
322
MERKEZI AZIÝANYŇ YAŞ DIPLOMATLARY ÜÇIN SEBITLEÝIN OKUW
2025-nji ýylyň 12-16-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin bäş günlük sebitleýin okuw maslahaty geçiriler. Bu okuw BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjy edarasy (BMG HUE) hem-de BMG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň goldaw bermeginde, Merkezi Aziýa boýunça BMG HUE-niň, BMG-niň Syýasy we Parahatçylyk gurujy meseleler boýunça müdirliginiň (SPGM) hem-de Merkezi Aziýa üçin BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (ÖADSM) gatnaşmagynda gurnalýar.
Bu sebitleýin okuw maslahatyna Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistandan bolan iňlis dilini bilýän ýaş diplomatlar gatnaşýarlar.
Okuw maslahatynyň esasy maksady — Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ýaş diplomatlarynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Olar BMG-niň işi, maglumatlary derňemek, hödürlemek we paýlaşmak babatdaky esasy çemeleşmeleri boýunça amaly we interaktiw görnüşde düşünjelerini artdyrarlar. Sebitleýin okuw maslahaty çykyşlardan, simulýasiýa görnüşindäki amaly sapaklardan, wideo ýazgylaryndan we giňişleýin pikir alyşmalardan ybarat bolar.
Bu okuw maslahaty BMG-niň Baş ştab kwartirasyndan gelýän hünärmenleriň, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň Hemişelik utgaşdyryjylarynyň, şeýle hem Aşgabatdaky BMG-niň ýurt boýunça toparynyň (BMG ÝBT) we ÖADSM-niň hünärmenleriniň baý tejribesini we bilimlerini ulanmaga gönükdirilendir. Şeýle-de, ýaş hünärmenler amaly okuwlar we simulýasiýa arkaly diplomatik başarnyklary we usullary kämilleşdirmäge, BMG-niň usulyýetleri we seljeriş gurallary bilen tanyşmaga, BMG-niň diline we adalgalaryna düşünmäge, Merkezi Aziýadan gelen ýaş diplomatlaryň arasynda sebitleýin hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary pugtalandyrmaga mümkinçiliklerden peýdalanarlar.
Mahym AKGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.