07/10/2026
82
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň guramagynda Türkmenistanyň GDA döwletleri bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi. Oňa institutyň talyplary gatnaşdylar.
Okuw sapagyny Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň ussat diplomaty Sapar Berdinyýazow alyp bardy.
Okuw sapagynyň dowamynda mugallym S.Berdinyýazow Türkmenistanyň GDA döwletleri bilen hyzmatdaşlygyna uly üns berýändigini belläp, şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Awazada geçiriljek GDA-nyň sammitiniň ähmiýeti barada belledi. Mundan başga-da, mugallym ýurdumyzyň GDA döwletleri bilen ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag-logistika we ylym pudaklarynda gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigi barada nygtady.
Sapagyň ahyrynda talyplar halypa diplomata beren gyzykly gürrüňleri üçin köp sagbolsun aýtdylar we oňa özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berdiler. Şeýle sapaklaryň yzygiderli geçirilmegi geljekki hünärmenleriň bilimini we tejribesini artdyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär.
Guwanç ALIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby