Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / MILLI DIPLOMATIÝANYŇ YLMY BINÝADY: KÄMILLIGIŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI
    MILLI DIPLOMATIÝANYŇ YLMY BINÝADY: KÄMILLIGIŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI surady
    30/11/-0001

    573

    MILLI DIPLOMATIÝANYŇ YLMY BINÝADY: KÄMILLIGIŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI

    Hormatly Pre­zi­den­timiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 8-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde  Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny tassyklady we ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde duran we ýokary talaplar bilen esaslandyrylan täze wezipeleri kesgiledi.

     

    Türkmenistan dünýäniň halkara gatnaşyklary ulgamynda özüniň anyk ýörelgelerine we aýdyň maksatlaryna esaslanýan köptaraplaýyn we toplumlaýyn häsiýetdäki daşary-syýasy strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýar häzir­ki za­ma­nyň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ul­ga­myn­daky täsirli we abraýly ornuny barha berkidýär. Biziň döwletimiz hoşniýetli goňşuçylygyň we birek-birege hor­mat goý­ma­gyň, halkara hukugynyň we parahatçylygy dörediji diplomatiýanyň ka­da­la­ry­na ygrarly bolmak bilen,  özara bähbitli hyz­mat­daş­lyk esaslarynda sebit we dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklaryny günsaýyn giňeldýär.

    Çuňňur hormatlanýan milli Liderimiz ýur­du­my­zyň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­na aý­ra­tyn ta­lap­la­ry bil­dirmek bilen ­birlikde, döwürleýin amala aşyrylan işlere düýpli seljeriş berýär we uly geljege gönükdirilen täze we belent wezipeleri kesgitleýär. Olar ilkinji nobatda döw­le­ti­mi­ziň mil­li bäh­bit­le­ri­ni üp­jün et­mek, iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn esas­da gu­rul­ýan oňyn we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ma­gyň täze we netijeli çe­me­leş­me­le­ri­ herekete getirmek bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Dün­ýädäki we se­bit­däki ýag­daý­la­ra stra­te­gi­ki taý­dan ba­ha ber­mek üçin yl­my we sel­je­riş usul­la­rynyň ýerlikli ulanylmagy hem üns merkezinde durýar we olar diplomatiki işde uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.

    Türk­me­nis­ta­nyň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy döw­let ta­ra­pyn­dan ýo­ka­ry de­re­je­de gör­ke­zil­ýän gol­da­wyň, ýo­ka­ry kär us­sat­ly­gy­na eýe hünär­men­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­nyň, olaryň saý­la­nyp alyn­ma­gy­nyň we ýer­li-ýe­rin­de go­ýul­ma­gy­nyň berk bin­ýa­dyn­da gu­ra­lan­dyr. Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy bi­len döre­di­len ýöri­te ýo­ka­ry okuw mek­de­bi bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tynda  hem bilim we ylym işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we bildirilýän belent talaplara laýyk gelmek boýunça toploumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

    Hormatly döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, olary bilim görkezijileri babatda dünýä belli okuw mekdepleriniň sanawyna girizmek boýunça degişli işler geçirmek barada wajyp wezipe döredilmelidir. Munuň özi bolsa bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy hataryna çykarmak bilen göniden göni bagly bolup durýar.

    Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan sanly diplomatiýanyň ösdürilmegi, maglumat howpsuzlygynyň we kiberhowpsuzlygyň üpjün edilmegi ýaly wajyp wezipeleri durmuşa geçirmegiň ylmy esaslaryny taýýarlamakda hem milli diplomatiýanyň ýokary mekdebiniň paýyna derwaýys işler düşýär. Agzalan  Konsepsiýada bellenen degişli çäreleri we teklipleri, şol sanda halkara ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlyk boýunça çäreleri amala aşyrmakda hem ylmy-seljeriş we çaklaýyş esasalandyrmalara aýratyn orun degişlidir.

    Öňde goýlan belent wezipeleri talabalaýyk derejede ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw maksatnamalary we gurluş düzümi ýylyň-ýylyna kämilleşdirilýär. Bu babatda aýratyn hem  döwlet Baştutanymyzyň ýokary çözgüdi bilen bakalawriat we magistratura ugurlarynyň açylmagy geljekki diplomatlary taýýarlamak işiniň kämilleşmeginde täze tapgyry aňlatdy. Şu jähetden dünýäniň öňdebaryjy bilim ulgamlarynyň wajyp düzüm bölegi bolan magistratura ugrunyň açylmagy aýratyn bellärlikdir.

