Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri / Magtymgulynyň eserleri — dost-doganlyk köprüsi
    Magtymgulynyň eserleri — dost-doganlyk köprüsi surady
    05/07/2023

    6761

    Magtymgulynyň eserleri — dost-doganlyk köprüsi

    Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler indi birnäçe wagt bäri halkara derejede giňden dabaralandyrylýar. Bu ajaýyp waka mynasybetli şahyryň goşgularynyň, ol barada ýazylan eserleriň dünýä dillerinde neşir edilmegi beýik akyldaryň edebi mirasynyň halklary jebisleşdirýän dost-doganlyk köprüsidigini aýdyň görkezýär.

    Magtymgula tagzym

    Magtymguly Pyragy indi ençeme onýyllyklardan bäri milli söz sungatyna gadam goýan her bir döredijilik adamynyň ruhy halypasy hasaplanýar. Şonuň ýaly-da, onuň ruhy dünýäsi döwürdeş şahyrlarymyzyň-da ylham çeşmesine, göwün joşuna öwrüldi. Muňa Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Magtymgula tagzym» atly täze kitap hem aýdyň şaýatlyk edýär. Kitaba döwürdeş şahyrlarymyzyň Gündogaryň nusgawy şahyryna bagyşlap döreden murapbag, kasyda, nezire, rubagy, akro, tahmys ýaly dürli görnüşlerde ýazan goşgularydyr poemalary girizildi. Şygryýet eserlerinde Gahryman Arkadagymyzyň,

    Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Magtymguly Pyraga goýulýan belent hormat-sarpa, dana şahyryň edebi mirasy we onuň dünýä edebiýatynda tutýan ägirt uly orny çeper wasp edilýär. Giriş makalasynda bellenilişi ýaly, kitapdaky goşgularyň her biri şahyrlaryň ussada hormatyny, söýgüsini beýan edýär. Dana şahyryň umman ýaly çuň, daglar ýaly belent paýhas dünýäsi döredijilik äleminde gaýnap-joşýan adamlaryň ylham çeşmesidir. Magtymgulynyň eserlerini okap, göwni ganatlanmaýan, kalby joşmaýan adam ýok bolsa gerek. Ýöne şahyrlar üçin dana Pyragynyň paýhas dünýäsi has-da özüne çekijidir, ruhlandyryjydyr.

    Pyragy türkiýeli alymyň gözi bilen

    Golaýda Türkiýe Respublikasynda filologiýa ylymlarynyň doktory Ahmet Buranyň türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy barada türk dilinde «Sözi ganatlandyran şahyr — Magtymguly» atly kitaby çapdan çykdy. Türk alymy 300 sahypadan ybarat neşirinde kitabyň söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna niýetlenip ýazylandygyny, türkmen akyldarynyň döredijiliginden halk agzybirligi, ýurt asudalygy hem-de Garaşsyz döwlet gurmak, ynsanperwerlik, halallyk, adalatlylyk ýaly umumadamzat ähmiýetli düşünjeleriň eriş-argaç bolup geçýändigini belleýär. Üç bölümden ybarat bolan kitabyň ylmy düşündirişlere berk esaslanýandygyny aýratyn bellemek gerek. Hususan-da, «Magtymgulynyň durmuş ýoly — ylmy terjimehaly», «Magtymgulynyň düşünje dünýäsi», «Magtymguly we türk aýdyňlanmasy», «Magtymguly we türkmen aýdyňlanmasy», «Magtymgulynyň edebi şahsyýeti we şygyrlary», «Magtymgulynyň diwany we nusgalary», «Magtymgulynyň şygyrlarynda dil we uslyp» ýaly bölümler bu kitapda ylmy işiň talaplarynyň ýokary derejede berjaý edilendigini tassyklaýar. Degişli bölümler täze ylmy işiň amalyýet bilen baglanyşygyny, awtoryň pikir täzeliklerini oňat häsiýetlendirýär.

    Täze kitaba syn ýazan alymlaryň pikiriçe, türk alymy türkmen akyldarynyň şygyrlary barada esasly pikirleri öňe sürýär. Bu işde ol dana şahyryň çeper pikirlenmesiniň içki logikasyny üýtgetmezden, onuň eserlerine örän dogry seljerme berýär. Täze neşir magtymgulyşynaslykda mälim bolan gymmatly ylmy neşirleriň hataryna goşulmaga doly mynasypdyr.

    Gadyrdan goňşudan gymmatly sowgat

    Mälim bolşy ýaly, ýakynda Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň» iki jiltlik ýygyndysyny sowgat hökmünde iberdi. Munuň özi soňky ýyllarda medeniýet we bilim ulgamlarynda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösüşiň täze derejesine çykandygynyň hem-de barha işjeňleşdirilýändiginiň subutnamasydyr.

    Goňşy döwletden bu gymmatly sowgadyň — ajaýyp kitabyň gelip gowuşmagy Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň halkara derejede dabaralandyrylýan günlerinde taryhy waka boldy. Ol türkmen halkynyň beýik söz ussady, akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyny mundan beýläk-de ylmy esasda öwrenmekde örän ähmiýetlidir.

    Magtymgulynyň goşgulary — arapça täze neşirde

    Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgulary arap diline terjime edilip, täze neşirde okyjylara ýetirildi. Goşgulary Bagdat döwlet uniwersitetiniň professory, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi, doktor Ybraýym Mustafa el-Hamad arap dilinde kapyýalaşdyrdy. Bu kitap Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçihanasynyň ýakyndan ýardam bermeginde 500 töweregi sahypada ýokary hilli çap edildi. 23-nji iýunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda geçirilen «Arap zybany görsem» atly ylmy-amaly maslahat hem beýik türkmen şahyrynyň goşgularynyň arap dilindäki täze neşirine bagyşlandy.

    Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň, şeýle-de daşary ýurtly myhmanlaryň, ýagny Bagdat döwlet uniwersitetiniň professory, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi Ybraýym Mustafa el-Hamad we Kaşmir uniwersitetiniň professory, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi Nasim Ahmed Şah dagynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda bellenilişi ýaly, täze neşir arap dünýäsiniň okyjylaryny beýik türkmen şahyrynyň bütin adamzat durmuşyna dahylly meseleleri gozgaýan, gymmatly pikirleri öňe sürýän baý we köptaraply döredijiligi bilen giňden tanyşdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

    Özbek doganlarymyzdan toý sowgady

    Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň ýanyndaky Halkara hyzmatdaşlyk we daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar komitetiniň, Özbegistan Respublikasyndaky Türkmen medeniýet merkeziniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bilelikde taýýarlamagynda Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleri çap edildi.

    Akyldar şahyryň bir jiltlik sowgatlyk ýygyndysynda onuň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, namartlyk, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik ýaly pelsepewi garaýyşlaryny, özüniň gündelik durmuşyny, türkmen tebigatyny beýan edýän şygyrlary saýlanyp alnypdyr. Kitapda şahyryň 270 şygry ýerleşdirilip, ol «Tubo nashr» neşirýaty tarapyndan çap edilipdir. Kitap Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň Magtymguly Pyragy barada aýdan jümleleri bilen açylýar.

    Ýeri gelende bellesek, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň başlangyjy bilen, Özbegistanyň Ministrler Kabinetiniň karary esasynda, dostlukly ýurtda «Türki dilli edebiýatyň dürdäneleri» atly 100 jiltlik eserler ýygyndysy neşir edildi. Onuň 9 jildi türkmen edebiýatyna degişli bolup, şolaryň biri-de Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanýar.

    Şanly senä bagyşlanan neşir

    Bilşimiz ýaly, golaýda paýtagtymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat ýokary guramaçylykly geçirildi. Onuň çäklerinde doganlyk Türkiýede «Nokta» neşirýaty tarapyndan çap edilen «Türkmeniň ruhy atasy Magtymguly hakynda rowaýatlar» atly kitabyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Kitapda türkmen we türk dilinde akyldaryň durmuşyna degişli halk arasyndaky rowaýatlardyr tymsallara, dürli ýyllarda magtymgulyşynas alymlar, dünýä belli edebi şahsyýetler tarapyndan şahyryň ruhy dünýäsine, döredijiligine bagyşlanyp ýazylan makalalara, beýan edilen pikir-garaýyşlara uly orun berilýär.

    Alymlar Söner Saglam we Rahymmämmet Kürenow tarapyndan taýýarlanan işde 2014-nji ýylda ýurdumyzda neşir edilen «Magtymguly hakyndaky rowaýatlar» hem-de «Köňül nagyşlary» atly kitaplar esas edilip alnypdyr. Täze kitap türkiýeli okyjylary, şol sanda tutuş türki dünýäni türkmen ruhunyň almaz täjine deňelen söz ussadynyň ömür ýoluna degişli maglumatlardyr oňa dünýä ýüzünde goýulýan egsilmez hormat-sarpany özünde jemleýän pikir-garaýyşlar bilen giňden tanyşdyrmakda örän ähmiýetlidir.


    Makala "Türkmenistan" gazetinde 05.07.2023ý. senesinde çap edilen

    https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/110913

    Soňky täzelikler

    СОЦИАЛЬНО-ФИЛОСОФСКОЕ НАСЛЕДИЕ МАХТУМКУЛИ ФРАГИ: ПРЕЕМСТВЕННОСТЬ ИДЕЙ МИРА, ГУМАНИЗМА И НАЦИОНАЛЬНОГО ЕДИНСТВА II ЧАСТЬ surady

    01/05/2024

    СОЦИАЛЬНО-ФИЛОСОФСКОЕ НАСЛЕДИЕ МАХТУМКУЛИ ФРАГИ: ПРЕЕМСТВЕННОСТЬ ИДЕЙ МИРА, ГУМАНИЗМА И НАЦИОНАЛЬНОГО ЕДИНСТВА II ЧАСТЬ
    Социально-философское наследие Махтумкули Фраги: преемственность идей мира, гуманизма и национального единства I часть surady

    01/05/2024

    Социально-философское наследие Махтумкули Фраги: преемственность идей мира, гуманизма и национального единства I часть
    Contrastive study of the predicate in the poems of Magtymguly Pyragy (based on English translation) surady

    09/05/2023

    Contrastive study of the predicate in the poems of Magtymguly Pyragy (based on English translation)
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI