 
                                                                                      28/11/2023
                        1295
Näme üçin ýene Osaka?!
Sözbaşy tarp ýerden goýlan ýaly bolup biler. Ýöne işewürlik bilen iş salyşýan adamlar gürrüňiň 
«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi bilen baglanyşygynyň bardygyny 
aňan bolsalar gerek. Hakykatdanda, 
Ýer ýüzüniň 150den gowrak ýurdunyň, iri halkara guramalaryň 25 sanysynyň millionlarça wekilini bir ýere 
jemlejek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi üçin bu gezek ýene näme 
sebäpden Osaka şäheri saýlandyka? 
Taryha ser salanymyzda, Osakada mundan ozal hem «EKSPO» Bütindünýä sergisiniň geçirilendigini 
görýäris. Has dogrusy, dünýäniň iň 
abraýly sergisi bu şäherde iki gezek: 1970nji ýylyň 15nji marty — 
13nji sentýabry aralygynda «Adam
zat üçin ösüş we sazlaşyk», şeýle
de 1990njy ýylyň 1nji aprelinden 
30njy sentýabryna çenli «Tebigatyň 
we adamzadyň bilelikde sazlaşykly bolmagy» temasy bilen geçirildi. 
«Durmuşymyz üçin geljekki jemgyýeti döretmek» atly tema bagyşlanan bu gezekki dünýäniň iň iri 
gözden geçirilişi 2025nji ýylyň 13
nji aprelinden 13nji oktýabry aralygynda myhmanlary kabul eder. 
Deslapky maglumatlara görä, halkara sergä 30 milliona golaý adamyň 
gatnaşmagyna garaşylýar.
Umuman, Osaka hem tejribe, 
hem «EKSPO» Bütindünýä sergisiniň geçirilmegi üçin talap edilýän 
ykdysady mümkinçilikler babatda 
öňe saýlanýar. Çünki şäher 1900nji 
ýyllaryň başlarynda eýýäm senagat 
merkezine öwrüldi. Ol Ýaponiýanyň 
iň iri ykdysady, ösen maliýe, halkara 
gözleg we ösüş merkezi hasaplanýar. 
Şäher Osaka biržasyny, «Panasonic», 
«Sharp» elektronika kompaniýalaryny, şeýlede 30a golaý uniwersiteti özünde jemleýär. Ýeri gelende 
bellesek, Osaka şäherinde geçiriljek 
«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi üçin ýaponlar Ýumeşima emeli 
adasyny döretdiler. Şeýlede serginiň binalaryny gurmak üçin 
1,1 milliard amerikan dollary möçberinde serişde gönükdirdiler. 
Ine, şu aýratynlyklar bilen Osaka 
şäheri «EKSPO — 2025» Bütindünýä 
sergisi üçin nobatdaky duralga boldy.
Jahantäç ÖWEZOWA,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Biznes reklama».
Çeşme:
 
                             
                            