01/11/2023
568
«Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlygynyň 16-njy forumy: köpugurly hyzmatdaşlygyň täze tapgyry
Türkmenistanyň Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmek Türkmenistanyň daşary syýasat ugrundan gözbaş alýar. Şeýle döwletleriň hatarynda Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşyk öňdäki orunlary eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň 2008-nji ýylyň noýabryndaky, 2015-nji ýylyň aprelindäki, 2022-nji ýylyň noýabryndaky Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparlary hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň 2014-nji we 2019-njy ýyllarda biziň ýurdumyza döwlet saparlary, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Phýonyň 2023-nji ýylyň iýulyndaky saparlary türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ilerlemegine badalga berdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary döwründe Hormatly Prezidentimiz Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygynda döwlet baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny, şeýle hem, noýabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisiniň ähmiýetini bellediler.
Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.
Koreýa Respublikasynyň ykdysady ösüşini, mümkinçiliklerini gysgaça beýan edenimizde ýurt çalt ösýän senagatly oba hojalykly döwlet hasaplanýar. Ol «Aziýa gaplaňlarynyň» arasynda öňdäki orunlarynyň birini eýeleýär. Koreýada kömrüň, galaýynyň baý gorlary bar. Ykdysadyýetde gaýtadan işleýän senagata möhüm orna degişlidir. Gämileri, awtoulaglary elektronika we elektrotehnika önümlerini, polat öndürmekde dünýäde öňdebaryjy döwletleriň hataryna girýär. Koreýa dünýäde iň iri gämi öndüriji ýurtdur. Dünýäde öndürilýän gämileriň tas ýarysyna golaýy (45%) bu ýerde öndürilýär. Koreýanyň «Samsung, «LG», «Hundai», «Daewoo» kompaniýalary dünýäniň elektrotehnika, durmuş enjamlary, awtoulag harytlary bazarynda özüniň mynasyp orny eýeleýär. Ýurt ylma daýanýan önümçilige, ýokary tehnologiýalara geçirmek arkaly halk hojalygy üýtgedip gurmak meselesine we ylma uly üns berýär. Koreýa özüniň teleseriallary bilen hem dünýäniň kino bazarlarynda meşhurdyr. Ynha 2023-nji ýylyň 4-5-nji noýabrynda «Aşgabat» kinoteatrynda «Koreýanyň Medeniýet hepdeligi-2023»-iň çäginde koreý filmleriniň festiwaly hem geçiriler. Koreýa dünýäniň ylmyň we tehnologiýanyň ösen döwletleriniň biridir. 1953-nji ýylda «Başlangyç bilim hökmany» diýen kanun güýje girýär. 1998-nji ýylda okuw prossesinde internet ulgamyny ulanmak has giňişleýin ornaşyp başlady. Orta we ýokary okuw mekdeplerini internet bilen üpjün etmek üçin diňe 1998-nji ýylda döwlet býujetinden 1,1 milliard amerikan dollary möçberinde pul serişdesi sarp edilýär. Koreýanyň ykdysadyýetiniň ösmeginiň aýratynlyklarynyň esasylaryň biri hem erkin ykdysady zolaklar tutýar. Häziki wagtda Günorta Koreýada birnäçe sany dürli görnüşlere bölünen erkin ykdysady zolaklar hereket edýär. Häzirki döwürde durnukly ösüşe, şol sanda «ýaşyl ykdysadyýete» geçmegiň dünýä tejribesini öwrenmekde hem koreý tejribesi kämil hasaplanýar. Ekologik taýdan arassa ykdysadyýete höwes döretmegiň nusgasyny alyp barýan ýurtlaryň hataryna Koreýa häzirki wagtda «ýaşyl ösüşi» milli baş ýörelge hökmünde saýlap alan döwlet hökmünde bu ugra gönükdirilen serişdeler 12 mlrd amerikan dollaryndan gowrak. Serişdeler «ýaşyl» görnüşli ulaglary işläp taýýarlamaga, süýji suwuň alternatiw çeşmelerine, galyndylary gaýtadan işlemegiň tehnologiýalaryna, seýilgähleri, gök-guşak zolaklary ösdürmek, şäheriň çägindäki derýalary abadanlaşdyrmak bilen meşgullanýan telekeçilere berlen karzlara we ýeňillikli salgytlara gönükdirilen.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda dowam edýän oňyn ykdysady gatnaşyklaryň ähmiýeti hil taýdan baýlaşýar. Koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz käninde tebigy gazy kükürtden arassalamak boýunça zawodyny, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň tehniki taslamasynyň işlerini, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň ikinji tapgyrynyň, tebigy gazdan benzin almagyň önümçiligi we metallurgiýa boýunça zawodlaryň gurluşyklaryny hem görkezmek bolar. Dünýä meşhur «LG» hem-de «Hyundai» koreý kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebit-gaz we ulag pudaklarynyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Gyýanlydaky polimer zawodynyň gurluşygy koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň himiýa we energetika senagatynyň ösüşine ähmiýetli goşandy boldy.
2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Aşgabada resmi sapar bilen gelen Koreýanyň Daşary işler ministri Pak Çžiniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministrleriň derejesinde geçirilen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiki, dowamly we uzak möhletli häsiýete eýedigi nygtaldy. Aýratyn hem, taraplaryň arasynda saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmekde «Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Pusan milli uniwersitetiniň Koreý lukmançylyk mekdebiniň we Koreýa Respublikasynyň Koreý lukmançylygynyň ösüş milli institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama», Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň resmi saparynyň çäklerinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Koreý uniwersitetiniň Lukmançylyk kollejiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Şonuň bilen birlikde gol çekilen «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşygy», «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk Maksatnamasy» hyzmatdaşlygyň geljekki ädimlerine badalga berer.
2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmen milli manadynyň 30 ýyllygynyň bellenilip geçilýän senesinde Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisiniň geçirilmegi Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň barha dabaralanýandygy görkezýär. 2023-nji ýylda bu düzüme Türkmenistanyň başlyklyk edýän ýylynda geçirilýän forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň Ýaş telekeçileriniň Işewürlik forumynyň, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» Işewürler Geňeşiniň dördünji mejlisiniň we «Türkmenistan — Koreýa Respublikasy» Işewürler Geňeşiniň bäşinji mejlisiniň geçirilmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň gazananlaryna bagyşlanan sergileriň guralmagy hem göz öňünde tutulýar.
Mährijemal MÄMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI