30/11/-0001
1015
Oguz oky — parahatlyk kelamy
21-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan guralýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň nobatdaky tapgyry «Parfiýa we Hun döwletleriniň diplomatiýasy hem-de diplomatik däpleri» atly mowzuga bagyşlanyldy.
I tapgyrdan tapawutlylykda, bäsleşigiň II tapgyrynyň öňüsyrasynda mekdep okuwçylary bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gezelenç guraldy. Döwlet muzeýindäki gezelenjiň dowamynda bäsleşige gatnaşyjy mekdep okuwçylar gadymy Nusaýyň çäginden tapylan dürli arheologik tapyndylar bilen tanyşdylar. Şeýle-de bu ýerde okuwçylara ýörite sowallar berlip, gatnaşyjylaryň olara degişli eksponatlaryň garşysynda jogap bermekleri has-da täsirli boldy.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II tapgyryna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Yhlas Hallyýew, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Selbinyýaz Rahmanowa we 9-njy synp okuwçysy Bikejemal Annanurowa, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Pena Serdarow, Aşgabat şäheriniň 41-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Kerim Myradow, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýnur Döwletýarowa, Aşgabat şäheriniň Ruhnama adyndaky ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Hydyr Ýylkybaýew hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýnabat Hydyrowa dagy gatnaşdy.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň II tapgyrynda «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň geňeşçisi, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurberdi Amanmyradow, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirliginiň baş hünärmeni, taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent Akmyrat Babaýew, şeýle-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Serdar Maşarykow dagy bolup, olar bäsleşige adalatly eminlik etdiler.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň II tapgyry institutymyzyň okuw binasynyň eýwanynda bäsleşik üçin ýörite guralan «Türkmeniň ak öýünde» geçirildi. II tapgyryň mowzugyna laýyklykda, ak öýüň içi gadymy Parfiýadan tapylan ritonlar, şol döwri alamatlandyrýan suratlar bilen bezeldi. Bu ýerde Parfiýa döwrüni janlandyrýan edebi-sahna görkezilip, onuň dowamynda Ärsak şanyň nesillere eden öwüt-ýüzlenmesi şeýle goşgy setirler bilen beýan edildi:
Gorap, goldap Beýik Ýüpek ýoluny,
Ýol saldyk biz, il bolduk biz il bilen,
Dostluk açyp, Hytaý bilen, Rim bilen...
Munda gadym dünýäň taryhy bardyr,
Türkmeniň mizemez şa ruhy bardyr.
Goja taryh! Parfiýa! Hun döwleti!
Heňňama heň beren tarypy bardyr.
«Ärsak şanyň türkmen kowmuna pendi» diýlip atlandyrylan bu goşgy «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory, şahyr Kakamyrat Rejepow tarapyndan ýazylyp, ony edebi sahnada Ärsak şanyň keşbini janlandyran Türkmenistanyň halk artisti Öwezdurdy Gelenow okady.
Şeýle-de bäsleşigiň II tapgyry başlanmazdan ozal institutymyzyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew oňa gatnaşyjylaryň öňünde, ýurdumyzyň alyp barýan parahat söýüjilikli daşary syýasatynyň ähmiýeti, hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza sowgat eden «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusynyň tutuş adamzada derwaýys çagyryş bolup ýaňlanandygy, hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen täze — «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly diplomatik pelsepäniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn garşylanandygy hem-de iň jogapkärli kärleriň biri bolan halkaraçy hünärmen bolmak üçin esasy bildirilýän talaplar barada täsirli çykyş etdi.
Gyzgalaňly geçen akyl-paýhas bäsleşiginiň II tapgyrynyň jemleri boýunça sowallara jogap bermekde has tapawutlanan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Yhlas Hallyýew hem-de Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýnur Döwletýarowa ýeňiji bolup, olar bäsleşigiň indiki tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň II tapgyrynyň ýeňijilerine «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilen planşet sowgat berildi. Mundan başga-da ýeňijilere hem-de bäsleşige gatnaşyjylara beýleki hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanan gymmatbahaly sowgatlar, institutymyzyň degişli şahadatnamalary gowşuryldy. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň II tapgyryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Türkmenistanyň milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti hem-de «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň II tapgyry Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleýaýlymy bilen TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşigiň II tapgyryna ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşa edip bilersiňiz.
Mätgurban MÄTGURBANOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
01/06/2024
ÝAŞ ÇAPAR