23/06/2022
980
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahat
2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy – türkmen medeniýetiniň egsilmez çeşmesi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgärleri we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden professor mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda “Medeni miras we hukuk medeniýeti” atly tema boýunça Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň esasy ylmy işgäri Meretguly Tangiýew, “Magtymguly Pyragynyň ylym-bilime goýan sarpasy” atly tema boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy Mähriban Gandymowa, “Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň iňlis dilindäki terjimeleriniň deňeşdirme usullary” atly tema boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy Osman Hemzäýew, şeýle-de “Magtymgulynyň döredijiliginiň dünýä edebi mirasyndaky orny” atly tema boýunça Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby Sona Halykowa çykyş etdiler.
Milli medeniýetimizi, medeni mirasymyzy ösdürmäge uly üns berilýän Diýarymyzyň dünýä ýüzündäki gazanýan üstünlikleri barada maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen bellediler. Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasy türkmen halkynyň ruhy genji-hazynasynyň, onuň öz köklerini müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan özboluşly milli medeniýetiniň ähmiýetli hem-de aýrylmaz bölegidir. Türkmen nusgawy şahyrynyň goşgulary häzirki döwürde ruhy, ahlak, estetiki taýdan terbiýelemegiň öz ýokary maksadyny we belent wezipesini ýerine ýetirýär. Magtymguly Pyragynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň genji-hazynasyna giren eserleri häzirki wagtda adamlaryň kalbynda belent duýgulary oýarmak bilen dünýäniň ençeme dillerinde ýaňlanýandygy barada ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler bellediler.
Soňra maslahat “Magtymgulynyň filosofiýasy – parahatçylygyň ynsanperwerligiň ýörelgesi”, “Ykdysady üstünlikler — ähli ösüşleriň girewi”, “Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi – ýaşlary terbiýelemegiň gözbaşy” atly bölümçelerde öz işini dowam etdirdi.
Miwe Nabatowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Žurnalistikanyň nazaryýeti we
amalyýeti
kafedrasynyň mugallymy.