23/04/2026
47
Multimedia žurnalistikasy boýunça okuw maslahaty geçirildi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji apreli aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda «Multimedia žurnalistikasy: sanly gurallaryň kömegi bilen jemgyýetçilik taýdan möhüm temalary häzirki zaman media formatlarynda şöhlelendirmek» atly okuw maslahaty geçirildi. Oňa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Žurnalistika we media ulgamynda işleýän hünärmenleriň, ýaş žurnalistleriň hem-de aragatnaşyk işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen üç günlük okuw maslahaty ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy William Lifiň çykyşy bilen badalga aldy. Ol öz çykyşynda häzirki döwürde sanly media gurallarynyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de russiýaly tejribeli hünärmenler Ýuriý Zwýaginsewiň we Alekseý Terehowyň çykyşlary diňlenildi.
Üç günlük okuw maksatnamasy giň gerimli ýagdaýda geçip, onda häzirki döwrüň media tendensiýalary, maglumat sarp ediş medeniýetiniň üýtgemegi, çylşyrymly jemgyýetçilik meselelerini ýokary hilli beýan etmegiň usullary, infografika, maglumatlary emeli aň arkaly wizual görnüşde taýýarlamak, multimedia taslamalaryny döretmek dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
Oguloraz EÝEBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň
uly mugallymy.
Soňky täzelikler
23/04/2026
“BILELIKDE OKALYŇ!” ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
22/04/2026
OKUW STUDIÝASYNA GEZELENÇ GURALDY