Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • Ylmy-amaly maslahat geçirildi
        • HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇI BILEN GEÇEN DUŞUŞYK
      • Halkara günler
        • 8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Ясмин Гуэдар в гостях у экспертов Центра стратегических исследований ИМО МИД Туркменистана
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / “BILELIKDE OKALYŇ!” ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
    “BILELIKDE OKALYŇ!” ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
    “BILELIKDE OKALYŇ!” ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
    “BILELIKDE OKALYŇ!” ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
    “BILELIKDE OKALYŇ!” ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
    “BILELIKDE OKALYŇ!” ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
    “BILELIKDE OKALYŇ!” ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
    23/04/2026

    656

    “BILELIKDE OKALYŇ!” ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

    2026-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni mynasybetli “Bilelikde okalyň!” atly gibrid görnüşinde bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Berkararlyk etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirildi.
    Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we magistrleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar dünýä edebiýatyndan saýlan eserleri boýunça iňlis dilinde prezentasiýa bilen çykyş etdiler.
    Bäsleşigiň esasy maksady ýaşlaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmakdan, olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmakdan hem-de döredijilik ukyplaryny ösdürmekden ybarat boldy.
    Garaşsyz eminler topary tarapyndan kesgitlenen bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Öwezgeldi Akmämmedow Baş baýraga, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Mähri Durdynazarowa I orna, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Näzik Ataýewa II orna we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Aýsoltan Annakowa III orna mynasyp boldular. Ýeňijiler Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglandylar.
    Şeýle çäreler ýaşlaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmekde, olaryň dünýä edebiýatyna bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda hem-de halkara medeni gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Gatnaşyjylar ýurdumyzda ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler, bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi üçin alnyp barylýan giň gerimli işler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

    Aýgözel ÖWEZOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    HALKARA HUKUKÇYLAR ÜÇIN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY surady

    14/05/2026

    HALKARA HUKUKÇYLAR ÜÇIN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
    Belgiýaly žurnalist Derýa Soýsal bilen okuw sapagy geçirildi surady

    14/05/2026

    Belgiýaly žurnalist Derýa Soýsal bilen okuw sapagy geçirildi
    Sebitiň ösüşiniň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy surady

    14/05/2026

    Sebitiň ösüşiniň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI