Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Näme üçin ýene Osaka?!
    Näme üçin ýene Osaka?! surady
    28/11/2023

    1016

    Näme üçin ýene Osaka?!

    Sözbaşy tarp ýerden goýlan ýaly bolup biler. Ýöne işewürlik bilen iş salyşýan adamlar gürrüňiň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergi­si bilen baglanyşygynyň bardygyny aňan bolsalar gerek. Hakykatdan­da, Ýer ýüzüniň 150­den gowrak ýurdunyň, iri halkara guramalaryň 25 sany­synyň millionlarça wekilini bir ýere jemlejek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi üçin bu gezek ýene näme sebäpden Osaka şäheri saýlandyka? Taryha ser salanymyzda, Osaka­da mundan ozal hem «EKSPO» Bü­tindünýä sergisiniň geçirilendigini görýäris. Has dogrusy, dünýäniň iň abraýly sergisi bu şäherde iki gezek: 1970­nji ýylyň 15­nji marty — 13­nji sentýabry aralygynda «Adam­ zat üçin ösüş we sazlaşyk», şeýle­ de 1990­njy ýylyň 1­nji aprelinden 30­njy sentýabryna çenli «Tebigatyň we adamzadyň bilelikde sazlaşyk­ly bolmagy» temasy bilen geçirildi. «Durmuşymyz üçin geljekki jem­gyýeti döretmek» atly tema bagyşlanan bu gezekki dünýäniň iň iri gözden geçirilişi 2025­nji ýylyň 13­ nji aprelinden 13­nji oktýabry ara­lygynda myhmanlary kabul eder. Deslapky maglumatlara görä, halkara sergä 30 milliona golaý adamyň gatnaşmagyna garaşylýar. Umuman, Osaka hem tejribe, hem «EKSPO» Bütindünýä sergisi­niň geçirilmegi üçin talap edilýän ykdysady mümkinçilikler babatda öňe saýlanýar. Çünki şäher 1900­nji ýyllaryň başlarynda eýýäm senagat merkezine öwrüldi. Ol Ýaponiýanyň iň iri ykdysady, ösen maliýe, halkara gözleg we ösüş merkezi hasaplanýar. Şäher Osaka biržasyny, «Panasonic», «Sharp» elektronika kompaniýala­ryny, şeýle­de 30­a golaý uniwersiteti özünde jemleýär. Ýeri gelende bellesek, Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi üçin ýaponlar Ýumeşima emeli adasyny döretdiler. Şeýle­de ser­giniň binalaryny gurmak üçin 1,1 milliard amerikan dollary möçberinde serişde gönükdirdiler. Ine, şu aýratynlyklar bilen Osaka şäheri «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi üçin nobatdaky duralga boldy.

    Jahantäç ÖWEZOWA,
    TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
    «Biznes reklama».

    Çeşme:
    "Biznes reklama" gazeti 27.11.2023 ý.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI