13/06/2026
68
«MERKEZI AZIÝA+ITALIÝA SAMMITINIŇ YKDYSADY ÄHMIÝETI» ATLY FAKULTATIW OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň «Ýaş ykdysatçylar» ylmy gurnagynyň guramagynda «Merkezi Aziýa+Italiýa sammitiniň ykdysady ähmiýeti» atly fakultatiw okuw sapagy geçirildi. Oňa Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.
Okuw sapagyny Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy B.Ataýew alyp bardy. Onuň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Italiýanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze strategik tapgyra gadam basandygy, aýratyn-da, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň sammitde öňe süren möhüm başlangyçlarynyň ykdysady ähmiýeti barada giňişleýin düşündirildi.
Okuw sapagy täsirli bolup, talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna jogaplary aldylar.
Myrat MAKSADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby