Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • Ylmy-amaly maslahat geçirildi
        • HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇI BILEN GEÇEN DUŞUŞYK
      • Halkara günler
        • 8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Ясмин Гуэдар в гостях у экспертов Центра стратегических исследований ИМО МИД Туркменистана
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Halkara günler / ENE ÝER — UMUMY ÖÝÜMIZ WE MUKADDESLIGIMIZ
    ENE ÝER — UMUMY ÖÝÜMIZ WE MUKADDESLIGIMIZ surady
    22/04/2026

    399

    ENE ÝER — UMUMY ÖÝÜMIZ WE MUKADDESLIGIMIZ

    Her ýylyň 22-nji aprelinde dünýä jemgyýetçiligi iň uly ekologiýa senelerinden biri bolan Halkara Ene Ýer gününi dabaraly belleýär. Bu sene adamzadyň ünsüni tebigaty goramaga, ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmäge we biziň umumy öýümiz bolan Ýer togalagyna söýgi bilen çemeleşmäge çagyrýar.
    Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň karary bilen döredilen bu halkara güni, adamzat bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygy dikeltmegiň zerurdygyny ýatladýar. “Ene Ýer” adalgasynyň özi hem bu mukaddeslige bolan hormatyň, sarpanyň we biziň ählimiziň tebigat bilen aýrylmaz baglanyşykdygymyzyň nyşanydyr.
    Häzirki wagtda global derejede ýüze çykýan klimat çalşygy, biodürlüligiň azalmagy we daşky gurşawyň hapalanmagy ýaly meseleler her bir ynsandan jogapkärçilikli bolmagy talap edýär. Halkara Ene Ýer güni diňe bir baýramçylyk däl-de, eýsem, tebigatyň baýlyklaryny tygşytly ulanmak, ekoulgamlary dikeltmek we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak ugrunda bitirilýän işleriň jemidir.
    Türkmenistanda daşky gurşawy goramak we tebigata aýawly çemeleşmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli tokaý zolaklary döredilýär, suw serişdelerini tygşytly ulanmagyň iň döwrebap usullary ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň her bir künjeginde her ýyl ekilýän millionlarça düýp bag nahallary “Ýaşyl guşagyň” has-da giňelmegine we ekologiýa abadançylygyna uly goşant bolup durýar.
    Her birimiziň ekýän bir düýp bagymyz, tygşytlaýan suwumyz, tebigata ýetirýän kiçijik kömegimiz umumy öýümiziň geljegi üçin ädilen uly ädimdir. Tebigaty söýmek we ony gorap saklamak — diňe bir borç däl, eýsem, geljekki nesilleriň öňündäki mukaddes jogapkärçiligimizdir.
    Goý, biziň Ene Ýerimiz hemişe gül-gülüstanlyga bürensin, adamlaryň kalbynda bolsa tebigata bolan çäksiz söýgi we hormat hemişelik orun alsyn!

    Aýperi AKMYRADOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI surady

    08/05/2026

    8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
    3-nji maý – Bütindünýä metbugat azatlygynyň güni surady

    02/05/2026

    3-nji maý – Bütindünýä metbugat azatlygynyň güni
    BÜTINDÜNÝÄ KITAP WE AWTORLYK HUKUGY GÜNI surady

    23/04/2026

    BÜTINDÜNÝÄ KITAP WE AWTORLYK HUKUGY GÜNI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI