Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Bildirişler / “Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty” atly onlaýn test bäsleşigi
    “Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty” atly onlaýn test bäsleşigi surady
    22/01/2024

    5161

    “Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty” atly onlaýn test bäsleşigi

    Ýaş Diplomatlar mekdebiniň agzalarynyň, “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl paýhas bäsleşigine gatnaşyjylarynyň hem-de ýurdumyzyň ähli mekdep okuwçylarynyň arasynda Magtymgulynyň hoşniýetli goňşuçylyk baradaky şygyrlaryna bagyşlanan test olimpiadasyny geçirmek barada
    DÜZGÜNNAMA
    Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynda”, “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 – 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynda”, “Türkmenistanda umumybilim berýän mekdepleriň V, VIII, IX, X, XI, XII synplary üçin Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça okuw maksatnamasynda”, “Türkmenistanda umumybilim berýän mekdepleriň V-XII synplary üçin edebiýat dersi boýunça okuw maksatnamasynda” ylym-bilim işgärleriniň öňünde goýlan wezipelerden ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek, olaryň okuw dersleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak, ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek, orta we ýokary okuw mekdepleri bilen netijeli aragatnaşygy ýola goýmak, ýaşlary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2024-nji ýylyň 6-njy martynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda “Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty” atly onlaýn test bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenilip düzüldi.  
    1. Umumy düzgünler
    1.1. Şu Düzgünnama ýurdumyzyň 10-11-nji synp mekdep okuwçylarynyň arasynda Magtymguly Pyragynyň hoşniýetli goňşuçylyk baradaky şygyrlaryna bagyşlanan bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, bu bäsleşigi geçirmegiň düzgünlerini kesgitleýär.
    1.2. Bäsleşigiň esasy maksady Ýaş Diplomatlar mekdebiniň agzalarynyň, “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl paýhas bäsleşigine gatnaşyjylaryň hem-de ýurdumyzyň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda bilimli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
    1.3 Bäsleşigiň guraýjysy hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş Diplomatlar mekdebi çykyş edýär.
    1.4. Bäsleşigi geçirmegiň möhletleri we şertleri şu Düzgünnamada kesgitlenilýär hem-de bu maglumatlar Institutyň resmi web-saýtynda (iirmfa.edu.tm) ýerleşdirilýär.
    2. Bäsleşigi geçirmegiň maksatlary we wezipeleri
    2.1. Ýaş Diplomatlar mekdebiniň agzalarynyň, “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl paýhas bäsleşigine gatnaşyjylaryň hem-de ýurdumyzyň ähli mekdep okuwçylarynyň Magtymguly Pyragynyň parahatsöýüjilik, dost-doganlyk, döwrüň wakalaryny öz içine alýan goşgularynyň üsti bilen okuwçy ýaşlarda watansöýüjilik, ruhubelentlik, ahlaklylyk duýgularyny terbiýelemek.
    2.2. Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň üsti bilen häzirki wagtda Berkarar döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň many-mazmunyny düşündirmek.
    2.3. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda aýratyn zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak üçin şertleri döretmek, ýaşlaryň arasynda ylmy-bilimi ýaýratmak we öňe sürmek.
    2.4. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçy ýaşlaryny mundan beýläk-de bilimlerini kämilleşdirmäge höweslendirmek we döredijilige ruhlandyrmak.
    2.5. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda daşar syýasat bilen gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak.
    3. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi
    3.1. Bäsleşige Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 10-11-nji synp okuwçylary gatnaşyp bilerler.
    3.2. Okuwçylar barada soralýan maglumatlary şu Düzgünnama goşulýan 1-nji Goşundydaky nusga laýyklykda 2024-nji ýylyň 20-nji fewralyna çenli Düzgünnamada görkezilen elektron salga ugratmalydyr. 27.02.2024 senä çenli ugradylan elektron-poçtalara gatnaşyja login-parol iberiler.
    3.3.Bäsleşigiň resmi dili türkmen dilidir.
    3.4. Bäsleşigi geçirmek üçin institut tarapyndan Guramaçylyk topary döredilýär.
    3.5. Bäsleşik onlaýn test görnüşden ybarat bolar. Bäsleşige gatnaşyjylara 100 sany sorag bolan test soraglary berler.
    3.6. Bäsleşikde ýokary netijeleri gazanan okuwçylar ýeňiji diýlip yglan ediler (sanawy institutyň web-saýtynda ýerleşdiriler).
    4. Bäsleşigi guraýjylar bilen habarlaşmak üçin maglumatlar
    Goşundy 1.
    Bäsleşige gatnaşmak üçin hödürlenilýän okuwçylar barada Guramaçylyk toparyna berilmeli maglumatlaryň nusgasy.

    T/b
    Familiýasy, ady we atasynyň ady
    Suraty
    Doglan ýyly
    Ýaşaýan ýeri
    Mekdebi
    Synpy
    Öý telefon belgisi
    El telefon belgisi
    Elektron poçtasy
    1
    Ataýew Ata Ataýewiç
    3x4
    19.02.2008ý.
    Aşgabat şäher Aga Berdiýew köç. jaý 33
    № 6
    11
    223344
    +99365656565
    aman@gmail.com

    Guramaçylyk topary
    Tel.: +99364037176
    E-poçta: akmyradowasuray03@gmail.com




    Edebiýatlaryň sanawy:

    1. Gurbanguly Berdimuhamedow Älem içre at gezer. Roman.- Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011.

    2. Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet guşy. Roman.- Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2013.

    3. Berdimuhamedow S. Ýaşlar- Watanyň daýanjy. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2023.

    4. Amansähedow M. we başg. Edebiýat. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň V synpy üçin okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017.

    5. Ýazymow O. we başg. Edebiýat.Umumy orta bilim berýän mekdepleriň VI synpy üçin okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2018.

    6. Küllekow Ş. we başg. Edebiýat. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň VII synpy üçin okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

    7. Geldiýew G., Mämmetgurbanow M. Edebiýat. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň VIII synpy üçin okuw kitaby. - A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020.

    8. Geldiýew G. Edebiýat. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň IX synpy üçin okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016.

    9. Allakow J. we başg. Edebiýat. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň X synpy üçin okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2018.

    10. Allakow J. we başg. Türkmen edebiýaty. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň rus dilinde okadylýan XI synpy üçin synag okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014.

    11. Nuryýew A., Moşew M. Türkmenistanyň taryhy. XVII–XX asyrlar. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň IX synpy üçin okuw kitaby. - A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017.


    Test synaglary

    Soňky täzelikler

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY surady

    06/05/2025

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY
    II halkara bäsleşik surady

    28/04/2025

    II halkara bäsleşik
    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK! surady

    22/04/2025

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI