Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: III möwsümiň finalyndan galan täsirler Bir toý tutduk, älem galdy haýrana
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: III möwsümiň finalyndan galan täsirler Bir toý tutduk, älem galdy haýrana surady
    11/05/2024

    622

    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: III möwsümiň finalyndan galan täsirler Bir toý tutduk, älem galdy haýrana

    Ilçilikde «Çarşenbe güni çar tarapa» diýilýär welin, biziň gezegimizde «Çar tarapdan» diýseňem boljak. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň final oýnuna gatnaşyjylar ýurdumyzyň çar künjünden geldiler. Institutymyz bu oýna uludan taýýarlyk gördi. Final gününiň öň ýany bäsleşigiň guramaçylyk toparyna girýän mugallymdyr talyplaryň hysyrdy-aladasyny synlanyňda, bir täsin ruhubelentlik seriňi gurşap alýardy. Olaryň «Ertirki alypbaryjylar taýýarmy?!», «Ertir kameralar irden gelýändir-ä», «Myhmanlar üçin ýerler tertiplendimi?!», «Ähli zady ýene bir gez gözden geçiriň, ertir birden ýetmezçilik ýüze çykaýmasyn!» diýip, biri-birine aýdýan sözlerinden hem uly toýuň jogapkärçiligi duýulýardy.
    ...Toýumyz irden başlandy. Megerem, köpümiz üns beren bolsak gerek, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň her bir oýny sähetli gün geçirilýär. Bu gezegem şeýle boldy.
    Bäsdeşlikden gardaşlyga
    Islendik bäsleşikde bolşy ýaly, final oýny güýçlüleriň meýdany bolýar. Möwsümiň finalyna gatnaşan 8 sany ýaş çaparlaryň hem zehini, ukyp-başarnyklary biri-birinden zyýada geldi. «Göreçden görnüp dur kalpdaky ynam» diýlişi ýaly, olaryň özüne bolan ynamy gözlerinden görnüp durdy. Gürrüňimiz ýöne başga zat hakda. Final oýny başlamazyndan ozal, olaryň biri-biri bilen mähirli gürleşip durmaklary aýratyn özüne çekdi. Ynha, bir ýaş çapar daşyna beýleki bäsdeşlerini üýşürip taryhdan bir wakany gürrüň berip dur. Onuň: «Gürrüň edilýän waka XVIII asyryň 40-njy ýylynda bolup geçendir, ýatdan çykaraýmaň!» diýen sözleri gulagyma ildi. Dogrusy, geň galdym, olar her näme diýseňem bäsdeşler ahyry. Final oýny jemlenenden soňra men hälki ýaş çaparyň ýanyna baryp: «Oýun başlamanka, siz beýleki ýaş çaparlara bir taryhy wakany ýatladyp durdyňyz, siz ýeňmek üçin ýaryşýarsyňyz, näme üçin bilýän zadyňyzy özüňizde saklaman, paýlaşdyňyz?! Siz bäsdeşler ahyry...» diýenimde, onuň maňa: «Ýok, biz bäsdeşler däl! Biz — gardaşlar! Bu bäsleşik bizi dost eýledi, dogan eýledi. Bu ýerde ýeňilýän ýok, biziň hemmämizem ýeňiji! Çünki biz — Parahatçylygyň ýaş çaparlary ahyry» diýip, jogap bermegi haýran galdyrdy.
    «Hudaý berse sagadatly bir perzent»
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilmegi aýratyn mana eýe. Möwsümiň ähli oýunlarynyň içinden Magtymguly Pyragynyň ömri, döredijiligi baradaky sowallar eriş-argaç bolup geçdi. Ýaş çaparlar akyldar şahyrymyzyň goşgularyny diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem, dünýäniň ençeme dillerinde ýatdan aýtmaklary hem aýratyn bellärlikli.
    Final oýnuny görmek üçin gelen ene-atalaryň gözlerindäki perzentlerine bolan buýsançlary bir görsediňiz. Olar öz deňlerinden geçip, sapaklaryna barýan talyp ýaşlary synlap: «Ylaýym, biziň çagalarymyz hem şular ýaly talyp bolsun!» diýip dileg edýärdiler. Bäsleşigiň final oýnunyň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasynda bir ýaş çaparyň ejesi öz sözüni şeýle jemläpdi: «Ýaşlara okamaga, zehinlerini açmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!».
    Ýaş çapar
    Ähli duşuşyklaň üýtgewsiz ýeri —
    Ak öý,
    Bu gün öňküsinden üýtgeşik.
    Ýaş çaparlar häzirlenip dur,
    Ynha,
    Aýgytly menzile düşdi bäsleşik.

    Ýok!
    Bäsleşik däl bu!
    Bu bir puryja,
    Bu bir ykballary özgerdýän pursat!
    Zehinli ýaş çaparlara ser salyp,
    Buýsançdan püre-pür dolýandyr gursak!

    ...Ýaş çapar sowala jogap berip dur,
    Ol saýrap dur özge dilde bilbil dek!
    Jogap dogry!
    Ýöne ýeňşine çenli,
    Oguz hanyň altyn ýaýyna çenli,
    Ol niçe menzili geçmeli, entek!

    Ak öý — diplomatik dünýä bosaga,
    Bu günki ýaş çapar — ertir diplomat!
    Beýik ynamymyz, maksadymyz şol,
    Bu pelsepe biziň üçin berk binýat!

    Her halk bir göwündir, bu dünýä içre
    Ony gözläp, yhlas eden bagt tapar.
    Göwünden göwüne uzaýan ýolda
    Gadamlaryň batly bolsun, Ýaş çapar!

    ***
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň final oýnunyň netijeleri:
    3-nji orna Aşgabat şäheriniň 108-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Güljemal Orazowa;
    Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika derslerine ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Müsür Gutlymyradowa;
    Aşgabat şäherindäki 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýmyrat Kakaýew;
    Aşgabat şäheriniň 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Medine Myratberdiýewa;
    2-nji orna Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Jeýhun Hojageldiýew;
    Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 35-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gülaýym Bakyýewa;
    1-nji orna Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Resul Baýmyradow;
    Baş baýraga hem-de Göçme kuboga Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýlar Jumaýewa mynasyp boldy.

    Taýýarlan Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

    Çeşme: "Ýaş diplomatyň sesi" elektron gazeti - 10.05.2024 ý. // https://www.iirmfa.edu.tm/tm/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-13-96_9983

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI