18/03/2025
2317
«MÄHIR SIŇEN MIRASYM» ATLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY
2025-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň ilkinji Zenanlar guramasy, ilkinji Ýaşlar
guramasy, Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň «Ýaş
žurnalistler» ylmy-döredijilik gurnagy we “Miras” teleradioýaýlymy bilen
bilelikde gurnamagynda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli
«Mähir siňen mirasym» atly aýdym-sazly döredijilik dabarasy geçirildi. Oňa
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
mugallymlary şeýle-de aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeňleri we döredijilik
bilen içgin gyzyklanýan talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler adamzadyň iň gadymy baýramy bolan Nowruz
baýramynyň taryhy, aýratynlygy, onuň özboluşly däp-dessurlary, türkmeniň milli
mirasy barada gürrüň etdiler. Aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeňleri milli
mirasymyzyň, bahar paslynyň waspyny ýetirýän türkmen edebiýatynyň görnükli
wekilleriniň miras galdyran ajaýyp goşgularyna döredilen aýdym - sazlary ýerine
ýetirdiler.
Duşuşykda edilen gyzykly çykyşlar, ýaňlanan ajaýyp aýdym-sazlar oňa
gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Gülnara MYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.