    Türkmenistanyň Bilim hakynda Kanunynda 28-nji maddasynyň 4-nji bendinde bellenilişi ýaly: “4. Taýýarlygyň ugurlary boýunça okatmak amala aşyrylýan iki derejeli gurluş düzümi bolan ýokary hünär biliminiň ikinji derejesi (mundan beýläk – magistr maksatnamasy) hünär we (ýa-da) dolandyryş wezipeleriniň birnäçesini özbaşdak çözmäge, pedagogik işiň dürli görnüşlerini geçirmäge we ylmy-barlag işlerini alyp barmaga taýýarlamagy üpjün edýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenilýär”.

    2022/2023-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky birnäçe derwaýys ugurlarynyň açylanlygyny nygtamak zerur. Hususan-da olar şulardan ybaratdyr:

    1. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (taýýarlygyň ugurlary: sanly diplomatiýa; Gündogary öwreniş; seljeriş we strategiki meýilleşdiriş).

    2. Hukuk işi (taýýarlygyň ugurlary: halkara hususy hukugy; halkara jemagat hukugy).

    3. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugry: syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy).

    Ýokarda görkezilen ugurlar  boýunça okamak üçin dalaşgärlerde şu aşakda görkezilen ýokary biliminiň degişli diplomlarynyň bolmagy hem talap edilýär:

    - “Sanly diplomatiýa” ugry boýunça halkara gatnaşyklary, dünýä syýasaty, syýasat ylymlary we sebit öwreniş, taryh, sanly ulgamlar we maglumat kommunikasiýa informatika we hasaplaýyş tehnikasy, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary, ykdysady kibernetika, maglumat howpsuzlygy, sosiologiýa   çygrynda;

    - “Seljeriş we strategiki meýilleşdiriş” ugry boýunça halkara gatnaşyklary, dünýä syýasaty, syýasat ylymlary we sebit öwreniş, taryh, sanly ulgamlar we maglumat kommunikasiýa çygrynda;

    - “Gündogary öwreniş” ugry boýunça halkara gatnaşyklary, dünýä syýasaty, syýasat ylymlary we sebit öwreniş, taryh, geografiýa, sanly ulgamlar we maglumat kommunikasiýa, Gündogar dilleri we edebiýaty (türkmen, türk, arap, pars, hytaý, ýapon, koreý, hindi) çygrynda;

    - “Halkara hususy hukugy” we “Halkara jemagat hukugy” ugurlary boýunça halkara hukugy, halkara hususy hukugy, halkara jemagat hukugy, hukuk öwreniş, ykdysady hukugy, maliýe hukugy, ykdysadyýet we hojalyk hukugy;

    - “Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy” ugry boýunça žurnalistika, halkara žurnalistikasy, internet žurnalistikasy çygrynda.

    Dünýäniň ýokary bilim standartlaryna görä, magistrlik taýýarlygy mazmun taýdan ilkinji nobatda ylmy ugry aňladýar. Şu mynasybetli hem, magistrlik okuw meýilnamalarynda we maksatnamalarynda ylmy-teoretiki taýdan taýýarlyk, amaly-tejribe işlerini geçirmek, seljeriş-çaklaýyş başarnyklaryna eýe bolmak wezipeleri ileri tutulýar.

     Hormatly Prezidentimiziň iň ýokary  döwlet derejesindäki bildirilýän aladalary we berýän goldawlary mynasybetli ýurdumyzyň ýokary bilim ojaklarynda okap, arzuw edýän hünärlerine eýe bolmak isleýän ýaşlaryň taýýarlyk derejesiniň  ýylyň-ýylyna hil taýdan kämilligini görmek bolýar.  Munuň özi bolsa mähriban Watanymyzyň milli bähbitlerini halkara gatnaşyklary ulgamynda doly üpjün etmek üçin geljekki mynasyp nesilleriň ýetişýänligine aýdyň şaýatlyk edýär.



    Begenç KARAÝEW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

     Halkara gatnaşyklary instituty

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI