24/03/2025
458
Okuw sapagy geçirildi
2025-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-
usulyýet merkezinde “Durnukly energiýa ykdysadyýeti we ekoulgamyň
goraglylygy – Türkmenistanyň Halkara başlangyçlary we tejribesi” atly okuw
sapagy geçirildi.
Bu okuw sapagy Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit
we gaz uniwersitetiniň Ylym bölüminiň esasy hünärmeni Magtymguly
Resulgulyýewiň alyp barmagynda geçirildi.
Okuw sapagyna institutymyzyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Hünärmen öz çykyşynda energiýa serişdelerinden netijeli peýdalanmak boýunça
ýurdymyzda alnyp barylýan möhüm işler barada hem-de ekologiýa taýdan arassa
we galyndysyz işleýän innowasion tehnologiýalary ykdysadyýetimiziň dürli
pudaklarynda ornaşdyrmak, daşky gurşawy zyýanly gazlardan we tüsselerden
gorap saklamak, tebigy baýlyklary rejeli, tygşytly peýdalanmak döwrüň möhüm
meseleleriniň hatarynda durýandygyny belläp geçdi. Şeýle hem durnukly
energiýanyň esasy çeşmeleri bolan gidroenergetika, ýel energetika, biomassa
barada birnäçe maglumatlaryny we aýratynlyklaryny giňişleýin gürrüň berdi.
Bu okuw sapagynda talyplar işjeň sorag berdiler we durnukly energiýanyň
geljegi barada öz pikirlerini paýlaşdylar.
Hojanýaz GUWANJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby
Soňky täzelikler
