30/11/2021
905
Oguz ýaýy — adalatyň kemany
30-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 1-nji oýny geçirildi. Onuň baş temasy «Oguz han eýýamy hem-de türkmen diplomatiýasynyň taryhy kökleri» barada boldy.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýaşlaryna berilýän ylym-bilimiň hili yzygiderli kämilleşdirilýär. Bilim ulgamyna sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Milli Liderimiz döwletimizde zehinli ýaşlary tapmak, olaryň ukyp-başarnyklarynyň üstüni açmak üçin uly tagallalary durmuşa geçirýär.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi hem mekdep okuwçylarynyň arasyndan zehinli ýaşlary ýüze çykarmagy, ýurdumyzyň geljekki diplomatlaryny taýýarlamak işini ýaşlaryň orta mekdepde okaýan döwründen utgaşykly alyp gitmekligi özüne maksat edinen taslamadyr.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigiň I saýlama tapgyrynyň 1-nji oýny Oguz han eýýamynyň ruhuna esaslanyp, institutymyzyň eýwanynda ýerleşdirilen ak öýüň içinde geçirildi. Ak öýüň içinde sekizburçly haly ýazylyp, onuň diwarlary Oguz hanyň 24 agtygynyň tagmasynyň, Pazyryk halysynyň şekili hem-de milli gymmatlyklarymyz bilen bezeldi. Ýeri gelende belläp geçsek, ak öýüň bezeginde institutymyzyň talyp gyzlarynyň, zenan mugallymlarynyň el işleri ulanyldy. Sahnanyň merkezinde «Oguz hanyň Altyn ýaýy» goýuldy. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň nyşany hem sekizburçlygyň içinde ýerleşdirilen Oguz hanyň ýaýynyň hem-de peýkamynyň şekilindedir. Bu şekilde Oguz hanyň döwlet dolandyryşynyň çuňňur pelsepesi şöhlelenýär. Çünki hormatly Prezidentimiziň beýan edişi ýaly, Oguz hanyň ýaýy — hökümdarlyk, peýkamy — ilçidir.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigiň I saýlama tapgyrynyň 1-nji oýnuna Aşgabat şäheriniň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ahmet Ataýew, Aşgabat şäheriniň 69-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Akgül Bazarowa, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gaýrat Begalyýew, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Hatyja Ezizowa, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Nurana Hudaýberdiýewa, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ýagşymyrat Öwezow, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ilşat Rozyýew, Aşgabat şäheriniň 96-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýna Seýidowa gatnaşdy. Bäsleşigiň I saýlama tapgyrynyň 1-nji oýnunyň başynda Oguzhan hem-de onuň 6 ogullarynyň gatnaşmagynda taryhy sahna janlandyryldy. Sahnanyň ahyrynda Oguz han bäsleşige gatnaşýan parahatçylygyň ýaş çaparlaryna özüniň öwüt-ündewlerini berdi. Soňra institutymyzyň 1-nji ýyl talyby Mätgurban Mätgurbanowyň bäsleşik üçin ýazan senasy ýaňlandy. Bäsleşigiň senasy şeýle setirler bilen jemlenýär:
Çawy ýaýran ilim, joş-ha, galk bu gün,
Adyň zabt etmişdir törün kalplaryň.
Dost-dogan eýledi dünýä halklaryn,
Arkadagyň ynsanperwer kelamy,
Oguz ýaýy — adalatyň kemany.
Şeýlelikde, akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 1-nji oýny başlandy. Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylara eminler — «Pähimdarlar geňeşi» tarapyndan adalatly baha berildi. Bäsleşigiň geçiş tertibi hakynda aýdanymyzda, sekizburç halynyň her burçunda bir okuwçy durýar. Olaryň ýanyna «Pähimdarlar geňeşiniň» mürzeleri merkezde, «Oguz hanyň Altyn ýaýynyň» gapdalynda duran «Sowallar sandygyny» eltip, okuwçylaryň özlerine sandygyň içinden sowally haty saýladýarlar. Okuwçynyň sowala beren jogabynyň takyklygyny «Pähimdarlar geňeşi» tassyklandan soň, mürzeler jogap beren okuwça bir peýkam berýär hem-de bäsleşigiň şol gatnaşyjysy sahnanyň merkezinde ýerleşdirilen «Oguz hanyň Altyn ýaýyna» tarap bir göçüm göçýär. Bäsleşigiň şertine laýyklykda, okuwçylaryň başlangyç duran nokadyndan «Oguz hanyň Altyn ýaýyna» çenli 5 göçüm bolup, bäsleşigiň dowamynda öz paýyna düşen sowallara her beren dogry jogaby üçin okuwçylar «Oguz hanyň Altyn ýaýyna» tarap 1 göçüm göçmäge hukuk gazanýarlar. Okuwçylar 4 öwrüm «Sowallar sandygyndan» sowal çekenden soň, olaryň içinde dogry jogap berip has öňe gidenler öz ýerinde durup, beýleki okuwçylar öz başlangyç nokatlaryna gaýdyp barýarlar. Sowallaryň 5-nji öwrümi diňe öňe saýlanan okuwçylara berilýär hem-de olaryň 2-si bäsleşigiň ýeňijileri diýip yglan edilýär. Bäsleşigiň ahyrynda gyzyklanmalaryny artdyrmak maksady bilen ýeňiji bolan 2 okuwçynyň ökdesini saýlamak üçin goşmaça sorag berilýär. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigiň I tapgyrynyň temasyndan belli bolşy ýaly, «Sowallar sandygynyň» soraglary Oguz han eýýamy bilen içgin baglynyşykly boldy. Gyzgalaňly geçen bäsleşigiň netijeleri esasynda Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Nurana Hudaýberdiýewa hem-de Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ýagşymyrat Öwezow I saýlama tapgyrynyň 1-nji oýnunyň ýeňijileri diýip yglan edildi. Olar bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar hem-de olara «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň öndüren planşedi sowgat berildi. Bäsleşigiň beýleki hemaýatkärleri tarapyndan hem onuň ýeňijilerine we gatnaşyjylaryna gymmatbahaly ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň I saýlama tapgyrynyň 1-nji oýnuna gatnaşan okuwçylara institutymyzyň degişli şahadatnamalary berildi. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti, Türkmenistanyň milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty hem-de «Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýeti bäsleşigiň hemaýatkärleri hökmünde çykyş etdiler. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 1-nji oýnuna ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşa edip bilersiňiz.
***
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi jemi III tapgyrdan ybarat bolup durýar, häzirki wagtda şu ýylyň dekabr aýynyň üçünji ongünlüginde boljak bäsleşigiň I saýlama tapgyrynyň 2-nji oýnuna taýýarlyk görülýär.
Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
1-nji ýyl talyby.
Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
Soňky täzelikler
01/06/2024
ÝAŞ ÇAPAR