Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / MAŞGALA TERBIÝESINDE ZENANLARYŇ ORNY
    MAŞGALA TERBIÝESINDE ZENANLARYŇ ORNY
    MAŞGALA TERBIÝESINDE ZENANLARYŇ ORNY
    MAŞGALA TERBIÝESINDE ZENANLARYŇ ORNY
    MAŞGALA TERBIÝESINDE ZENANLARYŇ ORNY
    28/02/2024

    1995

    MAŞGALA TERBIÝESINDE ZENANLARYŇ ORNY

    2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň guramagynda institutyň talyp gyzlaryny watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, maşgala mukaddesligi, tertip-düzgün, milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, adam saglygyna zeper ýetirýän zyýanly endikleri düşündirmek, ýaşlaryň saglygyny, işjeňligini ýollaryny, maşgalanyň sagdyn bolmagy, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmeklik we ýaşlaryň bu meseleler barada düşünjesini ýokarlandyrmak maksady bilen «Maşgala terbiýesinde zenanlaryň orny» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy, institutyň ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy Gyzylgül Gurbanmuhamedowa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Berkararlyk etrap polisiýa bölüminiň wekili polisiýanyň kapitany Oguljan Gurbangulyýewanyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we Derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäher 7-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Aýsona Allaberenowanyň, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, mährem ene Kümüş Ataýewanyň çykyşlary diňlenildi. Ata-babalarymyz «Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de bizini al» diýip, ýöne ýere aýtmaýarlar. Edepli maşgaladan edepli gyz çykar. Sebäbi ene terbiýesi ene mekdebi gyz üçin görüm-görelde bolup çykyş edýär. Türkmen gelin-gyzlarymyzyň özüne serenjam berşi hemişe milli äheňdedir. Gyz maşgalanyň gözelligi onuň daş keşbinde jemlenýär. Asyrlarboýy sünnälenip gelnen däp – dessurlarda, ýagşy niýet, Watana söýgi, mirasyňa we milli däp – dessurlaryňa hormat, şol halkyň medeniýetiniň, sowatlylygynyň derejesini, alamatlaryny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Dünýä eneleriň mähribanlygyndan nurlanýar» diýip belleýär. Haçan-da ene mähri ýeterlik derejede bolanda çaganyň özüne bolan ynamy döräp, onuň kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde ähmiýeti örän uludyr. Çaganyň edebi barada aýtsak, «Gyz edebi öýüň görki» ýa-da «Ata dünýäsi ogla gönezlik», «Çagany – ýaşdan, edebi başdan» nakyllarynda aýdylyşy ýaly, ene-ata terbiýäniň gözbaşy, perzentleriň penakäri bolup, her öýde ene-atanyň sözi durmuş ýörelgesi bolup durýar. Çaganyň terbiýesi ilki bilen öz maşgalasynda gören görüm-göreldesinden başlanýar, «Ata gören ýol keser, ene gören don keser» nakyldan ugur alyp agzybir ojakda halal zähmet çekilýän maşgalada terbiýe çaganyň öz ene-atasyna, ata Watanyna wepaly bolup ýetişmegine uly ähmiýet berýär.
    Çykyş edenler hem, öz gezeginde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň zyýanly endiklerden daşda durmalydygy, saglygyň maşgaladan başlanýandygy, maşgala saglygynyň ýurduň saglygyna deňelýändigi, sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň zerurlygy dogrusynda gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, hünärlere höwesli we ýokary medeniýetli kemala gelmekleri ugrunda ägirt uly tagallalar edýär. Türkmen eneleriniň, zenanlarynyň maşgala bagtyna guwanyp ýaşamaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

    Gyzylgül GURBANMUHAMEDOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI