Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi / T.BEKJÄÝEW. Magtymgulynyň eserleriniň frazeologik sözlügi. - Aşgabat, TDNG, 2016 (A)
    T.BEKJÄÝEW. Magtymgulynyň eserleriniň frazeologik sözlügi. - Aşgabat, TDNG, 2016 (A) surady
    21/06/2023

    948

    T.BEKJÄÝEW. Magtymgulynyň eserleriniň frazeologik sözlügi. - Aşgabat, TDNG, 2016 (A)

    Abat galmak – bitin, şikes, zyýan ýetmedik.

    Säher tur, Hudaýa ýalbar, Yslam öýüň abat galsyn.

    Ýamany goý, ýagşa ýol ber,

    Şeýtan işi berbat galsyn (Abat galsyn).

    Abat kylmak –  bejermek, abadan, dikeldilen  görnüşe getirmek.

    Dide hunbar eýläýibän howly-kyýamat ýat kyl,

    Tur, säher ýat et Hudany, uýkyny berbat kyl,

    Ahyrýet mäwasyny yhsan bile ki abat kyl...(Bolmasdan burun).

    Abraý almak – mertebeli, köpüň içinde sylanýan, sylagly adam bolmak.

    Bäş gün köňül hoş etmäge,

    Supra ýaýyp, nan dökmäge,

    Abraý alyp, at etmäge,

    Gollarynda bar gerekdir (Ýar gerekdir).

    Abraý bermek – mertebeli, sylagly adama öwürmek, halkyň arasynda sylaga mynasyp etmek.

    Mert ýigide abraý beren bedewler,

    Hara döner ýal, guýrukdan aýrylsa (Hyratdan aýrylsa).

    Abraýyna goşulmak – begenjine begenip, gynanjyna gynanmak, gazanan üstünligine begenmek.

    Gaýrydandyr, abraýyňa goşulmaz,

    Köp okasa kazylyga ýetişmez,

    Şasyny öldürseň gany kokuşmaz,

    Gyzylbaş donunyň ýeňi bellidir (Jeňi bellidir).

    Abraýyň dökmek – masgaralamak, köpçülik tarapyndan ýazgarylmaga sezewar etmek, gözden düşürmek.

    Asly ýada çekme jepa,

    Bedasyldan ýokdur wepa,

    Her kişi bolsa nä sapa,

    Abyraýyň döker gider (Öter gider).

    Abraýyňy aramak – hormat-sylagyňy saklamaga çalyşmak, mertebäňi saklamak.

    Döwletiň guşuny gaçyrma destden,

    Ýagşylyk isteme aňlamaz mestden,

    Zynhar el üzmegin dil bilen dostdan, Abyraýyň arar, alar üm bile (Gam bile).

    Abraý tapmak – abraýa eýe bolmak, hormat-sylaga mynasyp bolmak, sylanmak.

    Alaman öňüni serdary başlar,

    Goç ýigitler naýza urar, gylyçlar,

    Kimse adam ýykyp, kimse at uşlar,

    Abraý tapmasa, paýa seretmez (Mala seretmez).

    Aç göz – 1. Doýmaz-dolmaz, ähli zady özüne almaga çalyşýan,  2.

    Gözi doýmaýan, seretmekden ganmaýan.

    Gijeler nala çekip, gündiz umydym ýok meniň,

    Doýmaýar bu aç gözlerim bakyp ýaryň ýüzüden (Hunlar dökerler gözünden).

    Açyk göwün – hoşamaý, göwnünde ýamanlyk bolmadyk, hemmä ýagşylyk isleýän.

    Pelek eýleme bahana,

    Zulm eýlediň geda, hana,

    Açyk göwün ýok myhmana,

    Pirlere hormat galmady (At galmady).

    Adamlykdan çykmazlyk – kabul edilen edep kadalaryny ýerine ýetirmek, adamlar bilen gowy aragatnaşyk saklamak.

    Ynsabyn elden byrakmaz,

    Mälim, adamlykdan çykmaz,

    Bu sözüm haýwana ýokmaz,

    Adam saklar güwş üstünde (Baş üstüne).

    Adamzadyň ganyna golun boýamak – ganhor bolmak, kimdir birini ýa-da birnäçe adamy öldürmek.

    Gapyl, magrur olma dünýä malyna,

    Seni aldar, işwe bilen alyna,

    Golun boýar adamzadyň ganyna,

    Gan içip ganmady, biliň bu dünýä (Boldy bu dünýä).

    Ady çykmazlyk – meşhur bolmazlyk, tanalmazlyk,  ykrar edilmezlik.

    Goç ýigidiň ady çykmaz, Döwleti-maly bolmasa.

    Endişeli iş bitirmez,

    Meýdanda däli bolmasa (Döwleti-maly bolmasa).

    Ady tutulmak – ýatlanylmak, tanalmak, bilinmek.

    Şunkaryň peri ýetiler,

    Köp daşy yrak atylar,

    Ýigidiň ady tutular,

    Garyndaş hossar biläni (Ýör biläni).

    Ady tutulmazlyk – ýatlanylmazlyk, tanalmazlyk, bilinmezlik.

    Bolmasa ýigdiň zürýady,

    Ölende tutulmaz ady,

    Tutaşmaz synanyň ody,

    Başda hyýaly bolmasa (Döwleti-maly bolmasa).

    Ady ulalmak – meşhur bolmak, tanalmak,  ykrar edilmek.

    Eger şu eýýämde ulalsa adyň,

    Ony hoş görmeýir ýakynyň-ýadyň,

    Özüňde bolmasa istegen zadyň,

    Dogry baryp, bir el gatyp bolmaýyr (Çatyp bolmaýar).

    Ady külli äleme dolmak – abraýy, şöhraty artmak, şöhrata eýe bolmak.

    Magtymguly, adyň seniň külli äleme dolup,

    Kylsa adam baryn gapyl, gizle, berme bu malny (Unudar ol ýoluny).

    Adyňa asdak bolmak – dogry bolmak, has dogry gabat gelmek.

    Diýdiler soltany-älem adyňa asdak bola,

    Mügjyzyňnyň birisi görsetgeli ol şak bile... (Ýa Resul).

    Adyna möhür gazdyrmak – özbaşyňa bolmak, her kimiň özüni hojaýyn, hökümdar saýmagy.

    Her kim öz adyna möhür gazdyrar,

    Ýazylan takdyry kimse bozdurar,

    Ikiniň sylagy birin azdyrar,

    Taýak bir dälini ýola getirmiş (Läle getirmiş).

    Adyna tagýyr bermek – üýtgetmek, özgertmek, başga ýagdaýa geçirmek.

    Razy bol adyňa ne ýazsa takdyr,

    Magtymguly, düýşi ýagşy kyl tagbyr,

    Adam bolsaň, berme adyňa tagýyr,

    Kişige bu ýoldan ýagşy ýol bolmaz (Il bolmaz).

    Aftap tutulmak – Gün tutulmak, Günüň öňüni Aýyň tutmagy, gündiziň güni garaňkyramak.

    Eý ýaranlar, ýowuz dessan bitildi, Bir goçak panydan geçdi diýdiler.

    Ahyrzaman boldy, aftap tutuldy,

    Aý-Günüň şuglasy ýaşdy diýdiler (Geçdi diýdiler).

    Agaç ata münmek – ölmek, aradan çykmak, ýogalmak.

    Eý, adamzat, bir gün otda ýanar sen,

    Bir şişe sen bu gün-saba synar sen,

    Bir gün bolar, agaç ata müner sen,

    Tura bilmeň gum astynda ýatansoň (Ötensoň).

    Agmaly mizan terezige salmak – eden işlerini seljermek, baha bermek.

    Men-menlikdir bar adamyň hyýaly,

    Taňla mälim bolar hemmäniň haly,

    Mizan terezige salyp agmaly,

    Haýren, şerren azm kylyşmak bardyr (Aglaşmak bardyr).

    Agyr döwlet – uly, kuwwatly döwlet.

    Bakar boldum her ýan, her ýan,

    Tartar boldum jebri-pygan,

    Ýurtda bolsa adyl soltan,

    Agyr döwleti bellidir (Gaýraty bellidir).

    Agyr gün – kynçylykly durmuş, hupbatly ýaşaýyş.

    Borç eýledim, agyr gündür başymda,

    Bilmen, ne belalar bardyr daşymda,

    Ne akyl, ne pikir galdy huşumda,

    Aýra saldyň meni, duşmanym pelek (Duşmanym pelek).

    Agyr işler gurmak – kyn işleri etmek, möçberi uly işleri ýerine ýetirmek.

    Magtymguly, ne menzildir, durar sen,

    Ýurt kimiňdir, agyr işler gurar sen, Kysmat olsa, garyş ýere girer sen,

    Nesip etse, alty arşyn biz bile (Köz bile).

    Agzy ala bolmak – oňşuksyz, agzybir däl.

    Ötdi ömrüň dünýä seýliň,

    Hak ýoluna bagla biliň,

    Agzy ala bolan iliň,

    Döwleti gaçan ýalydyr (Içen ýalydyr).

    Agzy mumly çykmak – geplemeýän, dymma.

    Amuhta men örtenmäge, bişmäge,

    Kişi ýok sözleşip, dert aýdyşmaga,

    Oba ujundan bardym öý soraşmaga, –

    Ýa laldyr, ýa agzy mumly çykypdyr (Gumly çykypdyr).

    Agzy oda bişmek – öň bir gezek aldanan, ýalňyşan.

    Mert gadyryn bilmez han, Ilde namardy gözlär.

    Agzy oda bişen çopan,

    Gije-gündiz gurdy gözlär (Namardy gözlär).

    Agzyny ýapmak – gepletmezlik, gürletmezlik, şol tarapdan zyýan gelmez ýaly etmek.

    Kimseler ýyglaýdyr, maksadyn tapmaý,

    Niçeler ah urar agzyny ýapmaý,

    Bir ýaby baýragy aladyr çapmaý,

    Bir bedew gezmekde gaýdyp baradyr (Gidip baradyr).

    Agzyň aşa ýetmek – ýaşaýyş-durmuşyň gowulanmagy, kynçylykdan, horlukdan soň gowy durmuşyň başlanmagy.

    Ýaşdyň, ele ulaşdyň,

    Ýörip, ýola ulaşdyň,

    Sözläp, tile ulaşdyň,

    Nan iýdiň, aşa ýetdiň (Joşa ýetdiň).

    Ah urmak – nala çekmek, nalyş etmek.

    Älem içre bir ah ursam bir zarba,

    Eda bolar ynsan, pil gelmez gurba,

    Gaplaň güýçden galar, döner gurt gürbä,

    Guş hem gelse, ýyglap geçer halymga (Ýyglap geçer halymga).

    Ahyrýet öýi – mazar, gör, gabyr.

    Agyr döwletlere köňül goýmady,

    Bu jahanyň eşretini söýmedi,

    Eski şaldan artyk puşeş geýmedi,

    Ahyrýet öýi boldy kasdy atamyň (Atamyň).

    Ahyrýet öýüne eltmek – jaýlamak, gabyra salmak.

    Ahyrýet öýüne eltip salarlar,

    Hak rehmet etsin diýp doga kylarlar,

    “Män Repbuk” diýp, Müňker-Nekir gelerler,

    Jogabyn bermeseň, waýlary bardyr (Ýaýlary bardyr).

    Ahyrýet sözüni sözlemek – ahyretde, kyýamatda boljak zatlar hakynda gürrüň etmek.

    Mollalar ahyrýet sözün söýlärler,

    Müňkür olma, gerçek işdir, eýlärler,

    Kim biler ki, ahyrýetde neýlärler,

    Iýip-içip, münüp-guçup öt ýagşy (Ýat ýagşy).

    Ahyrýetiň gamyny iýmek – kyýamat hakynda aladalanmak.

    Bäş wagty berjaý kyl, musulman bolsaň,

    Bilip ahyrýetiň, gamyny iýseň,

    Janyň barlygynda haýyr gazansaň,

    Akmaga dünýäniň maly ýagşydyr (Gymmat ýagşydyr).

    Ajal çeňinden gutulmak – ölmän galmazlyk, ölmezlik.

    Bir zaman hoş bolup, ganymat ýörüň, Dünýäniň wepasy bolmaz, ýaranlar.

    Gutulan ýok ajal çeňinden, görüň,

    Janly zatdan jan gutulmaz, ýaranlar (Bolmaz, ýaranlar).


    Soňky täzelikler

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L) surady

    20/01/2024

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I)
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI