30/11/-0001
870
Nobatdaky okuw sapagy geçirildi
2021-nji ýylyň iýun aýynyň 2-sine Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň garamagyndaky Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkeziniň wekilleriniň gatnaşmagynda Durnukly ösüş maksatlarynyň 12-nji maksady bolan Jogapkärçilikli sarp edişlik we önümçilik boýunça okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyň dowamynda bu ugur boýunça ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýerine ýetirilýän ägirt uly işler barada anyk mysallar arkaly giňişleýin gürrüň edildi. Hususan-da, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna we pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygy, bu bolsa 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilmeginde aýratyn ähmiýetlidigi nygtaldy.
Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.