ýörelgeleriň esasynda gazanylýan ösüşler we özgertmeler, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilişi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň konstitusion hukuk esaslary, kanunçylyk we demokratiýanyň asuda jemgyýetiň berk binýadydygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahat soňra öz işini bölümçelerde dowam etdi. Maslahatyň soňunda çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan edilen parahatçylykly ýaşamagyň, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerýän hem-de Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny belende götermäge hem-de onuň dünýä bileleleşigi tarapyndan ykrar edilemegini üpjün eden hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Beggeldi GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:
https://turkmengazet.com/parlament-diplomatiyasy-bilen-bagly-ylmy-amaly-maslahat-gecirildi/